Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TELEK, syp. Ýalňyş, nädogry. Däliniň ýüz gepi  telek, bir gepi gerek (Nakyl).  TELEKE


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet593/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   589   590   591   592   593   594   595   596   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TELEK, syp. Ýalňyş, nädogry. Däliniň ýüz gepi 
telek, bir gepi gerek (Nakyl). 
TELEKEat. Bir zat hakynda edilýän iş-alada. – 
Ir günümi giç etmäýin, ulag telekesini edeýin – diýip, 
ör turdy (

Edebiýat we sungat

). 
TELEKEÇI, at. 1. Her bir zadyň aladasyny 
wagtynda edýän, her bir zady ýerbe-ýer edýän. Ol
maşgalasöýer we örän telekeçi adam bolupdyr. 2
Söwda-satykdan, täjirçilikden we ş.m. haýyr, peýda 
görmek üçin meşgullanýan, iş alyp barýan, önüm 
öndürýän adam. Önüm öndürýänler we telekeçiler 
yzygiderli 
höweslendiriler 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 

Hususy telekeçi döwlet salgyt gullugy 
tarapyndan ýaşaýan ýeri boýunça kanunda bellenen 
tertipde bellige alnan, ýuridik şahsy döretmezden 
telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs.  
TELEKEÇILIK at. Telekeçiniň kesp-käri (2-nji
many boýunça). 
TELESKOP [telesko:p], at. Asman jisimlerine 
gözegçilik etmek üçin astranomiýa abzaly. Ýyldyzlara 
teleskop arkaly syn etmek mümkin. 
TELETIN, at. Oňat edip bejerilen gön, gaýyş. 
Teletin bölegi. 
TELEWIDENIÝE [televi:deniýe], at1. Her bir 
zadyň ýagtylyk şekilini elektrik signallaryna 
öwürmek ýoly bilen şekilleri ýakyn, uzak aralyklara 
ibermeklik. 2. Telewizion enjamlaryň kömegi bilen 
işleýän habar beriş ulgamy. Türkmen telewideniýesi.
TELEWIZION [televiziýo:n], syp. Telewideniýä 
degişli, telewideniýe arkaly görkezilýän. Telewizion 
gepleşikler.
TELEWIZOR 
[televi:zir], 
at. Telewizion 
gepleşikleri alyp görkezmek, eşitdirmek üçin ekranly 
tehniki enjam. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   589   590   591   592   593   594   595   596   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling