Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
TUTAKLAMA [tutoklomo], iş ady. Tutaklamak ýagdaýy. TUTAKLAMAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- TUTAKLAMAKLYK
- TUTAKLATMAK
- TUTANÝERLI [tutonýerli], syp. Tutan maksadynda, bir diýen sözünde berk durýan, erjel. TUTANÝERLILIK
- TUTAR
- TUTARYKSYZLYK [tuta:ryksyzlyk], syp. Tutarygy ýokluk, delilsizlik. TUTAŞDYRLYK
- TUTAŞDYRMAK
- TUTAŞDYRYJY
- TUTÇULYK
- TUTDURMAK
- TUTHA-TUT
- TUTLUK
TUTAKLAMA [tutoklomo], iş ady. Tutaklamak
ýagdaýy. TUTAKLAMAK [tutoklomok], işl. Ýapyşyp, tutup barmak, tutup ýöremek, tutup saklamak. Nökerler bagşyny tutaklap düşürdiler (N. Saryhanow). TUTAKLAMAKLYK [tutoklomokluk], iş ady. Tutaklamak ýagdaýy. TUTAKLANMAK [tutoklonmok], işl. Tutaklap saklanylmak, tutaklap ýöredilmek. Onuň içinden tutaklanyp çykaryldy (N. Saryhanow). TUTAKLAŞMAK [tutokloşmok], işl. Biri-biriň bilen tutluşmak, biri-biriňe ýapyşmak, biri-biriň bilen tutluşyp durmak. Garly hasyrdap ýerinden turdy we it bilen tutaklaşyp, urşup duran Myrady gördi (A. Gowşudow). TUTAKLATMAK [tutoklotmok], işl. Birine tutduryp ýöremek. Garry aýal özüni ýaş oglana tutakladyp, ýoldan geçdi. TUTAKLAÝYŞ [tutokloýuş], iş ady. Tutaklamak ýagdaýy. TUTALGA [tutolğo], at. 1. ser. Tutawaç. Basgançaklaryň tutalgasy. 2. göç.m. Salgylanyp boljak esas, bahana bolup biljek delil, tutaryk. Seniň tutalgaňa hormat goýýanlary üçin, meseläni gyssanmaç çözmelidiler (B. Kerbabaýew). TUTAM [tutom], at. Ýüp, taýak, örüm saç we ş.m. zatlar gysymlanyp tutulanda dört barmagyň inini tutýan ýerine deň ölçeg birligi. Bir tutam ýüp ýetmese, ýigidiň özünden (Nakyl). Bir tutam gepl.d. çala, çalaja; gysga, gysgajyk (uzynlyk hem wagt taýyndan). Gün ýerden bir tutam ýokary galypdyr. Gyşyň güni bit tutam bolýar. TUTANÝERLI [tutonýerli], syp. Tutan maksadynda, bir diýen sözünde berk durýan, erjel. TUTANÝERLILIK [tutonýerlilik], at. Tutanýerli bolmaklyk, erjellik. Ýaşlaryň gaýratyna, gujuryna, tutanýerliligine sen näme näbeletmi? (B. Kerbabaýew). TUTAR [tutor], at, ser. Tutawaç. Gapynyň tutaryny onuň elinden sypdyrdy (Ö. Abdyllaýew). TUTARYK [tuta:ryk], at. Delil. Sadabyň şübhelenmäge tutarygy ýok däldi (G. Kulyýew). TUTARYKLY [tuta:rykly], syp. Tutarygy, tutalgasy bar bolan, delilli. TUTARYKSYZ [tuta:ryksyz], syp. Tutarygy, bolmadyk, tutarygy ýok, delilsiz. Tutaryksyz gürrüňden birnäçe gezek agzy bişipdi (A. Durdyýew). TUTARYKSYZLYK [tuta:ryksyzlyk], syp. Tutarygy ýokluk, delilsizlik. TUTAŞDYRLYK [tutoşduýrluk], at. Ot tutaşdyrmak üçin gerek bolan ownuk gury agaç, kagyz, çöpleme we ş.m. zatlar. Öl ýandagyň aşagyna Tutaşdyrlyk dykyşdyrdym (K. Gurbannepesow). TUTAŞDYRMAK [tutoşdurmok], işl. 1. Ody kem-kemden ýakyp güýçlendirmek, ýakyp başlamak. Derrew muny tutaşdyryp ot ediň! ( Görogly ). 2. göç.m. Agzalalyk döretmek, agzalalyga öjükdirmek, ony güýçlendirmek. TUTAŞDYRTMAK [tutoşdurtmok], işl. Tutaşdyrmagy birine etdirmek. TUTAŞDYRYJY [tutoşdurujy], at. Bir zadyň başlanmagyna, bolmagyna meçew beriji, başyny başlaýjy, ot beriji. TUTAŞMA [tutoşmo], iş ady. Tutaşmak ýagdaýy. TUTAŞMAK [tutoşmok], işl. 1. Ot kem-kemden ýanyp ugramak. Onýança ojakdaky tütäp duran odun hem tutaşdy (B. Seýtäkow). 2. Has güýjemek. Bularyň dawalarynyň nämeden başlap, nähili tutaşandygynyň anygyna ýetdim (N. Pomma). TUTAŞMAKLYK [tutoşmokluk], iş ady. Tutaşmak ýagdaýy. TUTAWAÇ [tutowa:ç], at. Bir enjamyň, guralyň el bilen tutar ýaly ýeri, tutgujy, tutalgasy, tutary. Azalyň oky ýerinde bolsa-da, tutawajy çykypdyr, demri poslapdyr (B. Kerbabaýew). TUTAÝ [tutoý], at, gepl.d. Tutawaç. Ol bir sagynjak ýaly etdi-de, tutaýa elini ýetirdi ( Edebiýat we sungat ). TUTÇULYK [tu:tçuluk], at. 1. ser. Tutluk. Ejegyzyň her elinde bir bedre, tutçulykdan bärik saýlanandan, Merede bakyp ýylgyryp, bir yşarat etdi (A. Durdyýew). 2. Oba hojalygyň tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan pudagy. TUTDA-BAS [tutdo-vas], hal. Başagaý, aljyraňňy, howsalaly gaýda-gaýmalaşykly ýagdaý. Tutda-bas bolşup ýörmek. TUTDA-BASLYK [tutdo-vaslyk], at. Howsalaly gaýda-gaýmalaşyk ýagdaýda bolmaklyk. Siz bu tutda-baslygyňyzy goýup, agzybir ýaşamajak 386 bolsaňyz, Tyllagözel-de gapyňyzdan garamaz ( Edebiýat we sungat ). TUTDURMAK [tutdurmok], işl. 1. Bir zady el bilen saklatmak, el bilen tutduryp saklatmak. Bir elde iki garpyz tutdurmaz (Nakyl). 2. Ele saldyrmak, ele düşürtmek, gabatmak, türmä saldyrmak. 3. Bir tarapa çaltlyk bilen ylgap gitmek, ökje götermek, ýüzüň ugruna gitmek. TUTGUNLYK [tutgunluk], at. Çekinjeň, tutuk halda bolmaklyk. TUTHA-TUT [tutha:-tut], hal. Köpçülikleýin tussag etme, basa-bas. Tutha-tut gowy zadyň üstünden eltmeýär. TUTHA-TUTLUK [tutha:-tutluk], at. Köpçülikleýin tutmaklyk, köpçülikleýin azatlykdan mahrum etmeklik. Otuz ýedinji, otuz sekizinji ýyl tutha-tutluk ýyllary bolupdyr. TUTLUK [tu:tluk], syp. Tut agajynyň köp biten ýeri, köp ekilen meýdany. TUTLUŞMAK [tutluşmok], işl. 1. Göreşmek üçin biri-biriňi oňaýly tutmak. Tutluşanda iki pälwan, Märeke Çaryýara bakýar (Ç. Aşyrow). 2. göç.m. Biri bilen garpyşmak. TUTLUŞYK [tutluşuk], at. 1. Göreşmek üçin biri-biriňi oňaýly tutmaklyk. 2. göç.m. Biri-biriň bilen garpyşmaklyk. TUTMA [tutmo], iş ady. Tutmak ýagdaýy. TUTMAK [tutmok], işl. 1. Birini ýa-da bir zady el bilen saklamak, ýapyşmak. Elinden tutmak. 2. Ele salmak, ele düşürmek. Balyk tutmak. 3. Eýelemek, örtmek, ýaýramak. Onuň bütin kellesini baş tutupdyr. 4. Bir zadyň ugruny başga tarapa öwürmek, gönükdirmek. Öý eýesi çyrany içki öýe tutdy. 5. Birini hakyna, kireýine işletmek. Men çoluk tutup, ertesi guma ugradym. 6. Tussag etmek, azatlykdan mahrum etmek. 7. Bina etmek, gurmak, salmak, dikeltmek. 8. Bir zadyň ýüzüne, öňüne nämedir bir zat germemek, asmak. Penjirä tuty tutmak. 9. Çenemek, gönülemek, gezemek. Sapançasynyň nilini çekgesine tutdy. 10. Dolmak, eýelemek, ýaýramak. Şowhunly sesler giň meýdany tutdy. 11. Orun almak, bir ýerde ornaşmak, ýerleşmek, ýaşamak. Akylly är mesgen tutmaz, hulky söýülmegen ýerde (Magtymguly). Ol bu işinde düýp tutdy. 12. Biri-biri bilen birleşmek, sepleşmek, ýelmeşmek. Ýelim tutmak. 13. k.d. Hasap etmek, hasaplamak, saýmak. Tut owwal dostuňy süýt, iste – gaýmak (Sopy Allaýar). 14. Goýalmak, uýamak; gatamak, doňmak (suwuk zat hakynda). Gatyk tutupdyr. Derýa bu ýyl ir tutdy. 15. Kabul etmek, dogry tapmak, ulanmak. 16. Iýen zadyň agyr düşüp, süňňüň gaty gowşamak. Meni nahar tutdumy, nämemi, gözüm ukudan açylanok. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling