URUŞ,
at.
1.
Sögüşmek,
ýakalaşmak,
ýumruklaşmak bilen ýüze çykýan dawa, gopgun,
jenjel, uruş-sögüş. Uruş, sögüş, ýaraşyga ýer goý
(Nakyl). Bu gün uruş ýaman boldy (
Görogly
). 2.
Döwletler arasyndaky ýaragly söweş, jeň. Geçen
uruşda wepat bolanlaryň ählisi Türkmenistanyň milli
Gahrymany diýlip yglan edildi (
Türkmenistan
).
Urşuň geňeşi ýok işe girişibermeli, garaşmagyň
geregi ýok, maslahatlaşmagyň näme hajaty
bar.
Urşuň geňeşi ýok
diýipdirler, ir günümizi
gijikdirmän, bag ekmäge başlalyň!
URUŞ-ÇYKYLYK [uruş-çy:kylyk / uruş-
şy:kylyk ], at. Uruş, uruş-jenjel. Gülala günümiz bar,
uruş-çykylyk bolmasa bolýar.
URUŞDYRMAK [uruşdurmok], işl. 1. Iki adamy
biri-biri bilen ýakalaşdyrmak. Çagalary biri-birleri
bilen uruşdyrmak bolmaz. 2. Döwletler arasynda
ýaragly çaknyşyk döretmek. 3. Güýç synanyşdyrmak
üçin
garpyşdyrmak,
süsüşdirmek
(haýwanlar
hakynda). Itleri uruşdyrmak. Horazlary uruşdyrmak.
4. Çem gelen zady urup, döwüp, ýykyşdyryp
çykmak. Ol uruşdyryp gelşine, onuň çarygynyň
apgyrdyndan basdy (N. Saryhanow).
URUŞGAN [uruşğon], syp. 1. Uruşmaga ökde,
urmagyň tilsimlerine ökdelän. Bä, meň kakam şeýle
uruşgan boldumyka? (B. Kerbabaýew). 2. gepl.d.
Uruşmaga, ýakalaşmaga endik eden. Bir bezzat
uruşgan adam bolupdyr (A. Salyh).
URUŞGANLYK [uruşğonluk], at. 1. Uruşmaga
ökdelik.
Şol
söweşde
biziň
esgerlerimiziň
uruşganlygyna haýran galypdyrlar. 2. gepl.d.
Uruşgan halda bolmaklyk, uruşmaga meýillilik,
yrsarap urşasy gelip duraganlyk. Oglum, uruşganlyk
erbet gylykdyr.
URUŞ-JENJEL,at. Adamlar arasynda närazylyk
zerarly döreýän uruş we galmagal. Ozal hem uruş-
jenjel bilen ol janawerleriň örüsini daraltdyk
(
Edebiýat we sungat
).
Do'stlaringiz bilan baham: |