ULŇAMAK [ulňomok], işl., gepl.d., ser.
Ulamak.
ULŇAŞMAK [ulňoşmok], işl., gepl.d. Ulaşmak.
Sakçylaryň kümelerinden çykýan tütünler biri-birine
ulňaşyp gidýärdi.
ULŇAŞYK [ulňoşuk], syp, Biri-biri bilen
sepleşip, ulaşyp, birleşip, goşulyp giden. Ulňaşyk
salnan ýaşaýyş jaýlary.
ULTURAMA [u:lturomo], iş ady. Ulturamak
ýagdaýy.
ULTURAMAK [u:lturomok], işl. Urulmak,
ýenjilmek sebäpli birinden gaty awunmak; birinden
çürkenip, aldanyp kösenmek.
ULTURATDYRMAK [u:lturotdurmok], işl, Bir
sebäbe görä birini uwlundyrtmak.
ULTURATMAK [u:lturotmok], işi Bir sebäbe
görä birini uwlundyrmak, çürkemek. Hiý, şeýle-de bir
iş bolarmy, hiý, şeýle-de bir ulturatmak bolarmy? (A.
Durdyýew).
ULTURAÝYŞ [u:lturoýuş], iş ady. Ulturamak
ýagdaýy.
ULUDAN-KIÇÄ [uludon-kiçä:], at. Uly-kiçi
adamlar, hemmeler, bar adamlar. Uludan-kiçä
hemmesi gelsin.
ULUG [uluğ], syp., k.d. Uly. Ulug iller, dagar
çaşar, Mert ärden hany bolmasa (Magtymguly). Peri-
peýker, ulug günä kylmyşam (
Saýatly – Hemra
).
ULUGYZ [uluğy:z], at, Kemala gelen, ýaşy
ýeten, ýetişen gyz, heniz durmuşa çykmadyk gyz.
Ulugyzlar owsun atyşyp, otagalaryny ykjadyşyp, ýaş
gelinler bilen Gatakardan suw çekýärdi (N. Pomma).
ULUGYZLYK [uluğy:zlyk], at. Ulugyza degişli
döwür, ulugyzyň ýagdaýy,
ULUKJYN [ulukjun]: ulukjyn açdyrmak betlik
edip, ýakymsyzlyk edip, başgalaryň rahatlygyny
bozmak, ýüregine düşmek. Olar obany ulukjyn
açdyryp ýörler. Ulukjyn bermek halys bizar etmek,
azar ýamanyny görkezmek, bizar-peteňini çykarmak.
Dursunyň oňa gözi düşenden bütin oba ulukjyn berip,
aldap ýörşi ýadyna düşüp, tas gülüpdi (H.
Ysmaýylow).
Do'stlaringiz bilan baham: |