Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
TIRÝEKHOR [tirýekho:r], syp., ser. Tirýekkeş
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
TIRÝEKHOR [tirýekho:r], syp., ser. Tirýekkeş.
TIRÝEKHORLUK [tirýekho:rluk], at, ser. Tirýekkeşlik. TIRÝEKI, syp., ser. Tirýekkeş. TIRÝEKILIK, at, ser. Tirýekkeşlik. TIRÝEKKEŞ, at. Tirýek çekýän ýa-da atýan (adam), neşekeş, neşebent. TIRÝEKKEŞLIK, at. Tirýekkeş bolmaklyk, tirýekden habarlylyk, neşekeşlik. TISGINDIRMEK [tisğinnirmek], işl. Duýdansyzlykda birden ziňkildetmek, gorkuzyp allaniçigsi etmek. Şol habar diňe bir meni däl, beýlekileri-de tisgindirdi. TISGINIŞ [tisğiniş], iş ady. Tisginmek ýagdaýy. TISGINIŞMEK [tisğinişmek], işl. Birnäçe bolup tisginmek. TISGINJIREMEK [tisğinjiremek], işl. Duýdansyzlykda çalarak tisginmek. Onuň dodaklary tisginjiredi. TISGINME [tisğinme], iş ady. Tisginmek ýagdaýy TISGINMEK [tisğinmek], işl. Gorky-ürki we ş.m. sebäpli alaniçigsi bolmak. Oglanjyk tisginip gitdi. TISGINMEKLIK [tisğinmeklik], iş ady. Tisginmek ýagdaýy. TIŞI, syp., kön.s. Urkaçy (haýwanlar hakynda). TITI [ti:ti], syp., gepl.d. Özüni öte arassa saklaýan, gowy, arassa geýinýän. TITILLEMEK [ti:tillemek], işl., gepl.d. Üstüne- başyna serenjam berip, aladasyz gezmek, ýaşamak. Onuň iş etsem diýen pikiri ýok, haçan görseň titilläp ýörendir. TITILLEŞMEK [ti:tilleşmek], işl., gepl.d. Bilelikde titillemek. Iki jora titilleşip, seýilgähe tarap ugrady. TITIR, at, ös . Daglyk we çöllük ýerlerde ösýän gyrymsy köpýyllyk ösümlik. TITIRDEMEK, işl., ser. Titremek. TITIRDEŞMEK, işl., ser. Titreşmek. TITIR-TITIR: titir-titir etmek gorky, üşütme, gahar we ş.m. sebäpli sandyrap titremek. TITREME [titireme], iş ady. Titremek ýagdaýy. TITREMEK [titiremek], işl. 1. Zarba ýa-da başga bir zadyň güýji, täsiri we ş.m. sebäpli yrgyldamak, yraň atmak. Onuň sakgaly hem titreýärdi. 2. Gorky, üşütme, gahar we ş.m. zerarly bedeniň galpyldamak, sandyramak. 3. Güýçli ýerasty sarsgyn sebäpli ýeriň üstki gatlagy yranmak.Ýer titremek. TITREMEKLIK [titiremeklik], iş ady. Titremek ýagdaýy. TITREŞMEK [titireşmek], işl. Köp zat bilelikde titremek. TITRETMEK [titiretmek], işl. Bir zady sandyratmak, yrgyldatmak, titreme emele getirmek. Ysytma onuň deşli göwresini titredýärdi. 372 TITREWÜK [titiröwük], 1. syp. Titräp duran, sandyrawuk. Titrewük ses. 2. Köplenç, eli titräp duran adam. TITREÝIŞ [titireýiş], iş ady. Titremek ýagdaýy. Her gezek ýeriň titreýşi dürli bolýar. TIZ [ti:z], hal. Çalt, derrew, basym, dessine. Tiz lukmançylyk kömegi 1) gyssagly suratda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, şonuň ýaly-da heläkçilige uçranlary kesel bejeriş edaralaryna getirmek bilen meşgullanýan medisina gullugy. 2) heläkçilige uçran adamlary gyssagly suratda kesel bejeriş edaralaryna getirýän maşyn. Tiz kömek ser. Tiz lukmançylyk kömegi. TIZDEN-TIZ [ti:zzen-ti:z], hal. Örän tiz, gaty çalt, derrew. Tizden-tiz sorasyn, bikär ýatmasyn, Çyn ýagşynyň galyňyndan gaýtmasyn (Çary Afzal). TIZLEME [ti:zleme], iş ady. Tizlemek ýagdaýy. TIZLEMEK [ti:zlemek], işl. Bir zadyň, işiň we ş.m. amal edilişini çaltlandyrmak. Bu işi tizlemek üçin her kimiň ýerli-ýerden, güýjüniň ýetdiginden kömek bermegi gerek. TIZLEMEKLIK [ti:zlemeklik], iş ady. Tizlemek ýagdaýy. TIZLENDIRMEK [ti:zlennirmek], işl., ser.Tizleşdirmek. TIZLENME [ti:zlenme], iş ady. Tizlenmek ýagdaýy. Otlynyň tizlenme hereketi sagatda 60 km barabar boldy. TIZLENMEK [ti:zlenmek], işl. Çaltlanmak, batlanmak, belli bir tizlige eýe bolmak. TIZLEŞDIRILMEK [ti:zleşdirilmek], işl. Çaltlaşdyrylmak. TIZLEŞDIRMEK [ti:zleşdirmek], işl. Bir işiň edilmegini çaltlandyrmak, depginini güýçlendirmek. Onuň tutanýerli zähmeti gözleg işlerini tizleşdirýärdi. TIZLEŞMEK [ti:zleşmek], işl. Çaltlaşmak, depgini güýçlenmek, basym bolmak. Näçe yhlasly işlense, kölüň gurluşygy şonça-da tizleşer. TIZLEÝIŞ [ti:zleýiş], iş ady. Tizlemek ýagdaýy. TIZLIK [ti:zlik], at. 1. Bir işiň, hereketiň çaltlyk derejesi. Otlynyň tizligi. 2. fiz. Wagt aralygyna laýyklykda jisimiň geçen ýoluna bolan gatnaşygy. Orta tizlik. Haýal tizlik. Tizlik birligi. TIZLIKDE [ti:zlikde], hal. Ýakyn wagtda, uzaga çekdirilmän, tiz wagtyň içinde, ýakynda, golaýda. TIZ-TIZ [ti:z-ti:z], hal. Çalt-çalt. TIZ-TIZDEN [ti:z-ti:zzen], hal. Çalt-çaltdan, ara wagt salman, dessine, haýal etmän. Onuň sesi başga daraklaryň sesinden has zarplyrak çykyp, kakymy tiz- tizden berilýärdi. TOBA [to:vo], üml. Puşman etme, päliňden gaýtma. – Toba, toba! – diýip ýakasyna tüýkürdi. Toba etmek (eýlemek, kylmak) päliňden gaýtmak, gaýtmyşym etmek, puşman etmek. Ýigitlikde kylsaň toba, köp derdiňe dowa bolar (Magtymguly). Toba getirmek ýola salmak, tertibe salmak, eden işine ökündirmek. TOBA-TAGSYR [to:vo-tağsy:r], üml., ser. Toba. Uly söze toba tagsyr uly geplemäýin diýen manyda ulanylýan aňlatma. TOGALAK [toğolok], syp. 1. Top, pökgi görnüşindäki. 2. Oklaw şekilli, ýasy däl. Togalak pürs. 3. göç.m. Kelte boýly hem-de inedördül. Togalak oglan. TOGALAMA [toğolomo], iş ady. Togalamak ýagdaýy. TOGALAMAK [toğolomok], işl. 1. Bir zady togalak etmek, togalak görnüşine getirmek, togarlamak. 2. Oklaw, turba görnüşine getirmek. 3. Tigirläp goýbermek, togarlamak. Olar gaýadan daş togaladylar. TOGALAMAKLYK [toğolomokluk], iş ady. Togalamak ýagdaýy. TOGALANMAK [toğolonmok], işl. 1. Togalak bolmak. 2. Eýläk-beýläk agdarylmak, agynamak. Iti boşanyp, ekiniň içinde togalanyp oýnapdyr. 3. Ýokardan aşak aşyrylyp-aşyrylyp gitmek, togarlanmak. TOGALANYŞMAK [toğolonuşmok], işl. Köp bolup togalanmak. TOGALAŞDYRMAK [toğoloşdurmok], işl. Köp zady togalap çykmak. Ol horjuna elini sokup, alma hem nar çykaryp, ogluna tarap togalaşdyrdy. TOGALAŞMAK [toğoloşmok], işl. 1. Togalamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde togalamak. Adamlar dagdan daş togalaşyp durdular. TOGALATMAK [toğolotmok], işl. Togalamak işini başga birine etdirmek. TOGALAÝYŞ [toğoloýuş], iş ady. Togalamak ýagdaýy. TOGAP [toğa:p]: togap etmek birini ýa-da bir zady mukaddes hasap edip, daşyndan aýlanmak, şoňa çokunmak, maňlaýyňa sylmak, degirmek. Men togap edermen aýak tozlaryň ( Şasenem – Garyp ). TOGAR [toğor], syp.,at. Kagyz, mata ýaly ýuka zatlaryň öz daşyna saralan bölegi, top. Bir togar kagyz. TOGARLAMA [togorlomo], iş ady. Togalamak ýagdaýy. TOGARLAMAK [toğorlomok], işl., gepl.d. Togalamak. TOGARLANMAK [toğorlonmok], işl., gepl.d. Togalanmak. Ol iki ýana togarlanýardy. TOGARLAŞMAK [toğorloşmok], işl. 1. Togarlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde togarlamak. Oglanlar üýşüp gar togarlaşdylar. TOGARLATDYRMAK [toğorlotdurmok], işl., ser. Togarlatmak. TOGARLATMAK [toğorlotmok], işl. Togarlamak işini başga birine etdirmek. Kakam howludaky pürsleri, çelekleri bize togarlatdy. TOGARLAÝYŞ [toğorloýuş], iş ady. Togarlamak ýagdaýy. TOGDARY [toğdory], at. Gazlar maşgalasyndan bolan uly aw guşy. TOGSAN [toğson], san. 90 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. 373 Togsan dolmak gyşyň üç aýy, togsan güni tamamlanmak, gyş çykmak. Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz (Magtymguly). TOGSANYNJY [toğsonunjy], 90 sanyndan ýasalan tertip san. TOGTADYLMAK [toğtodulmok], işl. Hereketi bes edilmek, duruzulmak. TOGTAMA [toğtomo], iş ady. Togtamak ýagdaýy. TOGTAMAK [toğtomok], işl. 1. Hereketi durmak, ýatmak, saklanmak. Harasat togtap, howa açylypdy. 2. Aýak çekmek, durmak, ýöremegi bes etmek, saklanmak. Olar uly erik agajynyň düýbünde togtadylar. TOGTAMAKLYK [toğtomokluk], iş ady. Togtamak ýagdaýy. TOGTAŞMAK [toğtoşmok], işl. 1. Köp zadyň hereketi togtamak. 2. Birneme saklanmak, ýatyşmak, az-owlak köşeşmek, duruşmak. Köşekleriň bozlaşygy birneme togtaşdy. TOGTATMAK [toğtotmok], işl. Saklatmak, bökdetmek, duruzmak. Düýnki ýagan gar gyzgalaňly barýan işi wagtlaýynça togtatdy. TOGTAW [toğtow], at, gepl.d. Hereketsiz ýagdaý. TOGTAWSYZ [toğtowsuz], syp. Hemişe hereketde bolan, dynuwsyz, birsyhly, durman. Dogry, otlynyň işi elmydama togtawsyz, köp hysyrdyly işdi. TOGTAÝYŞ [toğtoýuş], iş ady. Togtamak ýagdaýy. TOHUM, at. 1. Ekmek üçin niýetlenen saýlama däne, çigit. 2. Janly bedeni emele getirýän madda, döl. 3. Hili oňat (haýwan). Tohum at. 4. Nesil, nebere, tohum-tiç. Tohum almak tohumlar gögerip, düýp tutmak. TOHUMÇYLYK [tohumçuluk], at, Oba hojalygynyň tohum taýýarlaýan pudagy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling