Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


tapmak ýiten, ýitirim bolan zatdan ujypsyzja hem  bolsa habar bilmek. UÇAN


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet637/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   633   634   635   636   637   638   639   640   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

tapmak ýiten, ýitirim bolan zatdan ujypsyzja hem 
bolsa habar bilmek.
UÇAN [uçon], at. Ýelkenli gäminiň bir görnüşi. 

Uçan gazan nahar bişirilýän ullakan gazan. Toý 
ýerinde on sany uçan gazan nahar ataryldy. 
UÇAR [uçor], at. Uçýan ulag. Çykdym depäň 
üstüne, Uçar geldi dessine (Halk döredijiliginden). 
Bir uçar uçýar, birisi gonýar, bir ýolagçy düşýär, 
beýleki münýär (B. Hudaýnazarow). 

Uçar meýdany uçarlaryň gonýan, asmana 
galýan meýdany. 
UÇARLY [uçorly], hal. Uçara münüp, uçar bilen. 
Aşgabada uçarly gitjek.
UÇARMAN [uçormon], 1. Uçmakçy. Ol birden 
Boing uçary bilen uçarman boldy. 2. Uçary sürýän 
hünärmen. 
UÇDANTUTMA [u:şdontutmo], hal. Bir ýan 
ujundan, 
başdan-aýak, 
boýdan-başa, 
bary. 
Uçdantutma hemmämiz ýowara çykdyk. 
UÇDURMAK 
[uşdurmok], 
işl. 
Uçmaga 
mümkinçilik bermek. Hiňňildik uçdurmak. 
UÇGANAK [uçğonok], at. 1. Ýagýan garyň, 
ýanýan oduň syçraýan owunjak bölejikleri. Ol gözüne 
gar uçganaklarynyň gelip urmagyndan ätiýaç edip, 
aşak bakýar.2göç.m. Käbir halatda, belli bir sebäbe 
görä gözüň öňünde emele gelýän uçgun ýaly 
ýylpyldy. Onuň ysgyny gaçyp, gözleriniň öňünde 
uçganaklar peýda boldy. 
UÇGANAKLABERMEK [uçğonokla:vermek], 
işl. Uçganaklap başlamak. 
UÇGANAKLAMA [uçğonoklomo], iş ady. 
Uçganaklamak ýagdaýy. 
UÇGANAKLAMAK [uçğonoklomok], işl. 1
Köp sanly uçganak gaýmalamak, uçganak ýaýramak, 
uçganak-uçganak bolup syçramak. Howada gar 
syrgynlary uçganaklaýardy (B. Seýtäkow). 2göç.m. 
Ot ýaly çalasyn hereket etmek, gymyldamak. 
Uçganaklap duran ýigit. Olaryň gelni uçganaklap 
hyzmat edýärdi.3. göç.m. Şatlyk alamaty duýulmak, 
uçaýjak ýaly bolmak. Onuň ýüzündäki şatlyk 
uçgunynyň uçganaklany bildirdi (H. Derýaýew). 
Uçganaklap duran mele at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   633   634   635   636   637   638   639   640   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling