Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UWLAMAZLYK [uwlomozluk], iş ady. Uwlap  ses etmek.  UWLAŞMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet657/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   653   654   655   656   657   658   659   660   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UWLAMAZLYK [uwlomozluk], iş ady. Uwlap 
ses etmek. 
UWLAŞMAK 
[uwloşmok], 
işl. 
1
ser. 
Uwwuldaşmak. Tutçulykdan uwlaşýan şagallaryň 
sesi gelýärdi. 2. göç m. Köp bolup zarynlap aglamak. 
UWLATMAK [uwlotmok], işl. 1. Uwwuldyly 
ses çykartmak, seslendirmek. 2. göç.m. Birini zaryn 
sesli aglatmak. 
UWLAÝYŞ [uwloýuş], iş ady. Uwlamak 
ýagdaýy. 
UWLUNDYRMAK 
[uwlunnurmok], 
işl. 
Uwlunar ýaly etmek. 
UWLUNMAK [uwlunmok], işl. Urgy sebäpli bir 
ýeriňde güýçli agyry döremek.
UWULMA [uwulmo], at, Çagalaryň agzynyň 
nemli bardasynda emele gelýän ýaranyň bir görnüşi. 
UWWULDAMAK 
[uwwullomok], 
işl. 
Uwwluldyly ses etmek, uwwuldyly ses çykarmak. 
UWWULDAŞMAK 
[uwwulloşmok], 
işl. 
Birnäçe 
bolup 
uwwuldamak, 
köp 
bolup 
uwwuldamak. Tokaýda möjekler uwwuldaşýardy. 
UWWULDY [uwwully], at. Käbir haýwanlaryň 
(it, möjek, şagal we ş.m.) sesini sokduryp gygyrmagy
netijesinde döreýän sesiň ady. Şonuň içinden geçip 
barýardy weli, bir uwwuldy peýda boldy 
(Ertekilerden). 
UÝA [uýo] , at. 1. Aýal dogan. Men ony uýam 
bolany üçin däl-de, sada, dogumly gyz bolany üçin 
öwýärin (B. Kerbabaýew). 2. Özüňden kiçi her bir 
aýal maşgala sypaýçylyk bilen ýüz tutulanda 
aýdylýan söz. Bu ýerde bir gözel aýdym bar bolsa, Ol 
aýdymam seniň özüňsiň, uýam (H. Kulyýew).
UÝALDYRMAK 
[uýollurmok], 
işl., 
ser. 
Utandyrmak. 
Henizem 
yzdan 
gelýänleriň 
golaýlaşmagy ol gözleri biri-birinden uýaldyrdy (R. 
Gelenow). 
UÝALJAŇ [uýoljoň], syp., ser. Utanjaň. 
UÝALJAŇLYK 
[uýoljoňluk], 
at., 
ser. 
Utanjaňlyk. Onuň uýaljaňlyk bilen gülümsireýän 
gözlerine nazaryny dikdi (G. Kulyýew). Gylyjyň 
seredip duranyny gören gyz uýaljaňlyk bilen ýylgyrdy 
(

Edebiýat we sungat

). 
UÝALJYRAMAK [uýoljuromok], işl., ser. 
Utanjyramak. Döndi gysmyljyrap, uýaljyrap oturýar 
(

Edebiýat we sungat

). 
UÝALMA [uýolmo], iş ady. Uýalmak ýagdaýy. 
UÝALMAK [uýolmok], işl., ser. Utanmak
Uýalsaň, ýüzüňi açma, Gel, Arzygül, görüşeli (Seýdi). 
Baryny beren uýalmaz (Nakyl). 
UÝALMAKLYK [uýolmokluk], iş ady. Uýalmak 
ýagdaýy. 
UÝALMAZ [uýolmoz], syp., gepl.d., ser. 
Utanmaz. Tükenmez hazynam bolandan, uýalmaz 
ýüzüm bolsun (Nakyl). Uýalmaz kişi dek zeýrenip 
ýörme (Magtymguly). 
UÝALMAZLYK [uýolmozluk], iş ady. Uýalyp 
durmazlyk. 
UÝALYŞ [uýoluş], iş ady. Uýalmak ýagdaýy. 
UÝALYŞMAK 
[uýoluşmok], 
işl., 
ser. 
Utanyşmak. 
UÝAMA [uýomo], iş ady. Uýamak ýagdaýy. 
UÝAMAK [uýomok], işl. Süýt halyndan gatyga 
öwrülmek. 
UÝAMAKLYK [uýomokluk], iş ady. Uýamak 
ýagdaýy. 
UÝAN [uýon], at. Atyň kellesine geýdirilýän 
agyzzyrykly, uzyn goşa gaýyş bagly esbap. Ýabyny 
eýerläp, uýanyny saldy. 
UÝANLABERMEK 
[uýonla:vermek], 
işl., 
Uýanlap başlamak. 
UÝANLAMA [uýonlomo], iş ady. Uýanlamak 
ýagdaýy. 
UÝANLAMAK 
[uýonlomok], 
işl. 
Uýan 
geýdirmek, uýan salmak. Aty uýanlamak. 
UÝANLAMAKLYK [uýonlomokluk], iş ady. 
Uýanlamak ýagdaýy. 
UÝANLAMAZLYK [uýonlomozluk], iş ady. 
Uýan salmazlyk. 
UÝANLAŞMAK [uýonloşmok], işl. Uýan 
salmaga kömekleşmek; bilelikde uýanlamak. 
UÝANLATDYRMAK [uýonlotdurmok], işl. 
Uýan saldyrtmak. 
UÝANLATMAK [uýonlotmok], işl. Uýanlamak 
işini başga birine etdirmek. 
UÝAT [uýot] syp., ser. Utanç. Meňli hanym 
golun dişläp, Bizden ki uýat eýleýir (Magtymguly). 
UÝAT-HAÝA [uýot-haýa:], at, ser. Utanç-haýa.
Uýat-haýa, şerim gitdi ýüzümden (Zelili). 
UÝAT-HAÝALYLYK [uýot-haýa:lylyk], at,ser. 
Utanç-haýa. 
UÝATLY [uýotly], syp. Haýaly, asylly. Asylly 
adam uýatly bolýar-da (

Türkmenistan

). 
UÝATMAK [uýotmok], işl. Bişen süýde gönezlik 
garyp, gatyga öwürmek. 
UÝATSYZ [uýossuz], syp., ser. Utançsyz. Yssy 
beren köpek ýegdir, Uýatsyz, ykrarsyz ärden 
(Magtymguly). 
UÝATSYZLYK 
[uýossuzluk], 
at, 
ser. 
Utançsyzlyk. Uýatsyzlyk, gödeklik bilen berlen bu 
sorag gojanyň gaharyny getirdi (B. Seýtäkow). 
UÝAÝYŞ [uýoýuş], iş ady.  Uýamak ýagdaýy. 
UÝDURMAK [uýdurmok], işl. Birini öz 
garaýşyňa uýmak katdyna ýetirmek.Ymgyr çöli tabyn 
edip uýdurýar (Ç. Gurbangylyjow). 


410 
UÝGUN [uýğun], syp. Bir şerte, ýagdaýa 
öwrenişmäge ukyply. Uýgun adam. 
UÝGUNLAŞDYRMAK [uýğunloşdurmok], işl. 
Täze şertlere, täze ýagdaýlara öwrenişdirmek, 
uýgunlaşmak derejesine ýetirmek. Täze ekilen 
nahallary biziň howamyza uýgunlaşdyrmak ilkibada 
aňsat düşmedi. 
UÝGUNLAŞDYRYLMAK
[uýğunloşdurulmok], işl. Täze şertlere, ýagdaýlara 
öwrenişdirilmek, uýgunlaşmak derejesine ýetirilmek.
UÝGUNLAŞMAK [uýğunloşmok], işl. Täze 
şertlere, ýagdaýlara öwrenişmek. Ýerli ýagdaýlara 
uýgunlaşmak. 
UÝGUR [uýğur], at, ser. Uýgurlar. Uýgur dili. 
UÝGURLAR [uýğurlor], at. Esasan, Merkezi 
Aziýada, Hytaýda ýaşaýan türki dilli halk. 
UÝLUK, at. Buduň aşak ýüzi, iç ýüzi. Myhmanyň 
ýüzüne seredip, agramyny beýleki uýlugynyň üstüne 
atdy (N. Saryhanow).
UÝMA [uýmo], iş ady. Uýmak ýagdaýy. 
UÝMAK [uýmok], işl. Biriniň garaýşyna 
ynanmak, yrylmak; bir zada ýüregiň bilen ynanmak, 
sygynmak.
UÝMAKLYK [uýmokluk], iş ady. Uýmak 
ýagdaýy. 
UÝMAZLYK [uýmozluk], iş ady. Uýmak 
derejesine ýetmezlik, ynanmazlyk. 
UÝULMAK [uýulmok], işl. Birine ýa-da biriniň 
şekiline ýüregiň bilen berilmek, ynanylmak. 
UÝUŞiş ady. Uýmak ýagdaýy. 
UZ [u:z], syp.1. Gözel, owadan, edaly, sypaty 
sazlaşykly, ajap. Seniň ejeň, hanym, uz owadan, 
daýaw gelindi (B. Kerbabaýew). 2. Ýerbe-ýer, 
göwnejaý. Az bolsun, uz bolsun (Nakyl). 
UZABERMEK 
[uza:vermek], 
işl. 
Uzap 
ugramak.
UZABOÝUNA [uzovoýna], hal. Uzynlygyna 
görä, uzynlygyna. Ileri başdan başlap, uzaboýna 
ölçäp çykdy (G. Şamyýew).
UZADYLMAK [uzodulmok], işl. 1. Bir zady 
başga birine bermek üçin eliň öňe göneldilmek, eliň 
bilen berilmek, eliň öňe gerilmek. Hoşgeldi özüne 
uzadylan kagyzy aldy (A. Gowşudow). 2. gepl.d. 
Ugradylmak, ýola salynmak (myhman hakynda). 
UZADYŞMAK [uzoduşmok], işl. 1. Bir zady 
biri-biriňe 
uzatmak. 
Biri-birine 
sag 
eliniň 
külbikelerini uzydyşyp, 

Palta gerekmi, gylyç

 
edişdiler (B. Annageldiýew). 2. gepl.d.Ugradyşmak, 
ýola salyşmak (myhman hakynda). 
UZAGYNDAN [uzoğunnon], hal. Ýakynda däl-
de, uzak geljekde, ep-esli wagtdan soňky geljek 
günlerde. 

Uzagyndan gatnaşalyň! Baryş-gelşimiz, 
gatnaşygymyz has ulalsyn, uzak möhlete çeksin 
diýlip aýdylýan alkyş sözi. 
UZAK [uzok], syp. 1. Ýakyn bolmadyk 
aradaşlykda ýerleşýän (giňişlik hakda) ýa-da bolup 
geçýän (wagt hakda), daş, alys. Myhmanlar uzak 
ýerden geldiler. Ol ýurdumyzyň uzak sebitlerine 
baryp geldi. 2. Wagt taýdan uzaga çekýän. 3. Bütin, 
uzyn, tutuş. Ol syrkawyň ýanynda uzak gijäni çirim 
etmän geçirdi. 
UZAKÇYL [uzokçul], syp. 1. Uzaga çapýan ýa-
da ylgap bilýän, uzak aralygy geçip bilýän (köplenç, 
at we adam hakynda). Biziň atlarymyz gaty uzakçyl. 
2. Wagt taýdan uzaga çekýän zada garaşmagy 
başarýan, uzak wagtlap dowam edýän zada tagapyl 
edýän. Ol diýseň uzakçyl adam, sabyrly adam, bir 
zada uzak wagtlap garaş diýseň-de, garaşyp bilýän 
adam. 3Gepi-gürrüňi we ş.m. wagtynda tüketmeýän, 
gutarmaýan, uzaga çekdirýän, süýndürip oturan 
(adam hakynda). Sen ýaly uzakçyly görmedim,

mus


diýip oturma-da 

Mustapa

 diýäý-dä. 
UZAKÇYLLYK [uzokçulluk], at. Uzakçyl 
bolmak ýagdaýy, uzakçyl bolmaklyk. Onuň 
uzakçyllygyna haýran galaýmaly. 
UZAKDAKY 
[uzokdaky], 
syp. 
Daşdaky, 
alysdaky. Uzakdaky obalar. 
UZAKLAŞDYRMAK [uzokloşdurmok], işl. 1
Arany, aralygy daşlaşdyrmak, uzak etmek. Barýan 
otlymyz bizi şäherden has uzaklaşdyrýardy. 2
Süýndürmek, 
uzaga 
çekdirmek. 
Gürrüňi 
uzaklaşdyrma-da, gysgarak aýt. 
UZAKLAŞDYRYLMAK 
[uzokloşdurulmok], 
işl. 1. Ara daşlaşdyrylmak, uzak edilmek. 2
Süýndürilmek, 
uzaga 
çekdirilmek. 
Bu 
iş 
uzaklaşdyrylsa bolmaz. 
UZAKLAŞMA [uzokloşmo], iş ady. Uzaklaşmak 
ýagdaýy. Ol başga etraba göçüp, dogan-
garyndaşdan uzaklaşdy. 
UZAKLAŞMAK [uzokloşmok], işl. 1. Ara 
daşlaşmak, ara açylmak, daşa, uzaga gitmek. Onuň 
aýak sesi uzaklaşdy (

Edebiýat we sungat

). 2. Köp 
wagta çekmek, wagty uzaga çekmek, möhleti uzaga 
gitmek. Uzaklaşyp oturman, Dynaýyn men bir bada 
(A. Kekilow). 
UZAKLAŞMAKLYK [uzokloşmokluk], iş ady. 
Uzaklaşmak ýagdaýy, 
UZAKLAŞMAZLYK [uzokloşmozluk], iş ady. 
Daşlaşmazlyk, uzaga gitmezlik.  
UZAKLAŞYŞ [uzokloşuş], iş ady. Uzaklaşmak 
ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   653   654   655   656   657   658   659   660   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling