Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Gün-güzeranyňy tigirlemek


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet608/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   604   605   606   607   608   609   610   611   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Gün-güzeranyňy tigirlemek öýüň ykdysady 
ýagdaýynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny gazanmak. 
TIGIRLEMEKLIK [tiğirlemeklik], iş ady. 
Tigirlemek ýagdaýy. 
TIGIRLENMEK [tiğirlenmek], işl. 1. Tegelek 
ýa-da tigirli bir zat aýlanyp gitmek. 2. gepl.d.Işlemek, 
ýöremek. Maşyn tigirlenýärmi? 
TIGIRLEŞDIRMEK 
[tiğirleşdirmek]
işl. 
Tigirleri ýa-da tegelek zatlary aýlanyp gider ýaly 
edişdirmek, aýlandyryp goýbermek. Adamlar boşan 
çelekleri tigirleşdirip, maşyna golaý getirdiler. 
TIGIRLEŞMEK 
[tiğirleşmek]
işl. 
1
Tigirlemäge kömek etmek. Çelekleri tigirleşmek.2
Bilelikde tigirlemek. Çagalar tigirlek tigirleşip 
ýördüler. 
TIGIRLETMEK [tiğirletmek], işl. Tigirlenip 
gider ýaly etmek. 
TIGIRLEÝIŞ 
[tiğirleýiş]
işl.Tigirlemek 
ýagdaýy. 
TIJEME [ti:jeme], iş ady.Tijemek ýagdaýy. 
TIJEMEK [ti:jemek], işl. 1. Bar bolan ähli güýç-
gaýratyňy, başarnygyňy we ş.m. bir ýere jemlemek, 
toplamak. 2. Ýerbe-ýer edip goýmak, tertipleşdirmek. 
Içerini tijemek. 
TIJEMEKLIK [ti:jemeklik], iş ady.Tijemek 
ýagdaýy. 
TIJEMEZLIK [ti:jemezlik], iş ady. Tijemek işi 
ni etmezlik. 
TIJENIŞMEK [ti:jenişmek], işl.Birnäçe bolup 
ýa-da köpçülikleýin tijenmek. 
TIJENMEK [ti:jenmek], işl.Gaýrata galmak,
taýýar bolup durmak,taýýarlyk görülmek. Gara öýüň 
ortasyndaky ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny 
sowman oturan ýaşy elli çemesi, süňkbaşy iri, ýüzi 
nurana kişi egnine ýasgynjak atynan possunynyň 
ýakalaryny çekişdirip, syýyny ýygnap, has-da tijendi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 
s.). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   604   605   606   607   608   609   610   611   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling