Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
TILSIMLI, syp. Tilsimi bar bolan, emeli bar
bolan. Bujagaz açarlar şol tilsimli gapylary ozal hem birnäçe gezek açypdy. TIMAR [ti:ma:r], at. Bejerme, ýylmama, owadanlama, darama. Timar bermek ser. Timarlamak. Daňdan turup, zülpüň darap, Timar bergin saçlaryňa (Mätäji). TIMARLAMA [ti:ma:rlama], iş ady. Timarlamak ýagdaýy. TIMARLAMAK [ti:ma:rlamak], işl. Taraşlap görke getirmek, timar bermek. TIMARLAMAKLYK [ti:ma:rlamaklyk] iş ady. Timarlamak ýagdaýy. TIMARLANMAK [ti:ma:rlanmak], işl. Timar berilmek.Olary göreniňde, çaga elleriniň astyndan çykan iş diýip aýdar ýaly däl, örän gelşikli timarlanypdyr ( Mugallymlar gazeti ). TIMARLAŞDYRMAK [ti:ma:rlaşdyrmak], işl. Bir ýanyndan timarlap çykmak. TIMARLAŞMAK [ti:ma:rlaşmak], işl. 1.Timarlamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde timarlamak. TIMARLATMAK [ti:ma:rlatmak], işl. Timarlamak işini başga birine etdirmek. Öýümiziň içini gyzlara timarlatdyk. TIMARLAÝYŞ, iş ady. Timarlamak ýagdaýy. TIMARLY [ti:ma:rly], syp. Gowy timar berlen, gelşikli. Terbaza şiweli, käkilik nagyşly, Tugun guş timarly, tarlan bakyşly (Magtymguly). TIMISGENIŞMEK [timisğenişmek], işl. Birnäçe bolup timisgenip ýörmek. TIMISGENME [timisğenme], iş ady. Timisgenmek ýagdaýy. TIMISGENMEK [timisğenmek], işl. Bir zady aňtap ýörmek, bir zadyň ugrunda ysyrganyp ýörmek. Timisgenip ýörmek. TIMISGENMEKLIK [timisğenmeklik], iş ady. Timisgenmek ýagdaýy. TIMISGENIŞ [timisğeniş], iş ady. Timisgenmek ýagdaýy. TIŇKE: tiňkäňi dikmek birine ýa-da bir zada dikanlap seretmek, jiňkerilmek,bar ünsüňi bir nokada gönükdirip, siňe seretmek. TIŇŇILDEME [tiňňilleme], iş ady. Tiňňildemek ýagdaýy. TIŇŇILDEMEK [tiňňillemek], işl. Tiňňil-tiňňil edip ses çykmak, tiňňildili seslenmek. Dutarlar tiňňildeýärdi. TIŇŇILDEMEKLIK [tiňňillemeklik], iş ady. Tiňňildemek ýagdaýy. TIŇŇILDETMEK [tiňňilletmek], işl. Tiňňildili saz çalmak. Bagşy dutaryny eline alyp, tiňňildedip başlady. TIŇŇILDI [tiňňilli], at. Kirişli saz gurallary ýuwaşjadan çalnanda çykýan sesiň ady, tyňňyrdy. TIŇŇIRDEDIŞMEK, işl. Birden köp bolup tiňňirdetmek. Men otaga girenimde, oglanlar dutaryny başly-barat tiňňirdedişip otyrdylar. 370 TIŇŇIRDEMEK, işl., ser. Tyňňyrdamak.Onuň dutarynyň tiňňirdäp çykýan ýakymly owazy heniz hem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. TIŇŇIRDETMEK, işl., ser. Tyňňyrdatmak. TIŇŇIRDI, at. Tyňňyrdy, tyňňyldy. TIŇŇI-TIŇŇI, s.ş.aňl.söz. Kirişli saz gurallar ýuwaşjadan çalnanda çykýan ses, tyňňy-tyňňy. TIR [ti:r] I, at. Öwrenmek ýa-da türgenleşmek işini geçirmek üçin nyşana ok atylýan ýer, jaý. TIR [ti:r] II, at, kön.s. Ýaýyň oky. Ganym bilen tiri-keman atyşdym ( Saýatly – Hemra ). Kirpikleri okdur, gaşy kemandyr, Nyşan boldum atan tirine gyzyň (Mätäji). TIR [ti:r] III, at. Galla öwsülýän gap, öwser. Hemişeki galandarlarmyka diýip, ýyrtyk tirde bir gysym dary çykaryp berdiler ( Görogly ). TIRANA [ti:ra:na], at. 1. Bekreler maşgalasyndan bolan burny uzyn, gymmatbaha balyk. 2. Geýime salynýan bir nagşyň ady. TIRDIRMEK [ti:rdirmek], işl., ser. Ýygdyrmak. Açylan gülleri tirdirmek. TIRE [ti:re], at. Urug, taýpa içindäki garyndaşlyk tarapyndan bölünen topar. TlREBAŞY [ti:revaşy], at. Tiräniň aksakaly, ýaşulusy, öz tiresine kethudalyk edýän adam. TIREBAŞYLYK [tirevaşylyk], at. Tirebaşy bolmaklyk, tirä kethudalyk etmeklik. TIREBAZ [tireva:z], syp., ser. Tireparaz. TIREBAZLYK [ti:reva:zlyk], at, ser. Tireparazlyk. TIREÇILIK [ti:reçilik], syp., ser. Tirebazlyk. TIREDEŞ [ti:redeş], syp. Bir tireden bolan, tireleri bir bolan, asly bir tireli. TIREPARAZ [ti:reparaz], syp. Öz tiresiniň bähbidini has ileri tutýan, ony goldaýan, tirebaz, tireçi. TIREPARAZLYK [ti:reparazlyk], at. Öz tiräň bähbidini has ileri tutmaklyk, ony goldamaklyk, tirebazlyk, tireçilik. TIRE-TAÝPA [ti:re-ta:ýpa], at, ser. Tire we Taýpa. TIRILMEK [ti:rilmek], işl., ser. Ýygylmak. TIRIŞMEK [ti:rişmek], işl., ser. Ýygyşmak. TIRIŞ [ti:riş], iş ady. Tirmek ýagdaýy. TIRJIN, at. Gamşa meňzeş uzyn boýly, baldagy çybyk ýaly gaty ösümlik. Kuwwatlyrak ýylgyndan bir ýaý ýasady, tirjinden ok ýasady, ujunam peýkam etdi ( Görogly ). TIRJINMEK, işl., gepl.d. Biriniň golaý ýanyna baryp, dim-dik bolup durmak. TIRKEG [tirkeğ], at. Bir zadyň yzyna tirkelýän ulag we onuň serişdeleri, enjamlary. Traktorlaryň, ot ýatyrýan maşynlaryň we beýleki tirkeg gurallarynyň onlarçasy bar ( Türkmenistan ). Tirkege almak öz maşynyň, ulagyň yzyna tirkemek. Onuň maşynyny tirkege aldyk. TIRKELMEK, işl. Bir zadyň yzyna berkidilmek, tirkeg edip goşulmak. Maşyn traktoryň yzyna tirkeldi. TIRKEME, iş ady. Tirkemek ýagdaýy. TIRKEMEK, işl. 1. Bir zadyň yzyna berkitmek, tirkeg edip goşmak. Maşyny maşynyň yzyna tirkäp getirmek. 2. Yzyna düşürip ýa-da ýanyň bilen alyp gitmek, gelmek. Atasy agtygyny yzyna tirkäp, dükana gitdi. TIRKEMEKLIK, iş ady. Tirkemek ýagdaýy. TIRKEŞ, syp. 1. Biri-biriniň yzyndan tirkeşip gelýän. Tirkeş sözler. 2. Oglana dakylýan at. TIRKEŞDIRMEK, işl. Biri-biriniň yzyna tirkemek, baryny tirkäp çykmak. TIRKEŞIK, at. Biri-biriniň yzyna tirkelen, hatara düzülen janly we jansyz zatlar. Olar dört tirkeşik bolup, atlaryny ýolsuz ýerden sürüp gitdiler. TIRKEŞMEK, işl. 1. Biriniň yzyna düşmek, biri bilen gezmek ýa-da köp bolup bile gezmek. Biz üç bolup tirkeşip gelýäris ( Edebiýat we sungat ). 2. Dost bolup gezmek, dostluk aragatnaşygyny saklamak. TIRKETMEK, işl. Bir zadyň yzyna baglatmak, dakdyrmak. Arabany maşyna tirkedip getirdik. TIRKEÝIŞ, iş ady. Tirkemek ýagdaýy. TIRKIŞ I, at. Boýunturuga geýdirilip, tirkeg üçin ulanylýan ýüp. Göle hamyndan edilen bir tirkiş asylgy durdy. TIRKIŞ II, at. 1. Biri-biriniň yzyna tirkelen düýeler. Serhowuz boýunda goşa nerwanly, Tirkişi üzülmez hatar kerwenli ( Görogly ). 2. Oglana dakylýan at. TIRLEME, iş ady. Tirlemek ýagdaýy. TIRLEMEK, işl. Togalak ýa-da aýlanýan bir zady pyrlamak. Ol elindäki dessemmaýany tirläp goýberdi. TIRLEMEKLIK, iş ady. Tirlemek ýagdaýy. TIRLENDIRMEK [tirlennirmek], işl. Tirlenmäge mejbur etmek, tirlenip goýberilen bolmak. TIRLENMEK, işl. Aýlanmak, pyrlanmak. TIRLETMEK, işl. Pyrlandyryp goýbermek. TIRLEÝIŞ, iş ady. Tirlemek hereketi, ýagdaýy. TIRME [ti:rme], iş ady. Tirmek ýagdaýy. Tirme guşak iki ujy seçekli, tarada dokalan, gaýmaly ýüpek guşak. Onuň bökdergisinde gyrmyzy don, ak telpek, tirme guşak we beýleki gerekli zatlary bar eken ( Türkmen halk ertekileri ). TIRMEK, [ti:rmek], işl., k. d. , ser. Ýygmak. Bagyň içre bagban bolsam, Tirsem täze gülleriňi ( Şasenem – Garyp ). TIRMEKLIK [ti:rmeklik], iş ady. Tirmek ýagdaýy. TIRŇILDI [tirňilli], s.ş.aňl.söz. Tyrňyldy. TIRPILDEME [tirpilleme], iş ady. Tirpildemek ýagdaýy. Onuň ýüregi tirpildemesini güýçlendirdi. TIRPILDEMEK [tirpillemek], işl. Damaryň ýa- da teniň belli bir agzasy çala urup hereketlenmek, müňküldemek. Ýuka dodaklary bolsa ygtyýarsyz tirpildeýärdi ( Edebiýat we sungat ). TIRPILDEMEKLIK [tirpillemeklik], iş ady. Tirpildemek ýagdaýy. 371 TIRPILDEŞMEK [tirpilleşmek], işl. Birnäçesi üznüksiz tirpildäp durmak. Onuň damarlary tirpildeşip durdy. TIRPILDETMEK [tirpilletmek], işl. Tirpildili hereket etdirmek, gymyldatmak, müňňüldetmek. TIRPILDEÝIŞ [tirpilleýiş], iş ady. Tirpildemek ýagdaýy. TIRPILDI [tirpilli], at. Ýüregiň ýa-da damaryň çala urmasy. Damaryň tirpildisi. TIRSEK, at. 1. Goluň çigin süňki bilen bilek süňkleriniň birleşip epilýän ýeri. Ol tirsegini güpjege berip gyşardy. 2. Göni turbany başga ugra gönükdirmek üçin ulanylýan egri turba bölegi. TIRSEKBOÝY, at. Eliň barmaklarynyň ujundan tirsege çenli aralyga barabar bolan uzynlyk ölçegi. TIRSEKLEME, iş ady. Tirseklemek ýagdaýy. TIRSEKLEMEK, işl. 1. Tirsegiňi ýassyga goýup gyşarmak, ýassygy tirsegiň aşagyna almak. Öý eýesi saçagyň başyndaky ýassyklaryň birini tirsekläp, gapdala gyşardy ( Edebiýat we sungat ). 2. gepl.d. Tirsegiň bilen birini kakmak; tirsegiňi çala degrip yşarat etmek. Ol gapdalyndaky oturany tirsekledi. TIRSEKLEMEKLIK, iş ady. Tirseklemek ýagdaýy. TIRSEKLEŞMEK, işl. Birnäçe bolup tirsegiňi ýassyga goýup gyşaryp ýatmak. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling