Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TARLAÝYŞ, iş ady. Tarlamak ýagdaýy.  TARP


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet582/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   578   579   580   581   582   583   584   585   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TARLAÝYŞiş ady. Tarlamak ýagdaýy. 
TARP [taryp] Iat. Ekin ekilmän ýatan boz ýer.  
TARP [taryp] II, s.ş. aňl.söz. Köwüşli aýagyň 
bilen batly ýörelende we ş.m. ýagdaýda çykýan ses.
TARPA-TAÝYN [tarpa-ta:ýyn], hal. Birdenkä, 
duýdansyz. Tarpa-taýyn aradan çykmak. 
TARPDAN [tarypdan], hal. Dereginde hiç zat 
bolmazdan, düýpgöter täzeden. 
TARPLYK [taryplyk], at. Tarp meýdanlar, tarp 
ýerler.
TARP-TARP, s.ş.aňl.söz. Yzly-yzyna çykýan 
tarpyldyly sesler. 
TARPYLDAMA 
[tarpyllama], 
iş 
ady. 
Tarpyldamak ýagdaýy. 
TARPYLDAMAK [tarpyllamak], işl. Tarpyldyly 
ses çykmak, tarp-tarp edip ýöremek. 
TARPYLDAMAZLYK [tarpyllamazlyk], iş ady. 
Tarpyldyly hereket etmezlik. 
TARPYLDAŞMAK [tarpyllaşmak], işl. Birnäçe 
zat tarpyldamak. 
TARPYLDATDYRMAK [tarpyllatdyrmak], işl. 
Tarpyldatmaga mejbur etmek, tarpyldadyp durmaga 
ýol bermek, mümkinçilik döretmek. 
TARPYLDATMAK [tarpyllatmak], işl. Duran 
ýa-da ýörän wagtyň aýaklaryňy ýere gaty urmak. 
TARPYLDAÝYŞ 
[tarpyllaýyş], 
iş 
ady. 
Tarpyldamak ýagdaýy. 
TARPYLDY [tarpylly], at. Ýörelende aýak 
sesinden ýa-da urulmakdan çykýan güňleç sesiň ady. 
Böküşýär uly märeke, Çykýar gykylyk, tarpyldy (Ç. 
Aşyrow).
TARRYLDAMA 
[tarryllama], 
iş 
ady. 
Tarryldamak ýagdaýy. 
TARRYLDAMAK [tarryllamak], işl., ser. 
Tarlamak. 
TARRYLDAMAZLYK [tarryllamazlyk], iş ady. 
Tarryldyly ses çykarmazlyk. 
TARRYLDAŞMAK [tarryllaşmak], işl. Ýerli-
ýerden bilelikde tarryldamak. 
TARRYLDATMAK 
[tarryllatmak], 
işl. 
Tarryldyly seslendirip motor we ş. m. sürmek. Ol 
köneje motoryny tarryldadyp geçip gitdi
TARRYLDAÝYŞ 
[tarryllaýyş], 
iş 
ady. 
Tarryldamak ýagdaýy. 
TARRYLDY [tarrylly], at. Maşynlaryň işleýän 
wagty çykýan sesiň ady. Motoryň tarryldysy. 
TARS-TARS [tarys-tarys], s. ş. aňl. söz. Ýürek, 
damar yzly-yzyna batly uranda eşidiler-eşidilmez 
derejede çykýan ses. Ýüregim tars-tars edip urýar. 
TARSYLDAMA 
[tarsyllama], 
iş 
ady. 
Tarsyldamak ýagdaýy. 
TARSYLDAMAK [tarsyllamak], işl. Tars-tars 
edip urmak, düňküldäp güýçli urmak (ýürek, damar 
we ş. m. hakynda). Diňşirgäp kämahal birden 
durýardy, Ýüregi tarsyldap, batly urýardy (A. 
Kekilow).
TARSYLDAMAKLYK [tarsyllamaklyk], iş ady. 
Tarsyldamak ýagdaýy. 
TARSYLDAMAZLYK [tarsyllamazlyk], iş ady. 
Tars-tars edip durmazlyk. 
TARSYLDAŞMAK [tarsyllaşmak], işl. Birnäçe 
adamyň ýüregi ýa-da bir adamyň birnäçe ýeriniň 
damary tarsyldamak. Elimiň, kellämiň damarlary 
tarsyllaşyp dur. 
TARSYLDATMAK [tarsyllatmak], işl. Ýüregiňi 
urdurmak, tars-tars etdirmek. 
TARSYLDAÝYŞ 
[tarsyllaýyş], 
iş 
ady. 
Tarsyldamak ýagdaýy. 
TARSYLDY [tarsylly], at. Ýürek tars-tars edende 
döreýän eşidiler-eşidilmez sesiň ady. 
TARYH [ta:ry:h], at. 1. Adamzat jemgyýetiniň 
geçmiş hakykatyny we dürli ýagdaýyny öwrenýän 
ylym. Türkmenistanyň taryhy. 2. Geçmiş ýaşaýyş 
durmuşyna degişli ýagdaýlaryň, wakalaryň jemi, 
adamlaryň aňynda galan geçmiş. 3. Tebigatyň, 
medeniýetiň, ylmyň yzygiderli ösüşini, üýtgeýşini 
öwrenýän ylym. Sazyň taryhy. Diliň taryhy. 4. Biri 
ýa-da bir zat bilen baglanyşykly wakalaryň jemi. Biz 
onuň taryhyny bilýärdik.  

Taryha girmek taryhda yz galdyrmak. 
Taryhyň çarhy bolup durýan wakalaryň yzygiderli 
gelip-geçip durşy, zamananyň öwrülişi. 
TARYHÇY [ta:ry:hçy], at. 1. Taryh ylmy 
boýunça hünärmen. Bu ses öz eýesini tanatdy, ol şol 
Ýelli üçin sawçy bolup, Pökgeniň ýanyna baran 
taryhçy Hojamyň sesidi (A. Gowşudow). 2. gepl.d. 
Taryh mugallymy. 


354 
TARYHY [ta:ry:hy], syp. Taryha esaslanan, 
taryha degişli. Taryhy waka.
TARYP [ta:ry:p], at. Biri ýa-da bir zat hakyndaky 
öwgi, wasp, mahabat. Söwer ýaryň tarypyny aýdaly, 
Gitme, ak maralym, gel maňa garşy (Kemine). 

Taryp haty okuwçylaryň oňat ýetişigi, işgäriň 
oňat işländigi üçin berilýän sylag haty. 
TARYPÇY [ta:ry:pçy], at. Bir zadyň tarypyny 
edýän, waspyny ýetirýän. 
TARYPLAMA [ta:ry:plama], iş ady. Taryplamak 
ýagdaýy. 
TARYPLAMAK [ta:ry:plamak], işl. Birini ýa-da 
bir zady taryp etmek, wasp etmek, öwmek. 
TARYPLAMAKLYK [ta:ry:plamaklyk], iş ady. 
Taryplamak ýagdaýy. 
TARYPLAMAZLYK [ta:ry:plamazlyk], iş ady. 
Taryp etmezlik. 
TARYPLANMAK [ta:ry:planmak], işl. Biri ýa-
da bir zat taryp edilmek, öwülmek, öwgüsi 
ýetirilmek, adyna hoş söz aýdylmak, hoş söz bilen 
ady tutulmak. 
TARYPLATMAK [ta:ry:platmak], işl. Özüňi 
birine öwdürmek, adyňa öwgüli sözleri aýtdyrmak. 
Ol dostuna ýygnakda özüni taryplatdy. 
TARYPLAÝYŞ 
[ta:ry:plaýyş], 
iş 
ady. 
Taryplamak ýagdaýy. 
TARYPLY [ta:ry:ply], syp. Öwgüli. Ilki 
Hoşgeldiniň Wüşi kel hakynda aýtjak taryply 
sözlerini isledi (A. Gowşudow). 
TAS Ihal. Tasdan, neden. Her sapar çopanlaryň 
sargydyny taýýarlamak dükança tas tutuş gün diýen 
ýaly iş bolýardy (G. Gurbansähedow).
TAS II: tasa getirmek delile getirmek
delillendirmek. Özüniň ýerliksizräk beren soragyny 
tasa getirmäge dyryşdy (N. Pomma). 
TAS [ta:s], at. 1. Tabak, gap. Geldi Leýli bossana, 
tylla tasy golunda (Talyby). 2. Legen (kir ýuwulýan 
uly mis ýa-da demir gap). Suwa gitdim tas bilen, Suw 
aldym höwäs bilen (Läleden). 
TASAMA [ta:sama], iş ady. Tasamak ýagdaýy. 
TASAMAK [ta:samak], işl. 1. Gorkup, ürküp 
gaçmak, baş bermän gitmek. Tasan guzy ýaly ylgap 
gitdiler (Ç. Aşyrow). 2. Aldyrany bar ýaly ylgamak, 
hasanaklamak; howlukmaç ýöräp, ylgap gelmek, 
gitmek. Gyssanan günümde gelmedik tasap, 

Dostduryn

diýeni bilmedim tanap (G. Daşgynow). 
3. Iki ýana yranmak, eýläk-beýläk ykjamak. 
Towlanyp oýan-buýana, Tasar gara zülpüň seniň
(Halk aýdymyndan). 
TASAMAKLYK [ta:samaklyk], iş ady. Tasamak 
ýagdaýy. 
TASAMAZLYK [ta:samazlyk], iş ady. Tasap 
ýörmezlik.
TASANJYRAMAK 
[ta:sanjyramak], 
işl. 
Gaharlanyp siltenjiremek, öýke edip, çalt hereket 
etmek. Onsoň ol gahar bilen tasanjyrap galdy (N. 
Saryhanow).
TASAŞMAK [ta:saşmak], işl. Bilelikde tasamak. 
Ýelli bilen Wüşi kel hem tasaşyp geldiler (A. 
Gowşudow). 
TASATDYKat, k. d. Sadaka, hudaýýoly. Diňle, 
mesgen tutan kişi çöllerde, Tasatdyk kemelse ulug 
illerde (Magtymguly). Käşgi görsem ýüzün, kylsam 
tasatdyk malymy (Mollanepes). 
TASATLYK, at, gepl.d., ser. Tasatdyk. Öten-
geçenlere tasatlyk bolsun! 
TASATDYRMAK [ta:satdyrmak], işl. Tasamaga 
maý bermek, ýol bermek, tasamaga mümkinçilik 
bermek. 
TASATMAK [ta:satmak], işl. 1. Ürküzip 
aýagaldygyna gidermek. 2. göç.m. Aýagaldygyna 
sürmek, örän gaty sürmek. Ol ýorgasyny tasadyp 
gelýärdi.3. göç.m. Iki ýana ykdyrmak, galgatmak. 
Gulpagyn tasadyp, hiç hili zadyň, Aladasyn etmän, 
böker ýörerdi (A. Kekilow). 
TASAÝYŞ [ta:saýyş], iş ady. Tasamak ýagdaýy. 
TASDAN [tassan], hal, ser. Tas. Aýgül tasdan 

meniň bilen dikleşeninden habaryň ýokmy

diýip 
sorapdy (B. Kerbabaýew).
TASLAMA, 1. iş ady. Taslamak ýagdaýy. 2. at. 
Agaçdan, demirden, daşdan ýasaljak bir şekiliň, 
suratyň bejerilip, çekilip gutarylmadyk nusgasy, 
sudury. Suratlaryň taslamasyny çekmek. 3at. Kabul 
ediljek kararlaryň, permanlaryň, maksatnamalaryň, 
ylalaşyklaryň, beýannamalaryň ýazylan, taýýarlanan 
nusgasy. 
TASLAMAK, işl. 1. El ujundan, başardygyndan
bir zady ýasamak. Ol taslan oturgyjyna bir laý göz 
gezdirdi. 2. Bir zadyň nusgasyny, suduryny 
taýýarlamak. Ussa demri ýenjip otyr, Ýenjip otyr ony 
taslap (M. Seýidow).
TASLAMAKLYKiş ady. Taslamak ýagdaýy. 
TASLAMAZLYK, iş ady. Taslamak işini ýerine 
ýetirmezlik. 
TASLANMAK, işl. Bir zadyň şekili, nusgasy 
bejerilip taýýarlanmak. Bu tikilýän geýimler ilki 
biçimçilik bölüminde taslanýar (

Nesil

). 
TASLAŞMAK, işl. 1. Taslamaga kömek etmek. 
2. Birnäçe bolup taslamak.
TASLATMAKişl. Bir zadyň şekilini, suduryny 
taýýarlatmak. 
TASLAÝYŞiş ady. Taslamak ýagdaýy. 
TASMA, at. Inçeden uzyn edilip, gyýlyp alnan 
ham, gaýyş. Tasma gamçy bolsa onuň ýagyrnysynda 
ýer edipdi (B. Kerbabaýew).

 Tasma almak biriniň ýa bir jandaryň hamyndan 
bir bölek kesip almak. Batrak baýyň ýagyrnysyndan 
bir tasma aldy (

Türkmen halk ertekileri

). 
TASSYK [tassy:k]: tassyk etmek 1) gutarnykly 
suratda bellemek, resmi suratda tassyklamak. 
Meýilnamalary tassyk etmek. Wezipä bellenenligini 
tassyk etmek. 2) bir zadyň dogrulygyny ykrar etmek, 
güwä geçmek, şaýatlyk etmek. Muny nädip tassyk 
edip bolar? Goluň hakykylygyny tassyk etmek.  
TASSYKLAMA 
[tassy:klama], 
iş 
ady. 
Tassyklamak ýagdaýy. 
TASSYKLAMAK 
[tassy:klamak], 
işl.1
Makullamak, makul bilmek, kabul etmek. 2. Bir işe, 
wezipä bellemek, tassyk etmek. Ony mekdebiň 
direktorlygyna tassyklapdyrlar.3. Subut etmek, 
şaýatlyk etmek. Olar bu ýerde nebitiň bardygyny 


355 
tassyklamalydylar (Ş. Borjakow). 4. Tassyk etmek, 
resmileşdirmek. Möhüriň ýazgysyny tassyklamak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   578   579   580   581   582   583   584   585   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling