Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TOWSAKLAMA  [towsoklomo],  iş  ady.  Towsaklamak ýagdaýy. TOWSAKLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet618/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   614   615   616   617   618   619   620   621   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TOWSAKLAMA 
[towsoklomo], 
iş 
ady. 
Towsaklamak ýagdaýy.
TOWSAKLAMAK [towsoklomok], işl. 1
Duran ýeriňde gaýta-gaýta ýokaryk towusmak, 
bökjeklemek. 2. Bökjekläp öňe hereket etmek
towsup-towsup gitmek. Şol wagt on ýaşlarynda bir 
gyz towsaklap gelip, eýwanyň daş ýüzüne serhet 
çekýän agaja ýapyşdy (B. Kerbabaýew). 
TOWSAKLAMAKLYK [towsoklomokluk], iş 
ady. Towsaklamak ýagdaýy. 
TOWSAKLAMAZLYK [towsoklomozluk], iş 
ady. Towsaklap hereket etmezlik. 
TOWSAKLAŞMAK [towsokloşmok], işl. Köp 
bolup towsaklamak, köp bolup bökjekleşmek. Biz 

Aýak bişdi, wäk-wäk!

diýşip, towsaklaşardyk (B. 
Gulow).
TOWSAKLATMAK [towsoklotmok], işl. Birini 
towsaklar ýaly etmek; bökdürmek, towusdyrmak. 
TOWSAKLAÝYŞ [towsokloýuş], iş ady. 
Towsaklamak ýagdaýy. Men owlak-guzujyklaryň 
towsaklaýşyny görüp, olara tomaşa edýärdim. 
TOWSULMAK [towsulmok], işl. Bir zadyň 
üstünden ýa-da bir zady aljak bolup ýokaryk 
bökülmek. Täze öý tutulanda tuýnükden ýaglyk 
asylyp towsulmak adaty türkmende gadymdan bäri 
dowam edýär. 
TOWSUŞMAK [towsuşmok], işl. Köp bolup 
towusmak, böküşmek. Şol gün obanyň çagalary 
öňküsinden hem ir ördüler: towsuşdylar, ylgaşdylar, 
kowalaşdylar (H. Ysmaýylow).
TOWŞAN 
[towşon], 
at. 
1. 
Gemrijiler 
maşgalasyndan bolan, gulaklary uzyn, mymyk tüýli 
süýdemdiriji, ýabany haýwan. 2. Müçe hasabynda 
dördünji ýylyň ady. 3. Gyza dakylýan at. 

 Towşana dogduk depe her kime öz doglan ýeri, 
önüp-ösen ýurdy eziz. Towşana salaýmaly bolmak 
gaty horlanmak, arryklamak, taza dönmek. Towşan 
ýürek gaty gorkak, sähel zada ziňkildäp duran.
TOWŞANDODAK [towşonno:dok], at. ösüml.d.  
Boýy 20-30 sm ýetýän köpýyllyk ýabany ot. 
TOWUK, 1. at. Ýumurtgasy, eti iýmit üçin 
peýdalanylýan, öýde saklanýan guşuň bir görnüşi. Ak 
towuk, ala towuk, Daňdan gygyrýan towuk, Biz ýara 
näme diýdik, Ýar ýüzi bizden sowuk (Monjugatdy). 
Towuk ýedi hazynanyň biri (Nakyl). Ak towuk saman 
saçar, Öz aýbyny özi açar (Nakyl). 2serTakyk

Towugyna tok diýmezlik birine ynjar ýaly, 
bähbidine zelel ýeter ýaly zat diýmezlik, edeniň däl 
diýmezlik, edenine doly mümkinçilik bermek. 
Towuk basyrmak jüýje çykartmak üçin kürk bolan 
towugyň aşagyna ýumurtga goýmak. 
TOWUKÇYat. Towuk saklaýan, idedýän adam. 
TOWUKÇYLYK 
[towukçuluk], 
at. 
Oba 
hojalygynyň öý guşlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen 
meşgul bolýan pudagy. Daýhan işi Aýjäjege asylam 
ýat däldi, onda-da towukçylyk (T. Gurbanow).
TOWUSDYRMAK [towussurmok], işl. 1
Towusmaga mejbur etmek; bökdürmek. Çapyksuwar 
atyny päsgelçilikden towusdyryp geçdi. 2. Eliňde 
bökjekletmek. Çagalaryny ellerine alyp, şapba-şapba 
ogşap, towusdyryp öýlerine tarap gitdiler (A. 
Durdyýew).
TOWUSMA [towusmo], iş ady. Towusmak 
ýagdaýy. 
TOWUSMAK [towusmok], işl. 1. Bir ýerden 
ikinji bir ýere bökmek. Söze salym ýok, ol adam 
howlynyň içine towsup düşdi (A. Gowşudow). Ol 
obanyň gyrasyna geleninden pyrgundan towsup 
düşdi-de, tüssäniň içinde gözden ýitdi (H. 
Ysmaýylow). 2. Duran ýeriňde bökmek. Çagajyk 
enesini görende diriň-diriň towusdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   614   615   616   617   618   619   620   621   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling