Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ULŇAMAK [ulňomok], işl., gepl.d., ser


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet647/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   643   644   645   646   647   648   649   650   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ULŇAMAK [ulňomok], işl., gepl.d., ser. 
Ulamak. 
ULŇAŞMAK [ulňoşmok], işl., gepl.d. Ulaşmak. 
Sakçylaryň kümelerinden çykýan tütünler biri-birine 
ulňaşyp gidýärdi. 
ULŇAŞYK [ulňoşuk], syp, Biri-biri bilen 
sepleşip, ulaşyp, birleşip, goşulyp giden. Ulňaşyk 
salnan ýaşaýyş jaýlary. 
ULTURAMA [u:lturomo], iş ady. Ulturamak 
ýagdaýy. 
ULTURAMAK [u:lturomok], işl. Urulmak, 
ýenjilmek sebäpli birinden gaty awunmak; birinden 
çürkenip, aldanyp kösenmek. 
ULTURATDYRMAK [u:lturotdurmok], işl, Bir 
sebäbe görä birini uwlundyrtmak. 
ULTURATMAK [u:lturotmok], işi Bir sebäbe 
görä birini uwlundyrmak, çürkemek. Hiý, şeýle-de bir 
iş bolarmy, hiý, şeýle-de bir ulturatmak bolarmy? (A. 
Durdyýew). 
ULTURAÝYŞ [u:lturoýuş], iş ady. Ulturamak 
ýagdaýy. 
ULUDAN-KIÇÄ [uludon-kiçä:], at. Uly-kiçi 
adamlar, hemmeler, bar adamlar. Uludan-kiçä 
hemmesi gelsin
ULUG [uluğ], syp., k.d. Uly. Ulug iller, dagar 
çaşar, Mert ärden hany bolmasa (Magtymguly). Peri-
peýker, ulug günä kylmyşam (

Saýatly – Hemra

). 
ULUGYZ [uluğy:z], at, Kemala gelen, ýaşy 
ýeten, ýetişen gyz, heniz durmuşa çykmadyk gyz. 
Ulugyzlar owsun atyşyp, otagalaryny ykjadyşyp, ýaş 
gelinler bilen Gatakardan suw çekýärdi (N. Pomma). 
ULUGYZLYK [uluğy:zlyk], at. Ulugyza degişli 
döwür, ulugyzyň ýagdaýy, 
ULUKJYN [ulukjun]: ulukjyn açdyrmak betlik 
edip, ýakymsyzlyk edip, başgalaryň rahatlygyny 
bozmak, ýüregine düşmek. Olar obany ulukjyn 
açdyryp ýörler. Ulukjyn bermek halys bizar etmek, 
azar ýamanyny görkezmek, bizar-peteňini çykarmak. 
Dursunyň oňa gözi düşenden bütin oba ulukjyn berip
aldap ýörşi ýadyna düşüp, tas gülüpdi (H. 
Ysmaýylow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   643   644   645   646   647   648   649   650   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling