Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UZAKLY [uzokly]: uzakly gün


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet658/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   654   655   656   657   658   659   660   661   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UZAKLY [uzokly]: uzakly gün günüň bütin 
dowamynda, ertirden agşama çenli. Uzakly gün işläp 
ýadadym. 
UZAKLYK [uzokluk], at. Daş aralyk, alyslyk, 
ara ýakyn dällik, daşlyk. Ýoluň uzaklygy bizi halys 
ýadatdy.Goýun sürüleri uzaklykda otlaşyp ýördüler.  
UZALDYLMAK 
[uzoldulmok], 
işl. 
1
Öňküsinden uzyn edilmek. Pellehana müň metr 
uzaldyldy2. Wagty, möhleti artdyrylmak. Iş 
saparynyň möhleti uzaldyldy. 
UZALMA [uzolmo], iş ady. Uzalmak ýagdaýy. 
UZALMAK [uzolmok], işl. 1. Uzynlygy öňki 
derejesinden artmak. Onuň ötlem-ötlem bolup uzalyp 
gidýän 
gerişleri 
gök 
mahmala 
bürenipdir 
(

Mugallymlar gazeti

). Ýol öňküliginden uzalypdyr. 
2. Köpe çekmek, köp wagt dowam edmek, uzamak. 
Üç gün üç ýyldan-da beter uzalan ýaly boldy.


411 
UZALMAKLYK [uzolmokluk], iş ady. Uzalmak 
ýagdaýy. 
UZALTMAK [uzoltmok], işl. 1. Uzynlygyny, 
boýuny artdyrmak, öňküsinden uzyn bolar ýaly 
etmek. Ýüpi ulap uzaltmak. 2. Uzaga çekdirmek, köp 
dowam etdirmek. Ol gürrüňi uzaltmak islemedi. 2. 
Möhletini artdyrmak, wagtyny yza çekmek.

Gürrüň 
bergileriň möhletini uzaltmagyň ýönekeýleşdirilen 
mümkinçiligini döretmek barada gidýär

diýip, 
maliýeçi belledi (

Türkmenistan

). Adamyň ömrüni 
uzaltmak. 
UZALYBERMEK [uzoluvermek], işl. Uzalyp 
ugramak. 
UZALYŞ [uzoluş], iş ady. Uzalmak ýagdaýy. 
UZAMA [uzomo], iş ady. Uzamak ýagdaýy. 
UZAMAK [uzomok], işl., ser Uzalmak. 
Belentli-pesli, baýyrly-jülgeli Köpetdag uly halyň 
kenaryna salnan nagyş ýaly, Kesearkaçda gaýma 
bolup, ýüzlerçe kilometre uzaýardy (B. Kerbabaýew). 
Göge uzan ýylçyr-ýylçyr gaýalar. Ýylçyr-ýylçyr gaýa 
bilen tapyşýar (H. Kulyýew).
UZAMAKLYK [uzomokluk], iş ady. Uzamak 
ýagdaýy. 
UZAMAZLYK [uzomozluk], iş ady. Adaty 
ýagdaýyndakysyndan uzalmazlyk. 
UZANMAK [uzonmok], işl. Süýnmek, 
uzaboýuna süýnüp ýatmak. Uzanyp ýatmaga 
mydarym ýetmez, Günde müň kowlasam, baý ýere 
gitmez (Kemine). Ädiksiz uzandy bu gün ýatanda, 
Söweşler pälwany garry general (G. Seýitliýew). 
UZATDYRMAK [uzotdurmok], işl. l. Uzatmak 
işini birine etdirmek. Kitaby uzatdyrmak. Galamy 
uzatdyrmak. 2. gepl.d. Ýola saldyrmak, ugratdyrmak. 
Myhmanlary uzatdyrmak. 
UZATMAK [uzotmok], işl. 1. Bir zady başga 
birine bermek ýa-da birinden almak üçin eliňi öňe 
germek; birine bir zady eliň bilen bermek, äbermek. 
Kitaby mugallyma uzatmak.2. gepl.d. Ugratmak, 
ýola salmak, Uzadandan ýoldaş bolmaz (Nakyl), 
Mämmetsapa gitdi kömek bermäge, Uzadanlar geldi, 
bular gelmedi (Magtymguly).
UZAÝYŞ [uzoýuş], iş ady. Uzamak ýagdaýy.
UZUR,at. Edilen gabahat iş üçin ötünç sorama, 
ötünç. Başa düşen işiň habaryn berip, Uzur bilen 
sözün aýtdy, dostlar heý (Magtymguly). 

Uzur ötünmek ötünç soramak. Ol gele-
gelmäne ýüzüni onuň gursagyna ýaplap, arzy-hal 
aýtmakçy, belki uzur ötünmekçi (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   654   655   656   657   658   659   660   661   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling