Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TEREZIBAN [tereziva:n], at, kön.s., ser


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet600/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   596   597   598   599   600   601   602   603   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TEREZIBAN [tereziva:n], at, kön.s., ser. 
Tereziçi. Açylar işigi dowzah üstünde, Tereziban 
halyn bildi, ýaranlar (Magtymguly). 
TEREZIÇI, at.1. Terezide önüm, zat çekýän 
adam. 2. Bazarda terezini saklaýan we satyjylara 
terezi berýän adam. 
TERHOS [terho:s], at, k.d. Towakga, haýyş. 
Terhosym bar, nazar salsaň, Arzym bardyr, arzym 
alsaň! (Magtymguly). Atama terhos et mähriban 
enem, Gije-gündiz yşk odunda örtenem (

Zöhre – 
Tahyr

). Mätäji diýr başga bilen bolmanam, Ýüz 
ýalbarsa, terhosyny almanam (Mätäji). 
TERJIME, at. Bir dilden beýleki bir dile 
geçirilen söz, gürrüň, tekst, eser. 
TERJIMEÇIat. Bir dilden başga bir dile terjime 
etmek bilen meşgullanýan adam.
TERJIMEÇILIKat. Terjime etmek hünäri, käri. 
Terjimeçilik gyzykly hem jogapkärli iş. 
TERJIMEHAL [terjimeha:l] at. Adamyň öz 
durmuş, ýaşaýyş taryhynyň ýazgysy, beýany. Sizi öz 
terjimehalym bilen tanyşdyrasym gelýär (

Edebiýat 
we sungat

). 
TERK: terk etmek (eýlemek) ýüz döndermek, el 
çekmek, taşlamak. Ölinçä terk etme haýry-yhsanyň 
(Magtymguly). Men niçik terk eýleýin Mahym güli-
ruhsarymy (

Zöhre – Tahyr

). 
TERKIDÜNÝÄ [terkidünýä:], syp. Dünýäniň 
aýşy-eşretinden ýüz öwren, göwni çökgün. 
TERKIDÜNÝÄLIK 
[terkidünýä:lik], 
at. 
Terkidünýä bolmaklyk, terkidünýäniň ýagdaýy, 
bolşy. 
TERLENMEiş ady. Terlenmek ýagdaýy. 
TERLENMEK, işl. Ter däl zat ter bolmak. Ol 
esgä dolanan käşir terlenipdir. 
TERLIK, at. Ter halynda bolmaklyk. Terligini 
saklamak

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   596   597   598   599   600   601   602   603   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling