Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- TALANMAK
- TALAŇÇYLYK
- TALAP
- TALAPKÄRÇILIK
- TALAPLYLYK
- Talaş etmek
- TALATMAK
- TALAWLAŞMAK
- TALAWLAÝYŞ [talowloýuş], iş ady. Talawlamak ýagdaýy. TALAÝYŞ
Talak haty nikanyň bozulýandygyny tassyklaýan şahadatnama. TALAMA [ta:lama], iş ady. Talamak ýagdaýy. TALAMAK [ta:lamak], işl. Biriniň emlägini, zadyny güýç bilen, zorluk bilen elinden almak. TALAMAKLYK [ta:lamaklyk], iş ady. Talamak ýagdaýy. Birini talamaklyk gowy zadyň üstünden eltmez. TALANMAK [ta:lanmak], işl. Emlägi elinden güýç bilen zorluk edilip alynmak. TALANT [tala :nt], at. Aýratyn zehin, özboluşly ukyp. Her kim öz ugruna talantdyr, / talant! (G. Ezizow). TALANTLY[tala:ntly], syp. Talanty bar bolan. Talantly ýazyjy. TALAŇ [ta:laň], at. Biriniň emlägini, zadyny güýç ulanyp, zor bilen basyp alyş. Iki göç-de bir talaň (Nakyl). TALAŇÇYLYK [ta:laňçylyk], at. Talaň bilen meşgullyk, garakçylyk. TALAŇÇYLYKLY [ta:laňçylykly], syp. Talaň salynýan, talaňa düşýän. TALAŇLY [ta:laňly], syp. Talaň salnan, talaň düşen. Oňarman, iki eliňi burnuna sokup gelseň-de, başyň ölümli, malyň talaňly (B. Seýtäkow). TALAP, at. 1. Hökmany ýerine ýetirmek şerti bilen edilýän berk buýruk. 2. Kanuny isleg. Söwda işgärleri alyjylaryň ösen talabyny ödäp bilmelidir. 3. Iş, zähmet, gazanç. Ol talap gözläp, nireleredir aýlap-ýyllap çykar giderdi (N. Saryhanow). Talap etmek 1) tutanýerlilik bilen soramak. Söz arasyna söz goşmazlygy, sözleýäne päsgel bermezligi talap edýärin (B. Kerbabaýew). 2) kireýine iş etmek, gazanç etmek. Görogly düýn talap eder ýaly bir amatly ýer görüpdi ( Görogly ). TALAPKÄR [talapkä:r], syp. 1. Talap ediji. Talapkär tomaşaçylar täze oýundan hoşal boldular. 2. Iş, zähmet, gazanç edýän. Ol köp işleýän, talapkär, zähmetkeş adam. TALAPKÄRÇILIK [talapkä:rçilik], at, ser. Talapkärlik. TALAPKÄRLIK [talapkä:rlik], at. Talap edijilik, talap bildirmeklik. TALAPLY, syp. Zähmet çekip, işläp, gazanç edýän, gazançly. Oglum, sen talaply ogul bolmaga çemeliň! ( Görogly ). TALAPLYLYK, at. Zähmet çekip, gazanç edip bilmeklik, gazançlylyk. TALAPNAMA [talapna:ma], at. Birine ýa bir edara, kärhana bildirilýän, hödürlenýän talap haty. TALAŞ, at, şahyr. Iş-pişe, endik, dalaş. El götergil beýle nähak talaşdan, Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan (Magtymguly). Talaş etmek elde baryny edip işlemek, jan etmek, dalaş etmek. TALAŞMAK [ta:laşmak], işl. Bilelikde talamak, talamaga gatnaşmak. TALATDYRMAK [ta:latdyrmak], işl. Biriniň öýüni, emlägini başga birine zorluk bilen aldyrmak. TALATMAK [ta:latmak], işl. Talamaga mejbur etmek, talamaga ýol bermek. TALAWLAMA [talowlomo], iş ady. Talawlamak ýagdaýy. Ol taýagyny talawlamasyny barha çaltlandyrýardy. TALAWLAMAK [talowlomok], işl. Eýläk- beýläk bulaýlamak, salgamak. TALAWLAMAZLYK [talowlomozluk], iş ady. Talawlamak hereketini etmezlik. TALAWLAŞMAK [talowloşmok], işl. Bir zady (taýagy, gamçyny) bilelikde bulaýlamak, salgamak. TALAWLATMAK [talowlotmok], işl. Eliňdäki taýagy we ş.m. dik galdyryp, eýläk-beýläk hereketlendirmek. Eliňdäki taýagyi talawlatmak. TALAWLAÝYŞ [talowloýuş], iş ady. Talawlamak ýagdaýy. TALAÝYŞ [ta:laýyş], iş ady. Talamak ýagdaýy. TALGAT [talğat], at, k.d. Görk, görmek, keşp. Mahy talgat boldy gaýyp, nury iman kaýdadyr (Allaguly Allahy). TALGATLY [talğatly], syp., k. d. Görkli, görmekli. Apytap talgatly husny meşhuryň, Bir şirin tilliniň dagy men, dagy ( Şasenem – Garyp ). TALH, syp. Ajy. Talha döndi agzym baly, Ösdi aýralyk şemaly ( Şasenem – Garyp ). Baraly, soraly, nedir ahwaly, Biziň üçin talhmy aby-zülaly (Zelili). TALHAN, at. Gowrulan una ýa-da gowurga ununa toşap garylyp taýýarlanýan iýmit. Allaý-allaý alhanym, Bal goşulan talhanym (Hüwdüden). Çörek çeýneý bilmez, talhandyr aşy, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! (Magtymguly). TALWAS [talwa:s], at, ser. Telwas. ...Däli köňlüm talwas eder güllere (Kemine). TALYP [ta:ly:p], at,taryh. 1. Orta dini bilim berýän medresäniň okuwçysy. Egindeş talyplar bilen bilelikde tälim almak onuň ýetip bilmeýän arzuwydy (G. Kulyýew). 2. Ýokary we ýörite orta bilim berýän dünýewi okuw jaýynda okaýan okuwçy. Institutyn talyby. TALYPLYK [ta:ly:plyk], at. Talyp bolmaklyk, talybyň ýagdaýy. Talyplyk ýyllary. TAM [ta:m], at. Gurluşyk enjamlaryndan ýaşaýyş we hojalyk bähbitleri üçin salynýan kiçiräk jaý. Tam üstünde tamymyz, Goşadyr eýwanymyz (Halk 347 döredijiliginden). Ýykyljak tamy bir kerpiç daýamaz (Nakyl). Edil şol demde gara öýüň bäş ädim öňündäki daş tamyň gapysy şarkyldap açyldy-da, işigiň eňsisi serpilen gara öýüň bosagasynda Enebaý ejäniň äpet göwresi peýda boldy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). Ol ýüzüni aşak salyp, ýeňsesinden iterilen ýaly, göni tamyna gitdi (A. Durdyýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling