Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Umga ýaly uly, daýaw. Umga ýaly goýun.  UMMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet649/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   645   646   647   648   649   650   651   652   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Umga ýaly uly, daýaw. Umga ýaly goýun. 
UMMA [umma:]: ummadan çykmak gaty daşa, 
juda uzaga gitmek. Gyş ýeňsäni berip, ummaga 
gaçdy (A. Kekilow). 
UMMAN [umma:n], at.1. Örän uly suwly 
giňişlik. Guwwas bolup, bu ummana batmyşam 
(Talyby)2ser. Okean. 3göç.m. Ummasyz ägirt uly 
giňişlik. 
UMMASYZ [umma:syz], syp. 1. Çendenaşa, 
biçak, juda, örän, (köp, äpet, ägirt, giň). Garagumda 
ummasyz giň köl emele geler. 2. Biçak uly, örän uly, 
köp. Ol ummasyz baýlygyň eýesi bolupdyr. 
UMUMAN [umu:ma:n],

Esasan, aslyýetinde, 
jemläp aýdylanda

ýaly manylarda gelýän giriş sözi. 
Ýol bar ugry bagly, derýaly-dagly, Umuman, 
saýlamak özüňe bagly (G. Ezizow). Umuman, bazar 
ykdysadyýetine 
geçmek 
ýeňil 
iş 
däldir 
(

Türkmenistan

). 
UMUMY [umu:my], syp. 1. Hemmeler üçin, 
hemmelere degişli, köpçülik üçin, köpçüligiň 
gatnaşmagynda bolan, ähli. Ol diňe meniň şahsy 
düşünjäm däl, umumy halkyň islegi (G. Kulyýew). 
Hemmämiz üçin umumy häsiýet. 2. Ýönekeý, 
mesawy, durmuşy. Aslynda meniň umumy ýasama 
bezeglere nähili garaýanymy özüň gowy bilýärsiň (A. 
Gowşudow). 3. Anyk bolmadyk. Onuň boş, umumy 
gürrüň eden adamlara gahary geler eken (Ö. 
Abdyllaýew). 

Umumy ýaşaýyş jaýy içindäki ýaşaýan 
otaglary aýry bolan köpçülikleýin ýaşalýan umumy 
jaý. Talyplar üçin täze gurlan umumy ýaşaýyş jaýlary 
ulanmaga berildi. 
UMUMYADAMZAT [umu:ma:damza:t], at
Ähli adamlara mahsus, degişli. Umumyadamzat 
gymmatlyklaryUmumyadamzat medeniýeti
UMUMYBILIM [umu:muvilim], at.Ýörite däl-
de, umumy bilim berýän.
UMUMYHALK [umu:muhalk], syp. Tutuş halk 
üçin umumy, ählihalk. Umumyhalk meseleleri 
döwletimiziň 
sungatynda 
aýdyň, 
özboluşly 
çözgütlerini tapýar. 
UMUMYLAŞDYRMAK [umu:muloşdurmok],
işl. 1. Bir zady umumy ýagdaýa getirmek, jemlemek. 
2. Köpçülige degişli etmek. Önümçilik kärhanalaryny 
umumylaşdyrmak. 
UMUMYLAŞDYRYLMAK 
[umu:muloşdurulmok], işl.1. Bir zat umumy ýagdaýa 
geçirilmek, jemlenmek. 2. Köpçülige degişli edilmek.
UMUMYLYK [umu:muluk], at. Umumy birlik, 
meňzeşlik, ýakynlyk.
UMYDYGÄR [umuýdyğä:r], syp. Birinden ýa-da 
bir zatdan umyt edýän, umyt baglaýan, tama edýän, 
umytly, tamakin. 

Bizden umydigärleriň alynyna 
barsyn

 diýdi.  
UMYDYGÄRLIK 
[umuýdyğä:rlik 

umuýdiğä:rlik], at. Umydygär bolmaklyk, umyt 
etmeklik, umytly, tamakin bolmaklyk. Onynça 
Begenç gözüni çala açdy, ol Juma umydygärlik bilen 
garap, agaç kimin gatan dodaklaryny müňküldetdi 
(G. Kulyýew). 


403 
UMYT [umuýt], at. Bir maksadyň, pikiriň, 
ýürekde bolan islegiň ýerine ýetmegine, amala 
aşmagyna bolan tama, arzuw, niýet.

Umytda bolmak garaşylýan zadyň, niýet 
edilýän zadyň amala aşjagyna umytly bolup, dileg 
edip garaşmak.Ondan ýaňa umydyň gyl ýuwdan ýaly 
bolsun (A. Durdyýew). Umydyň gyl ýuwdan ýaly 
bolmak umydyň üzülmek, asla umyt etmezlik
tamakin bolmazlyk. Umydyňy üzmek umyt 
etmezlik, tama etmezlik, umydyň amala aşmajagyna, 
netije çykmajagyna göz ýetirmek. Pähm eýlemez, ýol 
haýsydyr, yz haýsy, Umyt üzüp gaça bilmen, 
neýläýin? (Magtymguly). Umyt baglamak birine ýa-
da bir zada umyt bilen garamak, ynanmak, ynam 
bilen garaşmak, tama etmek. Biz ýaşlara uly umyt 
baglaýarys. Umyt uçgunlary arzuw-niýetiň amala 
aşmagyna bolan kiçijik tama. Döwranda sagalmaga 
umyt uçgunlaryny oýardy (

Watan

). 
UMYT-ARZUW [umuýd-arzuw], at, ser. Umyt. 
UMYTLANDYRMAK [umuýtlonnurmok], işl. 
Bir işiň şowly çykmagy üçin birinde umyt, tama 
döretmek, 
umytly 
etmek. 
Lukmanlar 
ony 
umytlandyrdylar (A. Gowşudow). 
UMYTLANMA 
[umuýtlonmo], 
iş 
ady. 
Umytlanmak ýagdaýy. 
UMYTLANMAK 
[umuýtlonmok], 
işl. 
Maksadyň, arzuw-pikiriň ýerine ýetmegine, bir zadyň 
boljagyna umyt etmek, tama etmek, umyt baglamak. 
Sadap hem Akmyradyň deminiň kä gidip, kä gelşine 
umytlanyp, pagtajyk bilen agzyna suw damdyryp 
otyrdy (A. Durdyýew).
UMYTLANYŞ 
[umuýtlonuş], 
iş 
ady. 
Umytlanmak ýagdaýy. 
UMYTLY [umuýtly], syp. 1. Umyt bilen, tama 
bilen, ynam bilen, tamaly, ynamly, umydy bar bolan. 
Umytly guş – Käbä ýetmiş (Nakyl). 2. Umyt 
baglanylýan, tama edilýän, ynam edilýän. Şunda 
bolsa biziň uly umytly daýanjymyz atlylar bolmalydy 
(A. Gowşudow). 3. gepl.d. Göwreli, hamyla, ikigat, 
toýly. Olaryň gelinleri umytlydy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   645   646   647   648   649   650   651   652   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling