TENTEKLIK, at. Tentek bolmaklyk, tentek
häsiýetlilik. Tenteklik edip okuwdan galma!
TENTIREKLEMEK,
işl.,
gepl.d.,
ser.
Entireklemek. 1. Garry serhoş ýaly bolup,
tentirekläp, öýüne ugrapdyr (Halk ertekisinden).
TEŇ, syp. Agyr, kyn (hal, mydar, durmuş we ş.m.
hakynda). Sözlemesem, gaýta işim teň bolur (Mätäji).
TEŇLIK, at. Haly teň bolmaklyk. Halymyň bu
teňligin, egsilmez dükança aýt (Magtymguly).
TEŇŇE I, at, 1. kön.s. Ownuk kümüş pul. Ol
işläp-işläp ahyry bäş ýüz teňňe gazanypdyr
(
Türkmen halk ertekileri
). Birniçe adam bar, ýygar
teňňäni, Özüne taý görmän, gezer öňňäni
(Magtymguly). 2. Milli manadyň ýüzden bir bölegine
deň bolýan ownuk pul, köpük.
TEŇŇE II, at. Balygyň we ş.m. käbir jandarlaryň
apbasy görnüşli beden örtügi, ýuka gabygy. Ol
balygyň teňňelerini pyçak bilen gyrdap arassalady.
TEŇŇEBALYK [teňňeva:lyk], at. Balygyň bir
görnüşi, kepir. Ol suwdan bir teňňebalyk tutupdyr.
TEORETIK [teýore:tik], at. Teoriýanyň
meseleleri bilen meşgullanýan alym.
TEORETIKI [teýore:tiki], syp. Teoriýa
esaslanýan, teoriýa degişli. Teoretiki ylmy barlaglar.
TEORIÝA [teýo:riýa], at. Praktiki tejribäni
jemleýän we tebigatyň, jemgyýetiň, pikirlenişiň
kanunalaýyklyklaryny şöhlelendirýän taglymat,
ylmy ýörelgeleriň, ideýalaryň sistemasy (çylşyrymly
ulgamy).
TEPBET, at.Howurly gurak semal, epgek.
Tepbedini okamak ýok etmek, gümüni
çekmek, öldürmek.
TEPERRIK, at. Köplenç, dini adamlaryň
zadyndan ýetýän paý, bölek, dadymlyk. Allan-allan
etdigim, Alladan diledigim, Eýäm beren teperrik,
Seni allaladygym (Hüwdi).
TER, syp. Ýaş, täze, myssyk däl, täzeligini
ýitirmedik, solmadyk, süllermedik (ösümlik, miwe
we ş.m. hakynda). Gün düşmedik ter öleňli, Çeşmeli
çaýlar
görüner
(Magtymguly).
Öpsem
ki
ýaňagyndan, Ter alma, enardyr diýip (Mollanepes).
Do'stlaringiz bilan baham: |