Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
TAPAWUTLANMA [tapa:wutlonmo], iş ady.
Tapawutlanmak ýagdaýy. TAPAWUTLANMAK [tapa:wutlonmok], işl. Tapawut etmek, tapawutly bolmak, parh etmek, parhly bolmak. Daşyndan göräýmäge bu adamyň beýleki adamlardan tapawutlanýan ýeri ýok ýalydy (T. Taganow). TAPAWUTLANMAKLYK [tapa:wutlon- mokluk], iş ady. Tapawutlanmak ýagdaýy. 350 TAPAWUTLANMAZLYK [tapa:wutlonmoz- luk], iş ady. Tapawut etmezlik. TAPAWUTLANYŞ [tapa:wutlonuş], iş ady.Ta- pawutlanmak ýagdaýy. TAPAWUTLY [tapa:wutly], syp. Beýlekilerden üýtgeşik, parhly, tapawut edýän. Beýlekilerden tapawutly eser. TAPAWUTLYLYK [tapa:wutluluk], at. Tapawudy barlyk, beýlekilere meňzeş dällik, üýtgeşikligi barlyk, parhlylyk. TAPAWUTSYZ [tapa:wussuz], syp. Beýlekilerden üýtgeşik tapawudy bolmadyk, özgelerden parhly bolmadyk, tapawut etmeýän, meňzeş. Atlar üçin bu ýol tapawutsyzdy (A. Gowşudow). TAPAWUTSYZLYK [tapa:wussuzluk], at. Tapawudy bolmazlyk,beýlekilerden üýtgeşik ýeri bolmazlyk, özgelerden parhy bolmazlyk, tapawut etmezlik, meňzeşlik. TAPBA, hal. Birden, duýdansyz. Bu sözlere gyzyň ýüzi nar ýaly gyzaryp, gawun iýmesini tapba kesdi (T. Gurbanow). TAPBAT [tapba:t], at. Eliň aýa tarapy, eliň iç ýüzi. TAPBATLAMA [tapba:tlama], iş ady. Tapbatlamak ýagdaýy. TAPBATLAMAK [tapba:tlamak], işl. Peliň, ýeriň, raýyşyň we ş. m. ýüzüni piliň arkasy bilen urup endiganlamak, berkitmek. Basylan böwedi ýene bir gezek tapbatlamagyň näme aýby bar (B. Kerbabaýew). TAPBATLAMAKLYK [tapba:tlamaklyk], iş ady. Tapbatlamak ýagdaýy. TAPBATLANMAK [tapba:tlanmak], işl. Pel, raýyş, böwet we ş. m. piliň arkasy bilen urlup berkidilmek. TAPBATLAŞDYRMAK [tapba:tlaşdyrmak], işl. Birnäçe gezek tapbatlamak. Ol peliň gyralaryny pil bilen tapbatlaşdyrdy. TAPBATLAŞMAK [tapba:tlaşmak], işl. Tapbatlamak işine kömekleşmek; bilelikde tapbatlamak. TAPBATLATDYRMAK [tapba:tlatdyrmak], işl. Tapbatlamagy başga birine etdirmek. Ol pelleri oglanlara tapbatlatdyrdy. TAPBATLATMAK [tapba:tlatmak], işl. Tapbatlap berkitdirmek. Tapbatlatmak işi. TAPBATLAÝYŞ [tapba:tlaýyş], iş ady. Tapbatlamak ýagdaýy. TAPBYLDAMA [tapbyllama], iş ady. Tapbyldamak ýagdaýy. TAPBYLDAMAK [tapbyllamak], işl. Tapbyldyly ses çykarmak, tapbyldyly ýöremek, tarpyldamak. TAPBYLDAMAZLYK [tapbyllamazlyk], iş ady. Tapbyldyly hereket etmezlik. TAPBYLDAŞMAK [tapbyllaşmak], işl. Birnäçe bolup tapbyldamak. TAPBYLDATDYRMAK [tapbyllatdyrmak], işl. Ýörelende aýaklaryňy ýere gatyrak urup, tapbyldyly ses çykartdyrmak. TAPBYLDATMAK [tapbyllatmak], işl. Duran ýa-da ýörän wagtyň aýaklaryňy ýere gaty urmak. TAPBYLDAÝYŞ [tapbyllaýyş], iş ady. Tapbyldamak ýagdaýy. TAPBYLDY [tapbylly], at. Ýörelende aýak sesinden ýa-da urulmakdan çykýan güňleç sesiň ady, tarpyldy. Öýde otyrkak daşarda bir tapbyldy eşidildi. TAPDYRMAK, işl. 1. Tapmaga mejbur etmek, tapar ýaly etmek, tapmak işini başga birine etdirmek. Zat hemişe tapdyrar ahyryn! (A. Gowşudow). 2. Tapmak mümkinçiligi bolmak, tapyp bolmak. Emma, näme üçindir, uzakdaky öri meýdanlarynda olaryň biri hem tapdyrmaýar ( Türkmenistan ). Gözleýän kitabym tapdyrarmyka? TAPDYRTMAK, işl. Tapmak işini başga biriniň üstüne ýükläp etdirmek. TAPGYR I, syp.Aňsatlyk bilen tapýan, tapagan. Tüweleme, tapgyr ekeniň! TAPGYR II, at. 1. Iberilýän, gelýän-gidýän, bir ýerde okadylýan adamlaryň bir gezekdäki topary, toplum. Ýakyn günlerde ýaşlarymyzyň ilkinji tapgyry Gazagystana ugrar ( Türkmenistan ). 2. Bir zadyň ösüşinde, haýsydyr bir işde aýry-aýry pursatlar. 3. Gezek, ýola, sapar. Obanyň horazlary bolsa bir tapgyr gygyryp goýdular (A. Durdyýew). TAPLAMA [ta:plama], iş ady. Taplamak ýagdaýy. TAPLAMAK [ta:plamak], işl. 1. Gyzdyrmak arkaly çekiçläp, ýenjip ýiteltmek (pyçak, pil we ş. m. hakynda). Ussa meniň kätmenimi taplaman, elime berdi (A. Gowşudow). 2. Ýasalan metal önümleriniň berkligini artdyrmak üçin olary gaýtadan gyzdyryp, soňra suwa, ýaga sokup suw bermek. Bu palta gowy taplanypdyr. 3. göç.m. Durmuşda, zähmetde berkemek, bekemek, bişişmek. TAPLAMAKLYK [ta:plamaklyk], iş ady. Taplamak ýagdaýy. TAPLAMAZLYK [ta:plamazlyk], iş ady. Taplamak işini etmezlik. TAPLANMAK [ta:planmak], işl. 1. Gyzdyrylyp, ýenjilip ýüzi ýiteldilmek (pyçak, pil we ş. m. hakynda). 2. Metal önümler gaty berk edilmek üçin gyzarýança gyzdyrylyp suwa, ýaga sokulyp, suw berilmek. 3. göç.m. Berkemek, kämilleşmek, bişişmek, terbiýelenmek. –Biziň doganlarymyz otda bişip, suwda taplandy – diýip, Gajar seslendi (N. Jumaýew). 4. göç.m. Gurplanmak, daýanmak, güýje gelmek, taba gelmek. Oňa birneme taplanýança wagtal-wagtal ýokumly naharlar gerek ( Edebiýat we sungat ). 5.Taba gelmek (ýer hakynda). TAPLAŞDYRMAK [ta:plaşdyrmak], işl. Birnäçesini ýa-da hemmesini taplap çykmak. Ussa orak, pyçak, palta, pil ýaly gurallaryň hemmesini taplaşdyryp goýdy. TAPLATMAK [ta:platmak], işl. Taplamak işini başga birine etdirmek. Işden gaýdyp gelen daýhanlar taplatmaga goýan pilleriniň yzyndan günüň şu wagty gelýärdiler (A. Gowşudow). 351 TAPLAÝYŞ [ta:plaýyş], iş ady. Taplamak ýagdaýy. TAPMAÇA I, 1. at, ser. Matal. 2. Jogaby oýlanylyp tapylmaly edilip düzülýän çylşyrymly oýun, kim bilmeşek. 3. göç.m. Manysy öwrümli, göçme manyly söz, pikir, söz düzümi. TAPMA, işl. Tapmak ýagdaýy. TAPMAK, işl. 1. Gözläp ýa-da agtaryp, bir zady ele salmak. Tapan begener, tanan alar (Nakyl). 2. Pikirlenip, oýlanyp anygyny bilmek, anyklamak. 3. Hasap etmek, netije çykarmak. Aýdylan bellikleri dogry tapmaly. TAPMAKLYK, iş ady. Tapmak ýagdaýy. TAPSYZ [ta:psyz], syp. Taby, mejaly bolmadyk, taby gaçan, halsyz, güýçsüz. Olar tapsyz garry däl ahyry. TAPSYZLYK [ta:psyzlyk], at. Tabyň bolmazlyk, taby ýokluk, mejalsyzlyk, halsyzlyk, güýçsüzlik. TAPYLGYSYZ [tapylğysyz], syp. Deňi-taýy bolmadyk, artykmaç; gymmat bahaly. TAPYLMAK, işl. 1. Agtarylyp, gözlenip ýüze çykarylmak. Täze nebit ýataklary tapyldy. 2. Häzir bolmak, taýýar bolmak. TAPYNDY [tapynny], at. Agtarylyp, gözlenip tapylan zat. TAPYNMAK, işl. 1. Özüň üçin bir zat tapmak, bir zatly bolmak. Bizem özümize ogul tapyndyk ( Görogly ). 2. Duçar bolmak, uçramak, ýolukmak. Bu gyzyň kakasy täze kesel tapyndy (B. Pürliýew). TAPYRDADYŞMAK, işl. Birnäçe ýa-da köp bolup yzygiderli tapyrdyly ses çykarmak. Olar aýaklaryny tapyrdadyşyp, geçip gitdiler. TAPYRDAMA, iş ady. Tapyrdamak ýagdaýy. TAPYRDAMAK, işl. Düýe ýaly haýwan çaltlyk bilen ýerinden galanda, aýagyňy ýere batly urup, başly-barat, sazlaşyksyz ýörelende we ş.m. ýagdaýda tapyrdyly ses çykmak. Düýe tapyrdap ýerinden galdy. TAPYRDAMAKLYK, iş ady. Tapyrdamak ýagdaýy. TAPYRDAŞMAK, işl. Birnäçe bolup tapyrdamak. Goýunlar bir zatdan ürküp, tapyrdaşyp ördüler. TAPYRDATMAK, işl. Aýaklaryňy ýere urup tapyrdy döretmek. Ol aýaklaryny tapyrdadyp ugrady. TAPYRDAÝYŞ, iş ady. Tapyrdamak ýagdaýy. TAPYRDY, at. Düýe ýaly haýwan çaltlyk bilen ýerinden galanda, aýagyň ýere batly urlup, başly- barat, sazlaşyksyz ýörelende we ş.m. ýagdaýda çykýan sesiň ady. Itleriň sesine we süriniň tapyrdysyna ol hem derrew oýandy ( Mugallymlar gazeti ). TAPYR-TUPUR, hal. Çaltlyk bilen, örän tiz, dessine, hasyr-husur, bada-bat. Ol aýalynyň soraglarynyň birine-de jogap bermän, tapyr-tupur ýatdy (N. Saryhanow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling