Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


URUŞ-JEŇ, at, ser. Uruş 2


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet654/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   650   651   652   653   654   655   656   657   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

URUŞ-JEŇ, at, ser. Uruş 2.
URUŞMA [uruşmo], iş ady. Uruşmak ýagdaýy. 
URUŞMAK [uruşmok] I, işl. 1. Biri-biriňi 
urmak. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine 
gep berip, ol birine al berme (Mollanepes). Men hiç 
wagtda 
bularyň 
urşanlarynam 
göremok, 
sögüşenlerinem eşidemok (B. Kerbabaýew). 2. Goşun 
jemläp, başga bir döwletiň goşuny bilen ýaragly
söweşmek, uruş etmek. Gelip bir meýdan naýzalaşyp, 
gylyçlaşyp uruşdylar (

Görogly

). 3. Garpyşyp biri-
birini pugta çeýnemek, dişlemek (it we ş, m. haýwan 
hakynda). Itler dikleşip, urşup başladylar. 

Urşup aýrylyşan ýaly biri-biriniň ýüzüne 
seretmeýän, okly-gökli ýaly torsarylýan. Ol urşup 
aýrylyşan ýaly ýüzüni kese sowup geçiberdi (B. 
Öwezow). 
URUŞMAK [uruşmok] II, işl.1. Urmaga kömek 
etmek. Atamamyň ýeke özüne kyn bolansoň, düýesine 
ýük uruşdym. 2. Bilelikde urmak. Olar düýä ýük 
urşup durlar. 
URUŞMAKLYK [uruşmokluk] I, II, iş ady. 
Uruşmak ýagdaýy. 
URUŞMAZLYK [uruşmozluk] I, II, iş ady.  
Urşup durmazlyk; uruş etmezlik. 
URUŞPARAZat. Urşuň tarapdary, uruş isleýän, 
uruş meýilli. Biziň halkymyz hiç haçanam uruşparaz 
halk bolmandyr. 
URUŞ-SÖGÜŞ [uruş-sö:ğüş], at. Adamlar 
arasynda närazylyk sebäpli döreýän uruş hem sögüş. 
Oňa uruş-sögüşiň adam üçin gaty erbetdigini 
düşündirjek boldum (N. Pomma). 
URUŞSYZ [uruşsuz], 1. hal. Uruş etmezden. Ol 
şeýle bir ýakymsyz, güni uruşsyz geçenok. 2. syp. 
Uruş bolmadyk. Uruşsyz ýaşaýyş. 
URY, at, Bugdaý, arpa ýaly däne gömlüp 
saklanýan çukur. Gallaň agyrlyk etse, ury gazdyryp 
ýere göm! (B. Seýtäkow). Hatar-hatar urularyň, 
Suwamaga laý ýetmedi (K. Gurbannepesow).
USLYP [usluýp], syp. Adamyň gylyk-häsiýetine, 
ahlagyna gelşikli, ýerlikli, ýaraşykly bolan. Şu bolşuň 
uslypmydyr özüňe, Utançdan-haýadan hiç zat ýok 
sende (A. Salyh). 

Uslyp bilmezlik (görmezlik) gelşiksiz, 
ýaraşyksyz hasaplamak, laýyk hasaplamazlyk, 
ýerliksiz hasap etmeklik. Emma gojadan gaçmany 
özüne uslyp bilmäni üçin, öňki ýerinde oturdy, goja 
ýanyna gelende, salam berdi (B. Kerbabaýew).
USLYPSYZ 
[usluýpsuz], 
syp. 
Gelşiksiz, 
ýerliksiz, ýaraşyksyz. Uslypsyz aýdylan söz. 
USLYPSYZLYK [usluýpsuzluk], at. Uslyby 
ýokluk, uslypsyz bolmazlyk.
USSA [usso], at. 1. Önümçiligiň belli bir 
ugrundan hünäri bolan işçi. Bu gün hem gün ikindi 
ýerine baran mahaly, obanyň orta gürpündäki 
demirçi ussanyň dükanynyň töwereginde janly 
hereket başlandy (A. Gowşudow). 2. Oglana 
dakylýan at. 
USSAÇYLYK [ussoçuluk] , at. Ussanyň işi, käri, 
ýagdaýy.Şol ýerde iki sany oglan ussaçylyk edýärdi 
(B. Kerbabaýew). 
USSAHANA [ussoha:na], at. Her hili senetçilige 
degişli zatlar ýasalýan, bejerilýän jaý, ussaçylyk 
edilýän ýer. Magtymguly wagtynyň galanyny 
ussahanada, şonuň bilen bile işläp geçirýärdi (G. 
Kulyýew). 
USSALYK [ussoluk], at. 1. Ussanyň kesp-käri, 
hünäri. Çoýan ak ýürekden işläp, Ussalyk deňine 
ýetdi (R. Seýidow). Dursun ussalyk hünäriň, Başdan 
saýlap tutan käriň (Nury Annagylyç). Ýeri, ussalyga 
belläýsek, göwnärsiň gerek? (Ş. Borjakow). 2. syp. 
Ussa dahylly, ussa bilen bagly. Meniň ussalyk işim 
bar, pilimiň döwlen gulagyny bejertmeli. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   650   651   652   653   654   655   656   657   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling