Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TIJÄBERMEK  [tijä:vermek],  işl.  Tijäp  başlamak.  TIJEÝIŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet609/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   605   606   607   608   609   610   611   612   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TIJÄBERMEK 
[tijä:vermek], 
işl. 
Tijäp 
başlamak. 
TIJEÝIŞ [ti:jeýiş], iş ady.Tijemek ýagdaýy. 
TIKDIRMEiş ady. Tikdirmek ýagdaýy. 
TIKDIRMEK, işl. Tikmek işini başga birine 
etdirmek, ýerine ýetirtmek. Biz ýüň matadan don 
tikdirmekçi (

Türkmenistan

). 
TIKE, at. Döwlen zadyň kiçijik bölegi. Gapa 
degip döwlen çäýnegiň her tikesi bir ýana uçdy. 
TIKENat. Ýandagyň, demirtikeniň, bägülüň we 
ş.m. ösümlikleriň ýa-da agajyň ujy inçejik, ýitije 
ösüntgisi. Ýandagyň tikeni. 
TIKENEKat.1. Tikenli ösümlik we onuň tiken 
görnüşli ösüntgisi. Bu töweregiň otlary tikeneklidir. 
2. Simiň uzyn ugruna uçlary ýiteldilip saralan sim 
bölekleri, tikenli sim. Tikenek sim. 
TIKENEKLEME
iş 
ady. 
Tikeneklemek 
ýagdaýy. 
TIKENEKLEMEK
işl.1
Tikenekli 
ösümliklerde we ş.m. tikenek çykyp başlamak. 
Demir tiken tikenekläp başlapdy. 2. göç.m. Gorky, 
üşemek we ş.m. zerarly endamyň dyglap gitmek. Bu 
sözi eşideninde, gyzyň endamy tikenekläp gitdi. 
TIKENEKLETMEK
işl. 
Endamyňy 
jümşüldetmek, teniňi çümmükleýän ýaly edip 
dygyrdatmak. 
Daňdanyň 
çigregi 
iniňi 
tikenekledýärdi. 
TIKENEKLEÝIŞ
iş 
ady. 
Tikeneklemek 
ýagdaýy. 
TIKENEKLI, syp.1. Tikeni, tikenegi bar bolan. 
Tikenekli gül. Tikenekli sim. 2. göç.m. Ýürege, jana 
degýän, ýerliksiz (söz hakynda). 
TIKENEK-TIKENEK
syp. 
1
Tikenleri 
somalyşyp duran, bar ýeri tikenden doly. Biziň şu 
erigimiziň şahalary tikenek-tikenek. 2. Dim-dik 
bolşup duran, syh-syh. Onuň sakgal-murty tikenek-
tikenekdi (

Edebiýat we sungat

). 


369 
TIKENLI, syp., ösüml.d. 1. Tikeni bar bolan. 
Tikenli çöpler. Tikenli agaç. 2. göç.m. Duzly, ýiti. 
ötgür. Dili tikenli. 
TIKE-TIKE, hal. Bölek-bölek. Eý, Saýat han, 
kyrk taýak ursaň, bu baba tike-tike bolar (

Saýatly – 
Hemra

). 
TIKILMEK, işl. Tikin bilen berkidilip 
taýýarlanmak, sapakly iňňe bilen berkidilip, belli bir 
şekile getirilmek. Biz matadan tikilen ezýaka köýnek
TIKIM,at,ser. Tikin. 
TIKINat.1. Tikin tikmek işi. 2. Mata-marlagyň 
sapakly iňňe bilen tikilen ýeri. 

Tikin maşyny tikin tikýän maşyn. 
TIKIN-ÇATYNat. Her hili tikin işleri. Ene iňňä 
sapak ötürinip, tikin-çatyn işleri bilen gümra boldy. 
TIKINÇI
at. 
Tikin 
tikmek 
işi 
bilen 
meşgullanýan adam. 
TIKINÇILIK, at. Tikin tikmek käri, tikinçiniň 
ýagdaýy. Mekdepde tikinçilik hem ýola goýuldy. 
TIKINMEKişl. Özüň üçin tikmek. Men şu wagt 
köýnek tikinýärin. 
TIKIŞiş ady. Tikmek ýagdaýy. 
TIKIŞDIRMEKişl. Bir ýanyndan tikip çykmak, 
tikip bolmak. Çagalara köýnek tikişdirmek. 
TIKIŞMEK, işl. 1. Tikmäge kömek etmek. 2
Birnäçe bolup bilelikde tikmek. Gyzlar köýnek tikişip 
otyrdylar. 
TIKMEiş ady. Tikmek ýagdaýy. 
TIKMEKişl. Matany, derini biri-biri bilen iňňeli 
sapak arkaly birleşdirip, belli bir görnüşe getirmek. 
Ekin ekdim darydan, Içmek tikdim ýarydan (Läle). 
TIKMEKLIKiş ady. Tikmek ýagdaýy. 
TIL I, at.1. şahyr. Dil. Toty kimin suhanwer
sözläp şirin tile gel (Kemine). Hiç unutman, janym 
çyksa bu tenden, Süýji sözlän tiller, galdyň, hoş indi 
(Seýdi). 2gepl.d. Telefon.

Til bermek söz, wada bermek. Özgelerge til 
berip, halym perişan etmegil (Mollanepes).  
TIL II: til kakmak telefon etmek, jaň etmek. 
TILISGE [tilisğe], at. Üzüm salkymyny emele 
getirýän birnäçe üzümli sapajyklar. Bir tilisge üzüm. 
TILKI, at. 1. Itler maşgalasyndan bolan uzyn 
tumşukly, pişge guýrukly, süýdemdiriji ýyrtyjy 
haýwan. Ajaly ýeten tilki hinine bakyp uwlar (Nakyl). 
2göç.m. Örän hilegär, sapalakçy, mekir. 

Tilkiguýruk
bolmak daň saz bermek. 
TILKIÇAÝ [tilkiça:ý], at. Boýy 20-30 sm ýetýän 
köpýyllyk, ýarym gyrymsy ýabany ösümlik. 
TILKILENMEK, işl. Mysapyr bolmak, sessiz-
üýnsüz gezmek. Şunça pakyrlyga urdum özümi, 
Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy (Magtymguly). 
TILKILIKat. Mekirlik, hilegärlik. 
TILSIMat1gepl.d. Çala berkidilen, emel bilen 
edilen, çalaja ilteşip duran zat. Gapa gulp diýip alan 
zadym ýöne bir tilsim eken, iki gün geçmänkä 
zyňaýmaly boldy. 2. Bir zadyň ýasalyşynyň inçeden 
çylşyrymly usuly. Munuň nähili tilsimler bilen şeýle 
bolýanyny meniň bilesim gelýär.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   605   606   607   608   609   610   611   612   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling