TAGAŞYKLY [tağaşykly], syp. Çemeli, jaýba-
jaý, ýerbe-ýer, oňaýly. Tagaşykly hereket.
TAGAŞYKLYLYK [tağaşyklylyk], at. Tagaşykly
ýagdaýda bolmaklyk, çemelilik, oňaýlylyk.
TAGAŞYKSYZ [tağaşyksyz], syp. Tagaşykly
däl, çemesiz, gödek, oňaýsyz. Tut agajy tagaşyksyz
yranyp, ýapraklarynyň üstünde günüň yşygyna
bulduraşyp duran damjalary aşak dökýärdi (H.
Ysmaýylow).
TAGAŞYKSYZLYK
[tağaşyksyzlyk],
at.
Tagaşykly bolmazlyk.
TAGAT [ta:ğat], at, ser. Takat. Tapyşyk ýaşlygyň
bagtly sagady, Tapyşyk belläniň bolmaz tagady (A.
Kekilow).
Tagat çekmek ýatman oturmak, oturyp
geçirmek, gijäni ukusyzlykda geçirmek. Hüwi ýaly
bütin gijäni tagat çekip geçirýärdi (N. Pomma).
TAGBYR [tağvy:r], at, k.d. Ýorgut (görlen düýş
hakynda). Bu düýşüň tagbyryn bir-bir ýoraýyn, Sabyr
eýlegil indi geler Ezberiň (
Şasenem – Garyp
).
TAGBYRÇY [tağvy:rçy], at, k.d. Ýorgudyny
aýdýan adam, ýorujy, manysyny düşündiriji (görlen
düýş hakynda). Gören düýşüňi aýdyber, menem
tagbyrçydyryn (
Görogly
).
TAGBYRÇYLYK [tağvy:rçylyk], at, k. d.
Tagbyrçynyň ýagdaýy, käri. Öwez hem onuň
tagbyrçylygyna ynandy (
Görogly
).
TAGLYM [tağly:m], at, k. d. Tälim, öwüt-ündew,
maslahat, pikir. Öwüt tutmaz öwüt berseň bir pese,
Ýagşy taglym ýaman ýara ýaraşmaz (Zelili).
TAGLYMAT [tağly:ma:t], at. Bir waka, hadysa
hakynda ylmy nukdaýnazardan esaslandyrylan
kanunlaryň jemi.
TAGMA [tağma], at. 1. Dowarlaryň, iri mallaryň
haýsy hojalyga, şahsa degişlidigini bildirmek üçin
gyzdyrylan sim, syndy ýaly zatlar bilen olaryň
endamyna, gulagyna basylyp salynýan nyşan, alamat,
bellik. 2. Bir zatda edilýän ýönekeý bir bellik. Onuň
daşyna öz tagmasyny bassyn, soň tanap alar ýaly (B.
Seýtäkow). 3. göç.m. Çekilen ejirden, horlukly
günden galýan yz, nyşan. Dogrusyny dogry aýtsaň,
Ahmediň endam-jany ýarag tagmasyndan ýaňa
persalady (A. Nazarow). – Şol boýnundaky gyranyňy
ber, keýgim – diýip, ejesi onuň ýüzünde özleriniň agyr
durmuşlarynyň tagmasyny gördi (H. Derýaýew).
TAGMALAMA
[tağmalama],
iş
ady.
Tagmalamak ýagdaýy. Ol mallary tagmalama işini
wagtynda gutardy.
Do'stlaringiz bilan baham: |