Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet650/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   646   647   648   649   650   651   652   653   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UMYTLY-ARZUWLY 
[umuýtl(y)-arzuwly], 
syp. Hem umyt edýän, hem arzuw edýän, umydy hem 
arzuwy bolan.
UMYTLYLYK [umuýtluluk], at.Umydy barlyk, 
umytly bolmaklyk. Umytlylyk bilen onuň ýüzüne 
seretdi (A. Gowşudow). 
UMYTSYZ [umuýssuz], syp. Umydy galmadyk, 
ynamy gutaran, näumyt, tamasyz, ynamsyz. 
UMYTSYZLANMA [umuýssuzlonmo], iş ady. 
Umytsyzlanmak ýagdaýy.  
UMYTSYZLANMAK [umuýssuzlonmok], işl. 
Umydyň gutarmak, umydyň üzülmek, näumyt 
bolmak. 
Aýu 
kakasy, 
sen 
näme 
üçin 
umytsyzlanýarsyň! (B. Kerbabaýew). 
UMYTSYZLANMAKLYK 
[umuýssuzlonmokluk], iş ady. Umytsyzlanmak 
ýagdaýy. 
UMYTSYZLANYŞ [umuýssuzlonuş], iş ady. 
Umytsyzlanmak ýagdaýy. 
UMYTSYZLYK [umuýssuzluk], at. Umyt, tama, 
ynam galmazlyk, umydy ýokluk, näumytlyk, 
tamasyzlyk, 
ynamsyzlyk. 
Sen 
haçan 
beýle 
umytsyzlyga ýüz urduň? (B. Kerbabaýew).
UN [u:n], at. Arpa, bugdaý, jöwen we ş.m. galla 
däneleriniň degirmende üwelip çykarylan önümi. Un 
üweýän degirmenleriň sazlaşykly çykýan owazlary 
hamyr ýugurýan maşynlaryň sesi bilen goşulyp, 
adama özboluşly bir lezzet berýär (

Türkmenistan

). 
UNAHYR [u:na:hyr], at. Degirmende üwelen 
unuň toplanýan ýeri. 
UNAMA [unomo], iş ady. Unamak ýagdaýy. 
UNAMAK [unomok], işl. Dogry tapmak, makul 
bilmek, ýerlikli hasaplamak, oňlamak. Ony başlyk 
bellemegi unaýan barmy?  
UNAMAKLYK [unomokluk], iş ady. Unamak 
ýagdaýy.
UNAMAZLYK [unomozluk], iş ady. Dogry, 
makul bilmezlik. Olar toýy yza çekmegi unamadylar. 
UNAŞ [u:naş], at.1. Ýuka ýaýylan hamyrdan 
inçejik hem uzyn-uzyn kesilen hamyr zolajyklary, aş. 
2. Şol hamyr zolajyklary jazly ýa-da gaýnap duran 
duzly suwa atylyp bişirilýän nahar. Bugaryp 
durandyr gatykly unaş (K. Gurbannepesow). Men 
saňa bir burçluja unaş bişirip bereýin (Ý. 
Mämmediýew).
UNAŞLYK [u:naşlyk], syp. Unaş üçin hamyr 
ýugrar ýaly (un hakynda). Unaşlyk unumyz şu ýylky 
ak bugdaýyň unundan. 
UNAŞMAK [unoşmok], işl. Birnäçe bolup 
unamak. 
UNATMAK [unotmok], işl. Başga birine dogry 
tapdyrmak, makullatmak. Ilki bu işi müdirimize 
unatmaly. 
UNAÝYŞ [unoýuş], iş ady. Unamak ýagdaýy.  
UNIWERSITET 
[universite:t], 
at. 
Dürli 
jemgyýetçilik, tebigat-matematika we beýleki 
bölümleri bolan ýokary okuw mekdebi we ylmy 
edara. Uniwersitet ýyllary, hem ajy, hem süýji senden 
aýrylmak (H. Kulyýew). Magtymguly adyndaky 
Türkmen döwlet uniwersiteti. Uniwersitetde okamak. 
UNLABERMEK [u:nla :vermek], işl. Unlap 
başlamak. 
UNLAMA [u:nlomo], iş ady. Unlamak ýagdaýy. 
UNLAMAK[u:nlomok], işl. Un sepmek, un 
çalmak, una bulamak. 
UNLAMAKLYK 
[u:nlomokluk], 
iş 
ady. 
Unlamak ýagdaýy. 
UNLAMAZLYK [u:nlomozluk], iş ady. Un 
sepmezlik, una bulamazlyk. 
UNLANMAK [u:nlonmok], işl. Bir zadyň 
üstüne, daşyna un sepilmek, una bulanmak. 
Daglanjak balyklaryň daşy unlandy. 
UNLATDYRMAK [u:nlotdurmok], işl. Daşyna, 
üstüne un sepdirtmek. 
UNLATMAK [u:nlotmok], işl. Daşyna un 
sepdirmek, una bulatmak. 
UNLAÝYŞ [u:nloýuş], iş ady. Unlamak ýagdaýy. 
UNUDYLMAK [unudulmok], işl. Ýatdan 
çykarylmak, huşdan çykarylmak. Unudylmasyn dost-
ýar, dogan-gardaşlar (B. Hudaýnazarow). 
UNUDYŞ [unuduş], iş ady. Unutmak ýagdaýy. 


404 
UNUTDYRMAK [unutdurmok], işl. Ýatdan 
çykartmak, öwrülip ýadyna düşmez ýaly etmek. 
Onuň häzirki ýagdaýy öňki pikirleriniň baryny 
unutdyrdy (B. Kerbabaýew). 
UNUTGYSYZ 
[unutgusuz], 
syp. 
Ýatdan 
çykmajak, gelşiksiz, ýaramaz (söz hakynda). 
Aýrylmaz gonşyňa unutgysyz söz aýtma (Nakyl). 
UNUTMA [unutmo], iş ady. Unutmak ýagdaýy. 
UNUTMAK [unutmok], işl. Ýatdan çykarmak, 
huşdan çykarmak.
UNUTMAKLYK 
[unutmokluk], 
iş 
ady. 
Unutmak ýagdaýy. 
UNUTMAZLYK [unutmozluk], iş ady. Ýatdan 
çykarmazlyk. 
UP-UZYN [up-uzuýn], syp. Ep-esli uzyn, has 
uzyn. Tüweleme, up-uzyn bolaýypsyň, oglum 
(

Edebiýat we sungat

). 
URA [ura:], üml. 1. Esgerler aýgytly hüjüme 
geçende, hemmeleri ruhlandyrýan çagyryş. 

Ura!

 
seslerinden ýer titreýärdi... (K. Işanow). 2
Ruhlandyryjy şatlygy, begenji, ruhubelentligi we ş.m. 
aňladýan joşgunly ses. Ura, gelnalyjy gelýär! 
URBA [urvo], at. Ýaýylýan hamyra sepmek üçin 
hemişe kendirikde galdyrylýan un. Ununda bolan 
urbasynda-da bolar (Nakyl).

Urba çalmak gelin, mal, maşyn ýaly zatlar 
edinilende bagtlysy, düşümlisi bolsun diýen maksat 
bilen çalynýan, sepilýän un. Oglan tarapy gyz 
almaga gelende gudalar biri-biriniň ýüzüne urba 
çalýarlar (

Edebiýat we sungat

). 
URBALAMA [urvolomo], iş ady. Urbalamak 
ýagdaýy. 
URBALAMAK 
[urvolomok], 
işl.1
Urba 
sepmek, urba çalmak, urba bulamak. 2. Artmak, 
köpelmek (mal hakynda). Tüweleme, dowarlarymyz 
urbalap gidip otyr. 
URBALANMAK [urvolonmok], işl. Urba 
çalynmak, urba sepilmek, urba bulanmak. 
URBALATMAK 
[urvolotmok], 
işl. 
1
Urbalamak işini başga birine etdirmek. 2. Köpeltmek, 
sanyny artdyrmak (mal hakynda). 
URBALYK [urvoluk], at. 1. Urba üçin goýlan un, 
kendirikde galýan un. Ýöne welin, çuwalyň düýbünde 
galan urbalygymy kakyp-silkip, ýugrup bişiren bir 
tamdyr çöregime gynanýan (A. Gowşudow). 2
Köpelmek üçin goýulýan tohumlyk urkaçy, inen mal. 
Urbalyk galan ýekeje inen düýämiz bardy.  
URDURMAK 
[urdurmok], 
işl. 
Biriniň 
urulmagyna ýa-da urmagyna sebäp bolmak, ýol 
bermek. Özüňden kiçilere urduryp ýörme. Urduran 
bolsaň, özüňden gör. 

Urduryp gelmek (girmek) haýdap, çalasyn 
gelmek, gözi ýok ýaly bolup girmek. 
URDURYLMAK 
[urdurulmok], 
işl
1
Urulmagyna 
ýa-da 
urmagyna 
ýol 
bermek, 
mümkinçilik döretmek. Bu çaga urdurylýan çaga 
däldir. 2. ser. Urdurmak. 
URGAN [urğon], at. Ýüňden, çöpürden, her hili 
süýümden işilip edilýän ýogyn, berk ýüp, tanap. 
Başga zatlaryň gerek däl, maňa elli gulaç urgan 
tapyp beriň! (

Türkmen halk ertekileri

). 
URGY [urğy], at. 1. Güýçli sarsgyn, zarba, bir 
zadyň güýç bilen degmegi. Güýçli urgudan ýaňa 
gapy sarsyp gitdi (

Edebiýat we sungat

). 2. göç.m. 
Jebir, sütem, görgi. Bu habar biziň üçin-de agyr urgy 
boldy. 
URHA-UR [urha:-ur], hal. 1. Alan-aldy, talaň, 
özlerine degişli däl zady aralarynda paýlaşma. 
Artygyň harmanyny her kim urha-ur edip towsa 
göterdiler (B. Kerbabaýew). 2. Arak ýaly serhoş 
ediji içgileri içişlik.
URHA-URLUK 
[urha:-urluk], 
at. 
1
Köpçülikleýin alan-aldylyk. 2. Birnäçe bolup çeniňi-
çakyňy bilmän içmeklik. 
URKAÇY [urkoçy], syp. Enelik jynsy bolan, ene 
jynsly (inen (düýe), maçy (eşek), ganjyk (it), mekejin 
(doňuz) we ş.m.
URLUK, at. 1. Gawun çigidiniň daşyndaky löti, 
Tohumlygynda bolsa, urlugynda dadar (Nakyl). 2
Tohum. 
URMA [urmo], iş ady. Urmak ýagdaýy.
URMAK [urmok], işl. 1. Bir zada batly degrip, 
agyry döretmek, urgy täsirini ýetirmek, urup birine 
şikes ýetirmek, ýençmek. Ursa, sökse, horlasa-da il 
ýagşy (Magtymguly). 2. Bir zady kakmak, bir zadyň 
üstünden kakmak. Ikisi birden güpürdedip darak 
urdy. 3. Atmak, atyp oky degirmek. Hawa, atyp 
bilýän, men tüpeň atyp guş hem urdum (A. 
Durdyýew). 4. göç.m. Tankyt etmek, kemçiligini 
aýtmak, günäsini, etmişini ýüzüne basmak, 
köteklemek. Düýnki ýygnakda ony gaty urdular.5
Ýüklemek, basmak, salmak (ýük hakynda). Düýä ýük 
urmak. 6. gepl.d. Ýapmak, gulplamak, beklemek, 
gurmak. Çyrany söndüriň-de, gapyny içinden 
urklamak.up oturyberiň.7.Urmak kömekçi işliginiň 
öňünden atlar gelip, täze manyly düzümli işlikler 
ýasalýar: Azym urmak azgyrylmak, haýbat atmak, 
güýjüňi görkezmek, üstüne sürünmek. Duşak urmak 
duşaklamak. Aýagyna at duşagyny uruň.Gadam 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   646   647   648   649   650   651   652   653   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling