Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet591/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   587   588   589   590   591   592   593   594   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TEKJE, at. 1. Diwaryň ýüzünden oýulyp, gap-
gaç, çyra, kitap we ş.m. goýmak üçin ýörite ýasalan 
ýer. Baglarda, bakjalarda, Gül goýdum tekjelerde 
(Halk döredljiliginden). 2. Kitap, žurnal we ş.m. 
goýmak üçin, tagtadan ýasalan birnäçe orunly 
enjamyň bir gaty. Kitaby tekjede goýdy. 
TEKLIP [tekli:p], at. Ara alnyp maslahatlaşylýan 
mesele, gürrüň boýunça girizilýän pikir.
TEKRAR [tekira:r], at. Gaýtalama, ýatlama. Tä 
ölinçäm, ismiňi tilde tekrar eder men (Dosmämmet). 
TEKRARLAMA 
[tekira:rlama], 
iş 
ady. 
Tekrarlamak ýagdaýy. 
TEKRARLAMAK [tekira:rlamak], işl. Bir zady, 
pikiri birnäçe gezek gaýtalap aýtmak. Aýdan sözlerini 
ýene onuň özi tekrarlady. 
TEKRARLAMAKLYK [tekira:rlamaklyk], iş 
ady. Tekrarlamak ýagdaýy. 
TEKRARLANMAK 
[tekira:rlanmak], 
işl. 
Gaýtalap-gaýtalap aýdylmak. 
TEKRARLATDYRMAK 
[tekira:rlatdyrmak], 
işl., ser. Tekrarlatmak
TEKRARLATMAK 
[tekira:rlatmak], 
işl. 
Aýdylan sözi, gepi, pikiri birnäçe gezek gaýtalatmak. 
Mugallym okuwçynyň aýdyp duran pikirini ýene bir 
gezek oňa tekrarlatdy. 
TEKST [te:kist], at. Tutuşlygyna ýazgyny emele 
getirýän we tekstiň lingwistik dernewiniň obýekti 
bolup durýan yzygiderli belgiler ulgamy. 
TEK-TEKat. Arpagana meňzeş ot. 
TEKÝEat, k.d. Ýassyk. Gelse, Arap zaňňar bir 
beýik sypanyň üstünde, ullakan güjümiň teýinde 
dokuz gat çymylgan taşlap, baş ujunda dokuz tekýe, 
aýak ujunda bäş tekýe taşlap, arkan düşüp, horlap 
ýatyr (

Görogly

). 
TEKÝEGÄH [tekýeğä:h], at, k.d. Arkadaýanç, 
söýget. Eý, patyşa, biçäreleriň tekýegähi sensiň? 
diýip, bir söz aýtdy (

Zöhre – Tahyr

). 
TEL Iat, şahyr.  Saçyň tarlary. Elleri-ýä, elleri, 
Çekip barýar pelleri, Egnine dökülipdir Gulpagynyň 
telleri (Hüwdi). Hemra giriftardyr ýaryň özüne, Tel 
dökülmiş gerdenine, ýüzüne (

Saýatly – Hemra

). 
Başy karkaraly zülpi tellidir (Talyby). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   587   588   589   590   591   592   593   594   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling