Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet620/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   616   617   618   619   620   621   622   623   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Toýuň başyny tutmak toýy gurmak, toý edip 
ugramak. Emma weli öz ataň toýuň başyn tutmasa, 
Beýle toýuň bir ýany kem bor eken, dostlarym (K. 
Gurbannepesow). Toý ýaglygy toýa gelenlere içine 
toý paýy salnyp berilýän ýaglyk. Toýuňda gaýtsyn! 

toýuňyza gatanç etmek bize-de miýesser etsin

diýen manyda ulanylýan aňlatma. 
TOÝ-BAÝRAM [toý-vaýram], at. Baýramçylyk, 
şagalaňlyk. Goç ýigide toýdur baýram, Her iş gelse il 
biläni (Magtymguly). Şu günler, hudaýa şükür, ýöne 
toý-baýram bolup dur. 
TOÝÇULYK [toýçuluk], at. 1. Toý geçirilýän 
ýer. 2. Toý-tomaşanyň köp geçirilýän wagty. Geçen 
ýyl toýçulyk ýyly boldy. 
TOÝÇY, at. 1. Toýa gatnaşýan adam. Sagda-
solda toýçy ýaly üýşüp duran ýigitler 

Bök-de bök!

 
boluşdylar (A. Gowşudow). 2. Tomzagyň çagasy, 
owunjak, kiçijik tomzak. 3. Oglana dakylýan at. 

Toýçy ýaly eýläk-de beýläk, gaýda-gaýmalaşyk 
(köp adam hakynda). Agyr mähelle giň howlynyň 
içinde ýerleşmedik bolara çemeli, howlynyň dört 
töwereginde-de 
adamlar 
toýçy 
ýalydy 
(A.Gowşudow). 
TOÝHANA [toýha:na], at. 1. Toý edilýän, toý 
geçirilýän ýer, jaý. Toýhananyň oduny, Ýylgynmyşyn, 
ýar-ýar (Toý aýdymyndan). 2. At çapyşygynda: 
pellehana. Gyrguş taýak basdyrym meýdan salyp, 
toýhananyň duşundan süýnüp geçdi (A. Gowşudow). 
TOÝLAMA [toýlomo], iş ady. Toýlamak 
ýagdaýy. 
TOÝLAMAK [toýlomok], işl. 1. Toý etmek, toý 
gurmak, toý geçirmek, toý bermek. Biz täze ýylda 
täze jaýa göçüp baryp, goşa toýy toýladyk. 2Kaýyl 
bolmak, şükür etmek. Ol-a gowy eken. Oňa
garanyňda biziň diýýän adamymyz toýlaýmaly. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   616   617   618   619   620   621   622   623   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling