Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TANKÇY [taňkçy], at, harby. Tank goşunlarynyň  esgeri, tank sürýän esger.  TANKYDY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet571/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   567   568   569   570   571   572   573   574   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TANKÇY [taňkçy], at, harby. Tank goşunlarynyň 
esgeri, tank sürýän esger. 
TANKYDY [tanky:dy / taňkydy], syp. Tankyda 
degişli, tankyt häsiýetli, tankytly.
TANKYT [tanky:t / taňky:t], at. 1. Birine ýa-da 
bir zada baha bermek üçin derňemek, ara alyp 
maslahatlaşmak. Edebi tankyt. 2. Kemçilikleri ýüze 
çykarmak üçin edilýän düýpli bellikler. 
TANKYTÇY [tanky:tçy / taňky:tçy], at. 1
Biriniň edýän işini, hereketini, özüni alyp barşyny 
tankyt edýän adam. 2. Çeper eserlere tankydy göz 
bilen garaýan we baha berýän edebi işgär. 
TANKYTÇYSUMAK 
[tanky:tçysumok 

taňky:tçysumok], at. Bolgusyz tankytçy, zoraýakdan 
tankytçy boljak bolýan adam. Garýagdynyň dosty 
tüýs gybatçydy, tankytçysumakdy (A. Kowusow). 
TANKYTLAMA [tanky:tlama / taňky:tlama], iş 
ady. Tankytlamak ýagdaýy. 
TANKYTLAMAK 
[tanky:tlamak 

taňky:tlamak], işl. Tankyt etmek, biriniň ýa-da bir 
işiň kemçiliklerini, ýalňyşlaryny aýtmak. 
TANKYTLAMAKLYK 
[tanky:tlamaklyk 

taňky:tlamaklyk], iş ady. Tankytlamak ýagdaýy. 
TANKYTLANMAK 
[tanky:tlanmak 

taňky:tlanmak], işl. Tankyda sezewar bolmak, tankyt 
edilmek, ýazgarylmak. Ýöne welin bu ýerde 
tankytlanan ýoldaşlar näderkäler (B. Pürliýew).
TANS [tanys], at. 1. Sazly ýerine ýetirilýän 
sazlaşykly hereketlerden durýan sungat. Ýaşlar tans 
edýärler. 2. gepl.d. Köpçülikleýin tans edilýän ýer. 
Ol joralary bilen tansa gitdi. 

Tans edersiň 

etmäbilseň etme, etmejek 
bolubam gör

diýen manyny berýär. Meniň diýenimi 
etmän tansam edersiň. Tans etmek tansy ýerine 
ýetirmek. 
TANSÇY [tanysçy], at. Tans oýnuny ýerine 
ýetirýän, ökde tans edýän adam. Siz ilkinji suratda 
gyzlaryň tansçylar toparyndan birnäçesiniň hytaý 
tansyny ýerine ýetirişini görýärsiňiz (

Nesil

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   567   568   569   570   571   572   573   574   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling