Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TANSÇYLYK [tanysçylyk], at. Tans sungaty.  Tansçylyk mekdebi.  TANYG


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet572/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   568   569   570   571   572   573   574   575   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TANSÇYLYK [tanysçylyk], at. Tans sungaty. 
Tansçylyk mekdebi. 
TANYG [tanyğ], kön.s. 1. syp. Mälim, belli, 
äşgär. 2at. Şaýat. 
TANYMALsyp. Tanamaga ökde, tangyr. 
TANYMAL [tany:mal], syp. Zähmetde, işde we 
ş. m. zatlarda özüni tanadan, ile belli, meşhur bolan.
TANYMALLYK [tany:mallyk], at. Zähmetde, 
işde we ş. m. ile bellilik, meşhur bolanlyk. 
TANYŞ-BILIŞLIK [tanyş-vilişlik], at. Tanyşlyk, 
ýakyn gatnaşykda bolmaklyk. 
TANYŞDYRMAKişl. 1. Birini başga biri bilen 
tanyş etmek. Men ony bir gyz bilen tanyşdyrdym. 
Men seni bir adam bilen tanyşdyraýyn (B. 
Seýtäkow). 2. Birini bir zat, mesele, ýagdaý we ş.m. 
bilen tanyş etmek. 
TANYŞLYK, at. 1. Bir iş, ýagdaý we ş. m. zat 
bilen öňden tanyş bolmaklyk. Radio bilen 
tanyşlygyň barmy? – diýip, ondan sorady (A. 
Gowşudow). 2. Biri-birini tanaýan, tanyş adamlar 
arasyndaky gatnaşyk. Hal Mergen bolsa häzirki 
tanyşlyga juda şatlanyp öz ýerinde galdy (A. 
Gowşudow).

Tanyşlyk açmak gatnaşygy ýola goýmak, 
tanyşmak. Siziň bilen tanyşlyk açanyma örän 
şatdyryn. 
TANYŞMAKişl. 1. Bir mesele, iş we ş. m. bilen 
tanyş bolmak. Hem-ä gezim boldugy bor, hemem köp 
ýerler bilen tanşarsyň (R. Gelenow). 2. Biri bilen 
tanyşlyk açmak. 3. Tanyşmak işliginden soň durmak 
kömekçi işligi gelip, düzümli işlik ýasalýar: Tanşyp 
durmak wagtal-wagtal tanyşmak; birsyhly tanyşmak. 
Köpden 
bäri 
lukmançylyk 
bilen 
meşgullanmaýandygyma garamazdan, häzirki zaman 
lukmançylygyndaky 
özgerişlikler, 
medisina 


349 
tehnologiýalary bilen tanşyp durmagy dowam 
etdirýärin 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek 
bagtdyr). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   568   569   570   571   572   573   574   575   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling