TORAŇŇYLYK [toroňňuluk], syp. Toraňňynyň
köp biten ýeri, toraňňy jeňňeli. Olar toraňňylykda
duşdular.
TORBA [to:rvo] at. Içine dürli zat salmak üçin
ulanylýan dokama ýa mata gap.
Torba sakgal tegelenip duran uly sakgal. Torba
sakgal gojalar.
TORBALAMAK [to:rvolomok], işl. Torba bilen
almak, torbany dolduryp almak. Torbalap käşir
getirdim.
TORBALYK [to:rvoluk], syp. Torba dokamak,
tikmek üçin gerek bolan (ýüp, eriş we ş.m. zatlar).
TORÇ I, at. Balygyň arkasynda çykyşyp duran
gyýyk süňkjagazlar.
TORÇ II: torç bolmak köp basgylanmak,
depelenmek (ýer hakynda). Torç etmek köp
depgilemek, basgylamak, depeşek etmek. Depäniň
üsti basgylanyp, torç edilipdi.
TORGAÝ [torğoý], at. Serçeler maşgalasyndan
bolan, reňki ýeriň reňkine meňzeş, petekesi we döşi,
köplenç, menekli guş; mollatorgaý. Uzakdan joşgun
bilen saýraýan torgaýlaryň jüýp-jüýbi eşidilýärdi.
TORGAÝLAMAK [torğoýlomok], işl. Iri-iri
bolup ýagmak, petde-petde bolup tozgalap ýagmak
(gar hakynda). Gar torgaýlap ýagýardy.
TORGUŞ [torğuş], at. Eldeki edilen ýabany aw
guşy. Oturşyň torguşa meňzär, Seniň gözleriň
gözleriň (Halk aýdymyndan). Tutdurmaz sen,
torguşum, beýewana çykar sen (Kemine).
TORLAMA [torlomo], iş ady. Torlamak ýagdaýy.
TORLAMAK [torlomok], işl. 1. Ýyrtygy, deşigi
tor salyp tikmek, çatmak. Ol horjunyň ýyrtylan
ýerlerini mäkäm torlady. 2. Bir zadyň daşyny tikip,
tor bilen örtmek. Esgi pökgini torlamak. 3. Käbir
bakja önümleriniň daşy tor çyzmyklar bilen
örtülmek. Bu gawun çalaja torlap ugrapdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |