Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAŇKYLDAÝYŞ  [taňkyllaýyş],  iş  ady.  Taňkyldamak ýagdaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet574/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   570   571   572   573   574   575   576   577   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAŇKYLDAÝYŞ 
[taňkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Taňkyldamak ýagdaýy. 
TAŇKYLDY [taňkylly], at. Tüpeň atylanda ýa-
da iki sany demir biri-birine batly degende çykýan 
sesiň ady. Ol atlanyp depende, uzakdan tüpeň 
taňkyldysy hem eşidildi (B. Kerbabaýew). 
TAŇKYRAMAiş ady. Taňkyramak ýagdaýy. 
TAŇKYRAMAK, işl. Içi suwuklykdan boşap 
galmak, gabyň içinde suw, nem galmazlyk, takramak. 
Taňkyrap ýatan jar. 
TAŇKYRATMAK, işl. Gapdaky suwy alyp 
gutarmak, gaby boşatmak, takratmak. Iki owurtlanda 
jürdegi taňkyratdy. 
TAŇLAat. 1. Ertir. Bu gün geler çapar, azanda 
geler çapar, taňla geler çapar (

Görogly

). Bu gün 
munda ryzk eder sen özüňe, Taňla gara bolar roýuň 
çilimkeş (Zelili). Taňla ol magşar güni tarhany sen-
sen bulagyň (Mätaji). 
TAŇŇYRat. 1. Suwuklyk guýulýan bokurdakly 
demir gap, tüňňür. Nebit taňňyry. Süýt taňňyry. 2. Kir 
ýuwmak we ş. m. üçin ulanylýan legen. 
TAŇŇYRDAMAiş ady. Taňňyrdamak ýagdaýy. 
TAŇŇYRDAMAKişl. Taňňyrdyly ses çykmak, 
taňňyrdyly seslenmek, taňňyrdyly ses etmek. 
Arabanyň üstündäki taňňyrlar biri-birine degip 
taňňyrdaýardy. 
TAŇŇYRDATMAK, işl. Gap-gaçlary, demirleri 
urup, taňňyrdyly seslendirmek. Ol bedräniň düýbüne 
eli bilen kakyp, ony taňňyrdatdy. 
TAŇŇYRDAÝYŞ
iş 
ady. 
Taňňyrdamak 
ýagdaýy. 
TAŇŇYRDY, at. Taňňyr ýa-da demir gaplaryň 
biri-birine degmegi, urulmagy sebäpli çykýan sesiň 
ady. Birden gapdaldaky howludan taňňyrdy eşidildi. 
TAŇRY, at. Hudaý. Bermezek taňrydan irmezek 
awçy alar (Nakyl). Taňry üçin bu sözümni, Ol gaşy 
kemana ýetir (

Hüýrlukga – Hemra

). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   570   571   572   573   574   575   576   577   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling