Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
UÇLAMAKLYK [u:şlomokluk], iş ady. Uçlamak ýagdaýy. UÇLAŞMAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- UÇMAH
- UÇMAKLYK
- UÇUK I
- UÇUKLATMAK
- UÇURMAK
- UÇURMAKLYK
- UÇURSYZ
- UÇURYLMAK
- UÇUŞ I, II
- UFLAMA
- UGRADYJY
UÇLAMAKLYK [u:şlomokluk], iş ady. Uçlamak
ýagdaýy. UÇLAŞMAK [u:şloşmok], işl. 1. Uçlamaga kömek etmek. 2. Bilelikde uçlamak. UÇLATMAK [u:şlotmok], işl. Gaýnap duran pileden uç aldyrmak. UÇLAÝYŞ [u:şloýuş], iş ady. Uçlamak ýagdaýy. UÇLY [u:şly], syp. Ujy bar, uç çykarylan. Uçly galam. UÇMA [uçma:], at. 1. Dini düşünjä görä, hudaýyň halan adamlarynyň ruhunyň o dünýäde eşretli döwran sürmeli ýeri, jennet, behişt, uçmah. Uruşda uçma bar, dalaşda – tama (Nakyl). 2. göç.m. Bag-bakjalyk, sapaly ýer, eşretli ýer. 396 UÇMA [uçmo], iş ady. Uçmak ýagdaýy. UÇMAH [uçmoh], at, ser. Uçma. Bu sähra, bu uçmah bejerýär bizi (G. Ezizow). UÇMAHY [uçmohy], syp. 1. Dini düşünjä görä, o dünýäde eşretli gün görjek adam, behişdi, uçma barýan, jennete düşýän. 2. göç.m. Päk-arassa, halalhon (adam). Watan üçin baş goýan ýigitler uçmahydyr. UÇMAK [uçmok] I, işl. 1. Asmana göterilmek, ganat ýaýyp howada gaýmak (guş we ş.m. hakynda). Dik depede uçup ýören zatlaryň hetdi-hasaby ýok diýýärler (B. Hudaýnazarow). Jöwenlikleriň ýokarsynda entek serçe sürüleri güsürdeşip uçýardy ( Edebiýat we sungat ). 2. Uçara münüp, bir ýaňa gitmek, ugramak. Şyh guýusyna tarap uçup barýarys (K. Berdiýew). Iki sagat 45 minut uçduk ( Edebiýat we sungat ). 3. Hiňňildige münüp, iki ýanlaýyn bat alyp hereket etmek. Geçen gurbanlykda Merdan gelip hiňňildikde uçupdy (Ç. Aşyrow). 4. göç.m. Suwsuzlykdan ýaňa guramak, düýp tutup bilmän gurap gitmek. Eken ýorunjamyz suwsuzlykdan ýaňa uçupdyr.5. göç.m. Gaz halyna öwrülip, hiç zat galmazlyk. Agzy açyk gapda saklanan spirt uçýar. Uçjak guş ýaly bir zat sebäpli ynjalyksyz oturmak, galagop ýagdaýda bolmak. UÇMAK [uçmok] II, işl. Bir zadyň ujy, gyrasy duýdansyz döwülmek, döwlüp gaçmak. Men bar agramymy atan wagtym, üç sany uguň başy jorta uçupdyr-da, aşak gaýdypdyr (A. Gowşudow). UÇMAKLYK [uçmokluk] I, iş ady. Uçmak ýagdaýy. UÇMAKLYK [uçmokluk] II, iş ady. Uçmak, döwülmek ýagdaýy. UÇMALYK [uçma:lyk], syp., ser. Uçmahy 1, 2. UÇMAZLYK [uçmozluk], iş ady. Uçup gitmezlik. UÇRAMA [uçuromo], iş ady. Uçramak ýagdaýy. UÇRAMAK [uçuromok], işl. 1. Gabat gelmek, duş gelmek, duşmak, sataşmak. Uçradym Araz çaýynda, Men Bezirgene uçradym ( Görogly ). 2. Sezewar bolmak, duçar bolmak, ýolukmak, sataşmak. UÇRAMAKLYK [uçuromokluk], iş ady. Uçramak ýagdaýy. UÇRAMAZLYK [uçuromozluk], iş ady. Sezewar bolmazlyk. UÇRATMAK [uçurotmok], işl. 1. Duşurmak, sataşdyrmak. 2. Duçar etmek, sezewar etmek, sataşdyrmak, ýolukdyrmak. UÇRAÝYŞ [uçuroýuş], iş ady, Uçramak ýagdaýy. UÇSUZ [u:şsuz], syp. 1. Uç çykarylmadyk, uç edilmedik. Uçsuz galam. 2. Ujy ýok, ujy kütek, ujy ýiti bolmadyk. Uçsuz uk. UÇSUZ-GYRAKSYZ [u:şsuz-ğyraksyz], syp. Aňyrsy-bärsi görünmän ýatan, gaty giň, uç-gyraksyz. Onuň obasy günorta garap uzalyp gidýän uçsuz- gyraksyz Garagumuň alkymynda ýerleşýärdi (B. Seýtäkow). Oglan üçin uçsuz-gyraksyz bu şäher ummasyz täsinlikleri goýnunda gizläp, güwläp duran bir dünýä ýalydy ( Edebiýat we sungat ). UÇUK I, at. Gyzgyny ýokary galan ýa-da bir zatdan gorkan adamyň dodagyna çykýan suwluja gabarçyk. Endamy ot ýaly gyzýany üçin, dodajyklaryna uçuk gaýnapdy (B. Kerbabaýew). UÇUK I, syp. Uçup döwlen.Olaryň iki sany ullakan gazany bardy. Olaryň biriniň gulagy döwükdi, biriniň erňegi uçukdy (A. Gowşudow). UÇUKLAMA [uçuklomo], iş ady. Uçuklamak ýagdaýy. UÇUKLAMAK [uçuklomok], işl. Uçuk çykmak, uçuk emele gelmek. Birnäçeleriň agzy-burny uçuklapdyr. UÇUKLAMAKLYK [uçuklomokluk], iş ady. Uçuklamak ýagdaýy. UÇUKLATMAK [uçuklotmok], işl. Belli bir sebäbe görä agzyna uçuk çykar ýaly etmek. Gorkuzyp agzyny uçuklatmak. UÇUKLAÝYŞ [uçukloýuş], iş ady. Uçuklamak ýagdaýy. UÇUR, at. Wagt, çen, mahal. Ilki gelen uçurlarym bu ýere kän bir öwrenişmejek boldum. 2. Töwerek, golaý ýerler, ugur, tarap. Şu uçurlarda oba barmyka? UÇURMAK [uçurmok] I, işl. 1. Howada gaýdyrmak, uçmaga sezewar etmek. Bilbili aýyrma näzenin gülden, Şuňkarym uçurma serimden, goldan (Magrupy). Çagalar batbörek uçurýar. 2. Hiňňildik ýaly zatlara mündürip, öňe-yza bat aldyrmak. Biz saňa dürli oýun görkezeris, hiňňildik uçurarys (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Suwsuzlykdan guratmak. Ozallar ýerasty ajy suw ýokary galyp, ekinleri uçurýan eken ( Edebiýat we sungat ). 4. göç.m. Ýitirim etmek, ýok etmek. UÇURMAK [uçurmok] II, işl. Bir zadyň ujuny, gyrasyny duýdansyz döwmek, döwüp gaçyrmak. Ozal hatardan çykan topuň ýene-de çep ganatyny duşmanyň top oky uçurdy (P. Rejebow). UÇURMAKLYK [uçurmokluk], iş ady. Uçurmak ýagdaýy. UÇURMAZLYK [uçurmozluk], iş ady. Uçmak işini amal etmezlik; uçup gider ýaly etmezlik. Bilbili aýyrma näzenin gülden, Şuňkarym uçurma serimden, goldan (Magrupy). UÇURSYZ [uçursuz], syp. Çensiz, çakdanaşa, has kän, juda, örän. UÇURTMAK [uçurtmok], işl. Uçurmak işini başga birine etdirmek. UÇURYLMAK [uçurulmok] I, işl. Asmana uçuryp goýberilmek. Hemra Aýa tarap uçuryldy. Ertesi ikinji howa gämisi äleme uçuryldy ( Edebiýat we sungat ). UÇURYLMAK [uçurulmok] II, işl. Bir zadyň bir gyrasy, çeti we ş.m. döwülmek. UÇURYM [uçurum], at. 1. Ýelegi ýeten, ganat baglan, uçmaga ýetişen (çaga guş hakynda). Her ýyl garga çaga çykaryp, uçurym etjek bolan wagtlarynda ýaňky ýylan garganyň çagasyny gelip iýer eken ( Türkmen halk ertekileri ). 2. Orta mekdebi, ýokary, ýörite orta okuw mekdebini, hünärmentçilik mekdebini tamamlan (ýaşlar hakynda). Olar şu ýylky 397 uçurymlaryň ylym-bilim derejesiniň has ýokarydygyny bellediler ( Türkmenistan ). Siz haýsy mekdebiň uçurymy? UÇUŞ I, II, iş ady. Uçmak ýagdaýy, Uçuş-gonuş zolagy uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin ýörite gurlan ýol. UÇUŞMAK [uçuşmok], işl. 1. Birnäçe bolup howada uçup ýörmek. Serçeler bökjekleşip jürküldeşýärdiler, ondan-oňa uçuşýardylar (B. Kerbabaýew). 2. Gaýmalaşmak, gaýyşyp ýörmek. Harmanda pagta übtükleri uçuşýardy. 3. Hiňňildikde köp bolup yzly-yzyna uçmak, gezekli-gezegine uçmak. 4. Uçmakda ýaryşmak, UÇUT,at. Beýik hem kert, belent we çuň kert gaýa. Saz eşitmegiň deregine ýaý atanyny ýa-da uçut gaýalardan daş togalanyny ýagşy görerdi (A. Gowşudow). UF, üml. Ýadawlyk, gynanç, zeýrenç ýa-da içiýangynlylyk sebäpli uludan dem alnanda çykýan ses, owuf. Ol uf edip, uludan demini aldy. UFLAMA [uflomo], iş ady. Uflamak ýagdaýy. UFLAMAK [uflomok], işl. Uludan demiňi alyp, uf edip ses çykarmak, owuf diýmek. UFTADA [ufta:da], hal, k.d. 1. Ejiz, biçäre, garyp. Biz kibi uftadalarnyň derdine derman jykyr (Andalyp). 2. Kiçi göwünli, göwnüni kiçi tutýan, päli pes. Mübtela bolgan belalarga rahatsyz men bu gün, Derdi-gam uftadasy bolgan dowasyz men bu gün (Andalyp). UGRADYJY [uğrodujy], at. 1. Ýüki we ş.m. zady bir ýerden ikinji ýere ugradýan edara ýa-da şonuň bilen meşgul bolýan adam. Taýýar önümler gutulara salnyp, ugradyjy bölüme geçirilýär. 2. Biriniň ýa-da bir zadyň ýany bilen gidýän adam. Şol ugradyjylaryň arasynda Sähet aga hem bardy (A. Gowşudow). UGRADYLMAK[uğrodulmok], işl. Ýola salynmak, bir ýana iberilmek. Wekiller mähirli ýagdaýda ugradyldy. Çopan-çoluklara kömek eder ýaly adamlar çöle ugradyldy. UGRADYŞDYRMAK [uğroduşdurmok], işl. Ählisini, hemmesini ugratmak, ugradyp çykmak. Ahallylar sürini ugradyşyp, Saparlyny we Sähedi hormat bilen ýola saldylar (B. Seýtäkow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling