Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet594/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   590   591   592   593   594   595   596   597   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TELÄR [telä:r], at. 1. Öýüň işiginde, ekin 
meýdanynyň düşelge ýerlerinde kölegeläp oturmak 
üçin, dört burçundan agaç dikeldilip, üsti gamyş-hyşa 
bilen örtülen bassyrma. Gowusy, sen şu teläre çykaý 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2. Ýüpek gurçuk tutmak 
üçin agaçdan galdyrylan beýik bolmadyk seki. 
Gurçuklar teläre çykaryldy. 
TELIM, çal. Birnäçe, ençeme, köp. Ondan bäri 
telim ýyl geçdi. 
TELKERIŞiş ady. Telkermek ýagdaýy. 
TELKERIŞMEK, işl. Köp ýeri telkermek, 
salparyşmak. 
TELKERMEiş ady. Telkermek ýagdaýy.
TELKERMEK, işl. Giňemek, salparmak, 
süýnmek, gyşarmak. Onuň geýip ýören köýnegi 
eýýäm telkeripdir. 
TELKERMEKLIKiş ady. Telkermek ýagdaýy. 
TELKERTMEKişl. Gyşartmak, salpartmak. 
TELKI, syp. Gereginden artyk; giň, uly. 
Köýnegiň ýakasynyň tikilişi telki. 
TELLEMEK, işl., gepl.d. Bölmek. Seniň 
baýragyňy telläp goýduk (

Edebiýat we sungat

). 
TELLEMEKLIKiş ady. Tellemek ýagdaýy. 
TELLENMEK
işl. 
1
Bölünip-bölünip
goýulmak. Et tellendi. 2. göç.m. Hereketlenmek, 
eýläk-beýläk gymyldamak. Ýol ýöräňde iki goluň 
tellener (Kemine). 
TELLEŞDIRMEKişl. Bölek-bölek edişdirmek, 
bölüşdirmek, telläp çykmak. Gassap sygryň etini 
derrew sekiz bölege telleşdirip çykdy. 
TELLEŞMEK, işl. 1. Tellemäge kömek etmek. 
2. Bilelikde tellemek. 
TELLETMEK, işl. Paýlatmak, böldürmek. Eti 
telletmek. 
TELLEÝIŞişady. Tellemek ýagdaýy. 
TELLI-PELLI, hal. Ýeter-ýetmez, ýykma-
ýykylma, eýdip-beýdip. Telli-pelli bilen mydar edip 
bolmaz. 
TELPEK, at. Her hili uzyn tüýli deriden, 
baganadan we ş.m. tikilip, kellä geýilýän gap. Ak 
telpegiň deriden, Ýürek bagrym eriden (Läleden). 

 Telpegi agan öň bir gezek öýlenen, öýlenip dul 
galan. Telpegini ters geýdirmek almytyny bermek, 
emini bermek. Telpegiňde dawam bar ýersiz ýere, 
hiç bir sebäpsiz yrsaramak. Telpegiňi göge zyňmak 
gaty begenmek, şatlanmak, işiň oň bolmak. Telpek 
goýmak biriniň haýsydyr hereketine göwnüň ýetmek,
edermenligine, her bir tarapdan başarnygyna haýran 
galmak. 
TELPEKÇIat. Telpek tikýän ussa. 
TELPEKLEMEK: telpek kakmak iki metr 
çemesi belentlikde gazyga ildirilen telpegi ylgap 
gelip, aýak bilen kakyp gaçyrmak bilen baglanyşykly 
oýun. Telpekläp oturmak gol atyp başlamak, gol 
ýaýradýan ýagdaýynda bolmak (gawun pazyly 
hakynda). Gawunlaryň telpekläp oturanlary hem, gol 
uzadanlary hem bardy (

Edebiýat we sungat

). 
Telpekläp ýagmak tozgalap ýagmak (gar hakynda). 
TELPEKLIK, syp. Telpek tikmek üçin gerek 
bolan (deri, bagana we ş.m. zatlar). Telpeklik bagana. 
TELPER, syp. Çuň bolmadyk, ýalpak (gap-gaç 
hakynda). Telper jam. 
TELPERLIKsyp. Ýalpaklyk, çuň dällik. 
TEL-TAGT [tel-tağyt]: tel-tagt bolmak içi 
suwdan dolmak, suwa gark bolmak (suwarylýan ýer 
hakynda).
TELWAS [telwa:s], at. Isleg, höwes, arzuw, 
joşgun, hyýal, talwas. Keşt edip gezer men ilden-
illere, Däli köňlüm telwas eder güllere (Kemine). 
Köňül telwas eder, Watanym, seni (Seýdi).
TEMA [te:ma], at. Ýöredilýän pikiriň, beýan 
etmäniň 
we 
döredijiligiň 
esasy 
mazmyny, 
bagyşlanýan zady, predmeti. Hekaýanyň temasy. 
Gürrüňiň temasyny üýtgetmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   590   591   592   593   594   595   596   597   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling