Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet622/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   618   619   620   621   622   623   624   625   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Durnam – toýnuk! Ýazyň günleri durna sürüsi 
toýnuk şekilini emele getirip, ýokardan uçup 
geçende, köplenç, çagalar tarapyndan gygyrylyp 
aýdylýan aňlatma. 
TOÝ-TOMAŞA [toý-tomoşo], at. Toý we 
tomaşa. Toý-tomaşa, märeke ýok, meýlis ýok, Köňül 
arzuw eýlär, Watanym, seni (Zelili). 
TOÝ-TOMGY [toý-tomğy], at, ser. Toý we şoňa 
meňzeş üýşmeleňler. Ol mamasynyň diş-dyrnak 
bolup, azap baryny siňdirip geýdiren bu egin-eşigini 
negada bir toýda-tomguda geýip çykarýardy 
(A.Gowşudow).  
TOÝUN, at. Topragyň ýelmeşegen özli görnüşi, 
şykgy. Toýun palçyk. 
TOÝUNSOW, syp. Toýun garyndyly, toýun 
gatyşykly. Toýunsow ýerler. 
TOZ [to:z], at, ser. Tozan. At toýnagynyň tozy 
asmana galdy (B. Kerbabaýew).

Toz gopdurmak bir zat üçin goh-galmagal 
etmek, gykylyk etmek.
TOZABERMEK [to:za:vermek], işl. Tozap 
başlamak. 


381 
TOZAGYÇ [tozoğuç], syp. Tozap duragan, tozap 
pytragyç. Çäge tozagyç bolýar. 
TOZAMA [tozomo], iş ady. Tozamak ýagdaýy. 
TOZAMAK [tozomok], işl. Tozan turmak, ýel, 
şemal we ş.m. sebäpli çäge, gum syrap durmak, 
sowrulmak. 
TOZAMAKLYK [tozomokluk], iş ady. Tozamak 
ýagdaýy. 
TOZAMAZLYK [tozomozluk], işl. Tozap 
durmazlyk. 
TOZAN [tozon], at. Topragyň, çägäniň, kirşeniň 
howadaky ýa-da her hili zatlaryň üstüne ýygnanýan 
owunjak bölejikleri, çaň, toz. Buz üstünde tozan 
arama (Nakyl). Eý, geçi, aňyrrakdan ýöre, tozan 
edýärsiň (

Türkmen halk ertekileri

). 

Tozan turuzmak alagalmagal etmek, goh, 
zenzele turuzmak. 
TOZANJYRAMAK [tozonjuromok], işl. Az-
owlak tozan turmak, wagtal-wagtal tozap durmak. 
Tozanjyrap agşam düşdi, Hemişeki düşüşi dek (Ç. 
Aşyrow). 
TOZANLAMAK [tozonlomok], işl. 1. Tozan 
turmak, tozanly ýel öwüsmek Howa tozanlap dur. 2
Tozan, çaň basmak. Sekiniň üstündäki keçe tozanlap 
ýatyr. 3. gepl.d. Çilim çekmek, tütetmek. 
TOZANLANDYRMAK [tozonlonnurmok], işl
Gülüň tozgasyny birinden beýlekisine geçirmek. Bal 
arylary güllere gonup, olary tozanlandyrýar. 
TOZANLANDYRYLMAK [tozonlonnurulmok], 
işl. Gül tozgajyklary beýleki ösümligiň gül tozgasy 
bilen çakyşdyrylmak. On-on bäş gün gülleýän 
aýratyn tohum döretmeli, ol hem şu iki tohumyň 
tozanlandyrylmagyndan 
emele 
geljek 
(A. 
Gowşudow). 
TOZANLANMAK [tozonlonmok], işl. Gül 
tozgajyklary arkaly 
çakyşmak. 
Erik gülleri 
tozanlanypdyr, gülleri dökülýär. 
TOZANLATMAK [tozonlotmok], işl. 1. Gül 
tozgajyklaryny ýaýratmak, gül tozgajyklary arkaly 
çakyşdyrmak. 2. Tozan etmek, tozan turuzmak, 
töwerege tozan ýaýratmak. Ol maşynyny tozanladyp, 
tiz obadan çykdy (G. Kulyýew).
TOZANLAÝYŞ 
[tozonloýuş], 
iş 
ady. 
Tozanlamak ýagdaýy. 
TOZANLY [tozonly], syp. Tozan basan, tozany 
köp. Tozanly ýol
TOZAŞMAK [tozoşmok], işl. Köp zat tozamak, 
ýerli-ýerden tozamak. 
TOZATDYRMAK 
[tozotdurmok], 
işl., 
ser.Tozatmak
TOZATMAK [tozotmok], işl.1. Tozan turuzmak, 
howany çäge, gum bilen örtmek. 2gepl.d. Bolmajak 
zady aýdyp goýbermek. Ba-a! Sen nireleri baryp 
tozatdyň? (B. Kerbabaýew). 
TOZAÝYŞ [tozoýuş], iş ady. Tozamak ýagdaýy. 
TOZDURMAK [tozzurmok], işl.1. Biriniň öýüni, 
malyny, emlägini zorluk bilen almak, talamak, 
emläksiz, 
mal-mülksüz 
goýmak, 
dargatmak, 
batyrmak. 2. göç.m. Geýip köneltmek, geýip 
ýyrtmak, dargatmak. – Bar, inim, nesip etsin, toýda 
tozdur – diýdi (H. Derýaýew). 
TOZDURYLMAK 
[tozzurulmok], 
işl. 
Dargadylmak, talanmak. Bu oba ozal faşistler 
tarapyndan tozdurylypdyr (A. Gowşudow). 
TOZGA [tozğo], at, gepl.d. 1. Tozgalaýan 
ösümlikleriň 
tozgalygynda 
ýerleşýän 
köp 
mukdardaky göze görünmeýän erkeklik jyns 
öýjükleri. Eglişip oturan gamyşlaryň tozgasy suwa 
degäýjek-degäýjek bolýardy (

Edebiýat we sungat

). 
2. Boýy 20-30 sm ýetýän köpýyllyk ýabany 
süýtleňňijiň ýeliň ugruna uçup gidýän tohumly 
übtügi. 3. Bir zadyň ýeňiljek tozaýan übtügi. Gar 
tozgasyn sepeläp, Ýanwar aýymyz geldi (K. 
Gurbannepesow). 
TOZGALAMA [tozğolomo], iş ady. Tozgalamak 
ýagdaýy. 
TOZGALAMAK [tozğolomok], işl.1. Tozgasy 
tozap uçmak, tozgasy şemala göterilip ýaýramak. 2
Şemal bilen garyşyp ýagmak (gar hakynda). Gar 
tozgalamaga başlady. 
TOZGALAMAKLYK [tozğolomokluk], iş ady. 
Tozgalamak ýagdaýy. 
TOZGALANMAK [tozğolonmok], işl. Gül 
tozgajyklar arkaly çakyşmak.
TOZGALAŞMAK [tozğoloşmok], işl. Köp zat 
tozgalap başlamak. Toraňňyň tozgasy tozgalaşyp,
ýerden asmana göterilýärdi. 
TOZGALATMAK 
[tozğolotmok], 
işl. 
Tozgasyny 
dargatmak, 
tozgany 
töwerek-daşa 
ýaýratmak. 
TOZGALAÝYŞ 
[tozğoloýuş], 
iş 
ady. 
Tozgalamak ýagdaýy, hereketi. Akbaşyň tozgalaýşyny 
gördüm, edil gar ýagýan ýaly. 
TOZGUNÇYLYK [tozğunçuluk] 1, at. Dargap 
gidijilik, deregi ýitijilik, tozup gitmeklik. 
TOZMA [tozmo], iş ady. Tozmak ýagdaýy. 
TOZMAK [tozmok], işl. 1. Emläksiz, hiç zatsyz 
galmak, dargamak, söwdada batmak. 2. göç.m. 
Geýlip ýyrtylmak, dargamak. Akyllynyň aty armaz
dony tozmaz (Nakyl). 3. Weýran bolmak, dargap ýok 
bolup gitmek. 
TOZMAKLYK [tozmokluk], iş ady. Tozmak 
ýagdaýy. 
TOZMAZLYK [tozmozluk], iş ady. Tozmak 
katdyna ýetmezlik. 
TOZ-TOPUR [to:z-topur], at. Topragyň, çägäniň 
we ş.m. zatlaryň garyntgyly ownugy. Gurak 
meýdandan getirilen toz-topur göýä ümür-duman 
ýaly dünýäniň dört töweregini halkalaýyn gabap 
alypdy (A. Gowşudow). 
TOZUŞiş ady. Tozmak ýagdaýy. 
TÖHMET [töhmöt] at. Birini masgaralamak üçin 
aýdylýan ýalan zat, ýalan gep tutaryk edinilip 
ýöňkelýän myjabat, garalyk, aýyp. Ot belasyndan, 
suw belasyndan, töhmet belasyndan hudaýyň özi 
gorasyn! (Dileg). 
TÖHMETÇI [töhmötçü], at. Töhmet atýan, 
myjabat edýän, aýyp ýöňkeýän adam. 
TÖHMETÇILIK [töhmötçülük], at. Töhmet 
edijilik, myjabat atyjylyk, aýyp ýöňkeýjilik. 
TÖKat. Tohumsyz (adam). 


382 
TÖLEG [tölöğ], at. Bir zada berilýän hak, 
tölenýän pul.  

Töleg haty belli bir mukdardaky pul kesgitlenen 
möhletde tölenenligi üçin berilýän resmi hat. 
TÖLEME [tölömö], iş ady. Tölemek ýagdaýy. 
TÖLEMEK [tölömök], işl. Satyn alan zadyň 
ýerine pul bermek; kireý hakyny, beýleki tölegleri
we ş.m. pul bilen üzmek.  
TÖLEMEKLIK [tölömöklük], iş ady. Tölemek 
ýagdaýy. 
TÖLENMEK [tölönmök], işl. Satyn alnan zadyň 
ýerine pul berilmek; kireý haky; beýleki tölegler we 
ş.m. pul bilen üzülmek.
TÖLEŞDIRMEK [tölöşdürmök], işl. Bir ýan 
ujundan töläp çykmak. 
TÖLEŞMEK [tölöşmök], işl. 1. Tölemäge 
kömekleşmek. 2. Birnäçe adam bolup tölemek. 
TÖLETDIRMEK 
[tölötdürmök], 
işl., 
ser.Töletmek
TÖLETMEK [tölötmök], işl. Tölemek işini 
başga birine etdirmek. 
TÖLEÝIŞ [tölöýüş], iş ady. Tölemek ýagdaýy. 
TÖŇŇE [töňňö], at. 1. Agajyň kesilen, çapylan 
bölegi. Üzüm töňňesi. Öl töňňe. Gury töňňe. 2
göç.m. Gaty garry adam. Bar günä şu köne 
töňňedemikä diýýän (B. Pürliýew).
TÖŇÜRTGE [töňürtgö], at. Guran töňňe, çakrap 
giden töňňe. Maýagözel gazanyň aşagyndaky tutaşyp 
duran töňürtgeleri kakyşdyryp, ody ulaltmaga 
başlady (N. Pomma). 
TÖŇÜRTGELIK 
[töňürtgölük], 
syp
Töňürtgäniň köp ýeri. Şol töwerek kä ýeri töňürtgelik, 
çendan ýeri, düýp-düýp çoganlyk, küpürsäp ýatan boz 
meýdandy (B. Kerbabaýew).
TÖP I, at. Bir zadyň suwy, şiresi sykylyp 
alnandan soň galýan galyndysy. 
TÖP IIat, Zagara balyklar maşgalasyndan bolan
ýasy bedenli süýji balyk. 
TÖR [tö:r], at. Öýüň düýp tarapy, öýüň hatyraly, 
hormatly hasaplanýan ýeri. Otur geç, oglan, töre, 
Meniň-de halym sora (Läleden). Gelin oda çaý 
goýdy, Anna-da töre geçdi (A. Alamyşow).
TÖRE [törö], at. 1. Abraýly, uly derejeli, atly 
adam. Beg, töre, aksakgal ýurduň eýesi, Küren tutar 
gözel ili türkmeniň (Magtymguly). 2. Oglana 
dakylýan at. 
TÖRELIK [törölük], at. Töräniň derejesi, 
ýagdaýy. 
TÖRPI [törpü], at. Agaç ýylmanýan, timarlanýan 
iri dişli ýasy ige. Elimize igedir törpi, çekiçdir isgene 
ýaly zatlary tutdurdylar (R. Gelenow). 
TÖRPÜLEME [törpülömö], iş ady. Törpülemek 
ýagdaýy. 
TÖRPÜLEMEK [törpülömök], işl. 1. Törpi bilen 
ýylmamak, ýonmak. Piliň, pyçagyň we ş.m. sapyny 
törpüläp ýylmamak. 2göç.m. Käbir gowşak ýazylan 
edebi ýa-da saz eserleriniň ol ýerini, bu ýerini 
düzedip, timarlamak, düzetmek. Kem-käs ýerini 
törpüleseň, saz ganat açarmykan diýýän (

Edebiýat 
we sungat

). 
TÖRPÜLEMEZLIK [törpülömözlük], iş ady. 
Törpi bilen ýylmamazlyk, ýonmazlyk. 
TÖRPÜLENMEK [törpülönmök], işl. Törpi 
bilen ýylmanmak, ýonulmak. Pil sapy törpülendi. 
TÖRPÜLEŞDIRMEK [törpülöşdürmök], işl. 
Törpi bilen ýylmaşdyrmak, ýonuşdyrmak. Ol pil
saplaryny törpüleşdirip goýdy. 
TÖRPÜLEŞMEK 
[törpülöşmök], 
işl. 
1
Törpülemäge kömekleşmek. 2. Bilelikde törpülemek. 
Ussalar täze pil sapylaryny törpüleşip otyrlar.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   618   619   620   621   622   623   624   625   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling