Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TOPULMAKLYK [topulmokluk], iş ady.  Topulmak ýagdaýy.  TOPULMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet615/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   611   612   613   614   615   616   617   618   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TOPULMAKLYK [topulmokluk], iş ady. 
Topulmak ýagdaýy. 
TOPULMAZLYK 
[topulmozluk], 
iş ady. 
Topulmak hereketini etmezlik. 
TOPULYBERMEK 
[topuluvermek], 
işl. 
Topulyp başlamak. It ýat adam görse topulyberýär. 
TOPULYŞMAK 
[topuluşmok], 
işl. 
Bile 
topulmak; biri-birine hüjüm etmek. 
TOPUR, at. 1. ser. Toprak 1. Dogduk ýerimiň 
topuryny gözüme sürtdüm. 2. Topragyň toýun 
gatyşykly zire-zire bolup duran görnüşi, gum. 


377 
TORat. 1. Balyk, guş we ş.m. tutmak üçin inçe 
ýüpden ownuk gözenek-gözenek edilip örülen enjam. 
2. Gawunyň daşyndaky çyzmyklar. 3. Zat salmak 
üçin ýüpden we ş.m. taýýarlanýan gözenekli hojalyk 
esbaby. Onuň bir elinde kartoşkadan, düýp sogandan, 
almadyr pomidordan, kelemden hyryn-dykyn bolan 
tory bardy (B. Annageldiýew).

 Tora düşmek (düşmezlik) birini ýa-da bir zady 
hile gurup ele salmak. Laçynam, düşdüm toruňa, 
Arap gardaş, aman-aman! (

Görogly

). Tora salmak 
ser. Tora düşmek. Gaç garry duşman ýanyndan, 
Tora salar al biläni (Mätäji). Tor gurmak birini ele 
düşürmek üçin hile duzagyny gurmak. Pelek bize egri 
bakyp, Tor gurupdyr daşymyza (Magtymguly). 
TORAGAÇ [torağaç], at. Tor dokalanda 
(örülende) onuň gözleriniň deň bolmagy üçin 
ulanylýan agaç gural. 
TORAŇŇY [toroňňy], at, ösüml.d. Derýa 
ýakalarynda, ýap boýlarynda ösýän agaç. Derýanyň 
iki ýan kenarynda mähnet toraňňylar ösüp otyrdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   611   612   613   614   615   616   617   618   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling