Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Tutan guşy, bogan sübsesi bolmazlyk


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet630/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   626   627   628   629   630   631   632   633   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Tutan guşy, bogan sübsesi bolmazlyk belli bir 
bitiren işi, käri bolmazlyk. Olar ýaly adamyň tutan 
guşy, bogan sübsesi bolmaz. Adyny (ismini) tutmak 
biriniň adyny aýtmak, adyny agzamak. Mätaji diýr, 
okyp ismiň tutaly, Ýogsa äşgär ola bilmez dillere 
(Mätäji). Indiden beýläk meniň adymy tutma! Gul 
tutmak ogul çaga dünýä inmek, ogluň bolmak. – 
Kaka, gutlap bilersiň, gul tutduk. Ýaşy uzyn bolsun!  
Işiň başyny tutmak bir zat üçin taýýarlyk görmek. 
Ýerini tutmak ornuny eýelemek, edýän işini alyp 
barmak. Gämide meniň ýerimi tutjak adam bar. 
TUTMAKLYK [tutmokluk], iş ady. Tutmak 
ýagdaýy. 
TUTMAZLYK [tutmozluk], iş ady. Tutmak işini 
amal etmezlik. 

Gulagyny tutmazlyk diňlemezlik, gulak 
salmazlyk. Ilim-günüm, ýakyn özel gardaşym, Nije 
zar eýlesem, gulagyn tutmaz (Magtymguly). 
TUTUBERMEK [tutuvermek], işl. Tutup 
ugramak, tutmaga başlamak. 
TUTUK, syp. 1. Açyk, dury däl, bulaşyk, 
gamaşyk, totly, bulutly. Gün tutuk howanyň içinde 
çym-gyzyl gyzaryp görünýärdi. 2. göç.m. Ýüzi salyk 
görnüşli, tukat, gaýgyly, gamgyn. Ol öňküsi ýaly 
tutuk we tukat däl-de, şadyýandy. 3. kön.s. Biçilen, 
agta. 
TUTUKLANMAK [tutuklonmok], işl., gepl.d., 
ser. TukatlanmakGyzyň ýüzi tutuklandy. 
TUTUKLYK [tutukluk], at. 1. Açyk, dury dällik, 
bulaşyklyk, totlulyk, bulutlylyk (howa hakynda). 2
Ýüzi salyklyk, gaýgylylyk, gamlylyk, tukatlyk. 
Näsagda kämahal tutuklyk we tukatlyk peýda 
bolýardy. 
TUTUKSYsyp., ser. Tutuk. Ol tutuksy gürledi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   626   627   628   629   630   631   632   633   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling