TERS, syp. 1. Nädogry, ýalňyş. 2. Oňaýly
bolmadyk, şowsuz. Ykbalyň ters oýny. 3. Bir zadyň
arkasy, beýleki tarapy, çöwre ýüzi, tüzüw ýüzüniň
garşylykly tarapy. Ol eliniň tersi bilen ukuly gözlerini
süpürdi. 4. Dostluk gatnaşygy bozulan ýagdaý.
Bularyň ikisi-de biri-biri bilen tersdi.
Ters aýlanmak (öwrülmek) barjak ýeriňi
tapman, gaty köp ýere barmak. Men şu gün mumyýa
gözläp, obany ters aýlandym (
Saglyk
).
TERSA [tersa:], at. Özge dindäki, başga dine
uýýan. Ýüzüňi meňzetdim Aý bilen Güne, Bir tersa
gyzydyr, hiç gelmez dine (
Şasenem – Garyp
).
TERSIN
[tersi:n],
hal.
Oňyn
däl,
tersine.Aýdanym oňa tersin täsir etdi.
TERSINE, hal. 1. Ters tarapa, ters ugra. Ol
akymyň tersine ýüzüp başlady. 2. Garşy, garşysyna.
Ol göwnündäkini tersine gürledi.3. Bir zat ýa-da biri
bilen deňeşdireniňde gapma-garşy, üýtgeşik bolan,
meňzeş bolmadyk. Onuň häsiýeti bütinleý munuň
tersinedi.
Tersine tutmak ters hereket etmek, ters
gürlemek; oňlamazlyk, garşy bolmak. Men bir zat
diýsem, derrew tersine tutýarsyňyz.
TERSLEŞDIRMEK, işl. Birnäçe adamy ýa iki
adamy agzala etmek, olaryň arasyna çöp atmak, olary
dawalaşdyrnak.
TERSLEŞIK, at. Terslik ýagdaýy, ara bozuklyk,
dostluk, agzybirlik gatnaşygy ýokluk.
TERSLEŞME, iş ady. Tersleşmek ýagdaýy.
TERSLEŞMEK, işl. Biri bilen dostluk
gatnaşygyňy, agzybirlik ýagdaýyňy bozmak.
TERSLEŞMEKLIK,
iş
ady.
Tersleşmek
ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |