Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet614/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   610   611   612   613   614   615   616   617   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TOMMUKLAŞMAK [tommukloşmok], işl. 1
Tommuklamaga kömek bermek. 2. Bilelikde 
tommuklamak. 
TOMMUKLATMAK 
[tommuklotmok], 
işl. 
Tommuklamak işini başga birine etdirmek. 
Pomidorlaryň düýbüni tommuklatmaga adam tapjak 
bolýaryn. 
TOMMUKLAÝYŞ [tommukloýuş], iş ady. 
Tommuklamak ýagdaýy. 
TOMOGRAFIÝA [tomogyra:fyýa], at. Barlag 
üçin rentgenorafiýa usuly bilen beden agzasynyň 
aýry-aýry gatlaklarynyň kölege şekillerini almak. 
TOMSUNA [tomsuno], hal. Tomus wagty. 
Türkmenistanda tomsuna jöwzaly günler köp bolýar. 
TOMUSat. Ýylyň ýaz bilen güýz aralygyndaky 
yssy pasly. Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany 
gaýnamaz (Nakyl). 
TOMUSKY, syp. 1. Tomus üçin niýetlenen. 
Tomusky klub. 2Tomusdaky. Ony tomusky görşüm. 
TOMZAK [tomzok] at. Gaty ganatlylar 
maşgalasyndan bolan mör-möjek. 
TON [to:n], at, gepl.d., serTonna. 

Ýüzüňi ton ýarym edip oturmak ýüzüňi 
agryljyradyp, agrassyrap gomparyp oturmak. 
TONNA [to:nno], at. 1000 kg barabar agyrlyk 
ölçegi. 
TONNALAMA 
[to:nnolomo], 
iş 
ady. 
Tonnalamak ýagdaýy. 
TONNALAMAK [to:nnolomok], işl. Tonna 
hasaby bilen ölçemek, tonna-tonna edip bölmek. Köp 
tonna, tonna-tonna ( hal işliginiň goşulmasy goşulan 
halatynda ulanylýar). Ol şu ýyl eken ýerinden 
tonnalap bugdaý aldy. 
TONNALAÝYŞ 
[to:nnoloýuş], 
iş 
ady. 
Tonnalamak ýagdaýy. 
TONNALYK [to:nnoluk], syp. Agramy tonna deň 
bolan. On tonnalyk maşyn. 
TONNA-TONNA [to:nno-to:nno], hal. Köp 
tonnalap, tonnalap-tonnalap, köp tonna möçberinde.  
Ýerden tonna-tonna hasyl almak.
TOŇK, s.ş.aňl.söz. Içi boş demir gap gaty ýere 
gaçanda ýa-da şol gaba gaty zat bat bilen degende 
çykýan ses. 
TOŇKARMA [toňkormo], iş ady. Toňkarmak 
ýagdaýy. 
TOŇKARMAK [toňkormok], işl. Püri, şahasy 
kesilen görnüşde bolmak, şonuň ýaly-da saçy syrylan 
ýa-da başy açyk ýagdaýda bolmak. Bir gün gelsem, 
kesilen tut agajy toňkaryp otyr. 
TOŇKARTMAK [toňkortmok], işl. Toňkaran 
ýagdaýa, görnüşe salmak. Ol tahýasyny geýmän, 
syrylan kellesini toňkardyp otyrdy. 
TOŇKARYLMAK [toňkorulmok], işl. Toňkaryp 
durmak. Çybyklary gyrkylan üzüm agaçlary keseden 
toňkarylyp görünýär. 
TOŇKATARat. Ýekenil tüpeň. 
TOŇKULDAMA 
[toňkullomo], 
iş 
ady. 
Toňkuldamak ýagdaýy. 
TOŇKULDAMAK [toňkullomok], işl.

Toňk!

edip ses çykarmak, toňkuldyly ses çykmak. Tüpeň 
sesi toňkuldap çykdy. 
TOŇKULDATMAK [toňkullotmok], işl.

Toňk!

edip ses çykartmak, toňkuldyly ses çykartmak. Ol 
awa gidende, ýekenil bilen toňkuldadyp guş atardy. 
TOŇKULDAÝYŞ 
[toňkulloýuş], 
iş 
ady. 
Toňkuldamak ýagdaýy. 
TOŇKULDY [toňkully], at. Içi boş demir gap 
gaty ýere gaçanda ýa-da şol gaba gaty zat bat bilen 
degende çykýan sesiň ady. 
TOP I, at. Içine ýel berlip oýnalýan rezin ýa-da 
gaýyş pökgi. Top oýnamak
TOP II, at. 1. Belli bir mukdardaky zatlaryň 
daňysy. Bir top mata. 2. Topar. Garakçy topdan 
aýrylany sanjar (Sopy Allaýar). Olar topy bilen toýa 
ugrady. 

 Top tutmak bir ýere jemlenmek, üýşmek. Ileri-
gaýra dyzaşýan atlar top tutup durdular. Top urmak 
ýalan sözlemek, aldamak, çypdyrmak; ýapa 
degmeýän söz aýtmak. 
TOP III, at, harby. Ýogyn uzyn nilli we dürli 
ölçegli ot açýan ýarag. Toplaryň gümmürdisi. 
TOP IV, at. 1. Suw degirmeniniň çarhynyň 
perlerini birleşdirýän ýogyn tegelek agaç. 2. Içinden 
arabanyň oky geçýän togalak agaç. 
TOPALAK [topolok], at, ösüml.d. Suwluk 
ýerlerde ösýän düýbi garaja kösükli haşal ot. 
TOPALAŇ [topoloň], at. Nägilelik sebäpli 
adamlaryň galmagally üýşmeleňi, gozgalaňy. 
TOPALAŇÇY 
[topoloňçy], 
at. 
Topalaňa 
gatnaşyjy. 
TOPAR [topor], at. 1. Adamlaryň bir ýere 
jemlenen üýşmegi, toplumy. Kärendeçilikde ýaş 
össürimleriň uly topary işleýär. 2. Bir maksat üçin, 
bir kär, iş boýunça toplanan adamlaryň jemi. 

 Topar tutmak topar bolup birleşmek, bir topara 
üýşmek, jemlenmek. Olar topar tutup, tirkeşip 
ugradylar. 
TOPARLANMAK [toporlonmok], işl. Topar 
bolup üýşmek. Toparlanyp, dörtden-bäşden kölegede 
otyrdylar.  
TOPARLANYŞMAK 
[toporlonuşmok], 
işl. 
Birnäçe bolup üýşmek, toparlanmak. 
TOPAZ [topoz] Iat. Uly malyň aşygy. 
TOPAZ [topoz] IIat. Degirmeniň aşaky daşynyň 
deşigine kakylýan togalak agaç. 
TOPAZ [topoz] III, at. Gymmatbaha daş 
hökmünde ulanylýan dürli reňkli gaty jisim. 
TOPBAK [topbok], at. 1. Nämedir bir zadyň bir 
ýere jemlenen üýşmegi, topar. Günbatardan bir 
topbak çal bulut kem-kemden süýşüp gelýärdi. 2


376 
gepl.d. Goşgynyň bir bendi. Goşgynyň bir topbagyny 
ýat tutmak. 
TOPBAKLAMA 
[topboklomo], 
iş 
ady. 
Topbaklamak ýagdaýy. 
TOPBAKLAMAK [topboklomok], işl. Topbak-
topbak etmek. 
TOPBAKLANMAK 
[topboklonmok], 
işl. 
Topbak-topbak edilmek. Ýyglan otlar bir ýere 
topbaklandy. 
TOPBAKLAŞDYRMAK 
[topbokloşdurmok], 
işl. 
Topbak-topbak 
edişdirmek, 
bir 
ýere 
üýşürişdirmek, jemleşdirmek. 
TOPBAKLAŞMAK [topbokloşmok], işl. Topbak 
etmäge kömekleşmek, üýşürişmek. 
TOPBAKLATMAK 
[topboklotmok], 
işl. 
Üýşürtmek, ýygnatmak, jemletmek. 
TOPBAKLAÝYŞ 
[topbokloýuş], 
iş 
ady. 
Topbaklamak ýagdaýy. 
TOPBAK-TOPBAK 
[topbok-topbok], 
syp. 
Birnäçe topbak, üýşmek-üýşmek bolup duran. 
Topbak-topbak ýylgynlyk. 
TOPBARMA [topbormo], iş ady. Topbarmak 
ýagdaýy. 
TOPBARMAK [topbormok], işl. Güberilip, 
tümmerip durmak, pökgermek. Topbaryp duran 
ýaňak. 
TOPBARMAKLYK [topbormokluk], iş ady. 
Topbarmak ýagdaýy. 
TOPBARTMAK [topbortmok], işl. Pökgertmek, 
gabartmak. 
TOPBARYŞMAK [topboruşmok], işl. Köp zat, 
topbaryp durmak. 
TOPBAŞ, at. 1. Boýy pessejik çopantelpek 
ösümligi. 2. Çiledäki çaga geýdirilýän başgap. 
TOPBY, at,
 
gepl.d. 1. Aýallaryň kellelerine 
geýýän börügi. 2. Üşemezlik üçin ýaş çagalaryň 
kellelerine geýdirilýän, pagta salnyp syralan gulakly 
başgaby. 
TOPÇY, at. Top atyjy. Topçular bölümi. 
TOPÇYBAŞY [topçuvaşy], at. Topçularyň 
ýolbaşçysy. 
TOPHANA [topha:na], at. Ok-ýarag, top we ş.m. 
saklanýan ýer, saraý. 
TOPLAMA [toplomo], iş ady. Toplamak 
ýagdaýy. 
TOPLAMAK 
[toplomok], 
işl. Bir ýere 
üýşürmek, ýygnamak, jemlemek. Sygyrlarymy 
toplap, ýüzümi oba tarap öwürdim. 
TOPLAMAKLYK [toplomokluk], iş ady. 
Toplamak ýagdaýy. 
TOPLANMAK [toplonmok], işl. 1. Ýygnanmak. 
Gelnalyjy toplandy. 2. Ýygnalmak, bir ýere 
üýşürilmek. Bir gujak ýüň toplandy. 
TOPLANYLMAK [toplonulmok], işl., ser. 
Toplanmak.
TOPLANYŞMAK [toplonuşmok], işl. Bilelikde 
toplanmak, köp bolup üýşmek. Ýowara gatnaşjaklar 
toplanyşdylar. 
TOPLAŞDYRMAK [toploşdurmok], işl. Birnäçe 
zady toplap bolmak; bilelikde toplamak. 
TOPLAŞMAK [toploşmok], işl. Ýygnaşmak, 
zatlary ýygnamaga kömekleşmek. Edebi miraslary 
toplaşmak. Sürini toplaşmak. 
TOPLATMAK [toplotmok], işl. Üýşürtmek, 
ýygnatmak. 
TOPLAÝYŞ [toploýuş], iş ady. Toplamak 
ýagdaýy. 
TOPLUM, at. 1. Üýşmeleň, topar. Oglanlar 
toplumy bilen toýa ugradylar. 2. Bir kitaba girizilen 
çeper eserleriň ýa-da resminamalaryň ýygyndysy. Ol 
öz goşgular toplumyny çap etdirdi. 3. Birnäçe 
bölekden ybarat; köp bölek. Binalar toplumy. 
TOPLUMGAÇAR [toplumğaçar], at. El topy 
bilen oýnalýan oýun. 
TOPLUMLAÝYN [toplumloýun], hal. Köp, 
birnäçe zatlary, toparlary, işleri we ş.m. öz içine 
alýan.  
TOPLUM-TOPLUM, syp. Topar-topar, birnäçe 
toplum, üýşmek-üýşmek. Oglan-uşak toplum-toplum 
bolup üýşerdiler. 
TOPOGRAFIÝA [topogyra:fyýa], at. Haýsydyr 
bir ýeriň geografik we geometrik elementlerini 
şekillendirmegiň usullaryny öwrenýän ylmy ugur. 
TOPOLOGIÝA [topoloğyýa],at. Matematikanyň 
geometrik figuralaryň has umumy häsiýetlerini, 
alamatlaryny öwrenýän bölümi. 
TOPONIMIKA [toponi:mika], at. Dil biliminiň 
geografik has atlary öwrenýän bölümi. 
TOPRAK [topurok], at. 1. Ýeriň üstki gatlagyny 
emele getirýän, hasyl berýän gum, topur. 2. göç.m. 
Önüp-ösülen ýer, ýurt. Bu topragyň her bir künji – 
meniň Watanym. 3. dokm. Halynyň, palasyň 
başlanýan we gutarýan ýerindäki eriş kakylýan ýer. 
Men halynyň ýaňy topragyny kakdym. 
TOPUK, at. Aýagyň ökje bilen injik süňküniň 
birigýän ýerindäki iki tarapa tokgaryp çykyp duran 
süňk. 
TOPUKLYK [topukluk], at. Topugyň ýerleşýän 
ýeri. Meniň topuklygym agyrýar. 
TOPULDYRMAK 
[topullurmok], 
işl. 
Topulmaga mejbur etmek. Çopan küşgürip itlerini 
topuldyrdy. 
TOPULMA [topulmo], iş ady. Topulmak 
ýagdaýy. Onuň üstüne topulmaň näme? 
TOPULMAK [topulmok], işl. Biriniň ýa-da bir 
zadyň üstüne okdurylmak, hüjüm etmek. At salanda, 
doňuz kimin topulyp, Aýylaýyn asylyşy gerekdir 
(Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   610   611   612   613   614   615   616   617   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling