TASSYKLAMAKLYK [tassy:klamaklyk], iş
ady. Tassyklamak ýagdaýy.
TASSYKLANMAK [tassy:klanmak], işl. 1. Bir
işe, wezipä, bellenmek, tassyk edilmek. 2. Makul
bilinmek, makullanmak.
TASSYKLAŞMAK [tassy:klaşmak], işl. Biri-
biriniň aýdanyny makullamak, dogry diýip tapmak,
makullaşmak, bilelikde tassyklamak. Hawa, şeýle-le
– diýşip, ýerli-ýerden onuň gürrüňini tassyklaşdylar
(A. Gowşudow).
TASSYKLATDYRMAK [tassy:klatdyrmak], işl.
Bir zady tassyk etdirmek. Öz aýdan sözlerini kim-de
bolsa birine tassyklatdyrmak isläp: – Şeýle dälmi-
aýt, Annamyrat? – diýdi (B. Kerbabaýew).
TASSYKLATMAK [tassy:klatmak], işl. 1. Bir
işe, wezipä belletmek, tassyk etdirmek. 2. Kabul
etdirmek, makullatmak.
TASSYKLAÝYŞ
[tassy:klaýyş],
iş
ady.
Tassyklamak ýagdaýy.
TASSYKNAMA [tassy:kna:ma], at. 1. Bolup
geçen bir hereketiň, edilen işiň netijesi hakynda
ýazylan resmi hat. 2. Subutnama. Bu sungat
baýramçylygy iki ýurduň doganlygynyň aýdyň
tassyknamasy boldy.
TASYL, at. Bir zady etmegiň ugur-ýoly. Meniň
maşgalamyň içiniň iň bir bihepbesi, hiç zadyň
usulyny, tasylyny bilmän ýöreni şu Güjükdir (A.
Gowşudow).
TAŞA, at. Mal-garanyň daşyna gorag üçin
edilýän agyl, aýmança. Ýylgynlardan kesip,
mellekleriň gyrasyna taşa etmeklik karar edildi
(
Nesil
).
TAŞLAMA, 1. iş ady. Taşlamak ýagdaýy.
Eliňdäki işiňi ýere taşlamaňy bes et!
TAŞLAMAK, işl. 1. Zyňyp goýbermek,
oklamak. 2. Bir zady ulanmagy bes etmek, goýmak.
Men çilimi taşladym. 3. Galdyrmak, goýup gitmek.
Hiç kim obany taşlap göçmedi (
Edebiýat we
sungat
). 4. Ýazmak, düşemek. Dört töweregine giň
edip keçe taşlap, seleň ýer etdiler (B. Seýtäkow). 5.
Guzlamak, dogurmak. Baýtalynyň gün-sähedi dolup,
tazyň çagasy ýaly bir zat taşlady (
Görogly
). 6. Ýüz
öwürmek, ýanynda ýaşamazlyk. Imansyz atasyndan-
a muňa rehnet bolmady, çagajykka taşlap gitdi (T.
Gurbanow).
Do'stlaringiz bilan baham: |