Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÜÇGOŞMA [üçğoşmo], at, gepl.d. Bilezigiň üç hatar gaşly görnüşi. Üçgoşma bilezik. ÜÇGYÝAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÜÇLEŞMEK
- ÜÇÜNJI
- ÜÇÜRDIK
- ÜÇÜRDIKLEME
ÜÇGOŞMA [üçğoşmo], at, gepl.d. Bilezigiň üç
hatar gaşly görnüşi. Üçgoşma bilezik. ÜÇGYÝAK [üçğyýak], at. Gaýma we keşde bilen geýime salynýan üç bölek gyýaja nagyş we onuň ady. ÜÇI [üçü], at. Dünýäden öten adamyň jaýlanandan soň üçünji gününi bellemek däbi, degsin edilýän üçünji gün. Gitdiň. Agladyk. Bu günem - üçüň. Diýmek, gideniňe bolupdyr üç gün (K. Gurbannepesow). ÜÇIN [üçüýn], sözs. k . Sebäpli, görä, zerarly, ötri ýaly many aňladyp, sebäp-maksat bildirýän kömekçi söz. ÜÇLEME [üşlömö] I,iş ady. Üçlemek ýagdaýy. ÜÇLEME [üşlömö] II, at, edeb. Goşgy düzüliş görnüşi. ÜÇLEMEK [üşlömök], işl.1. Bir hereketi üç adam bolup etmek. Olar üçlemedik bolsalar, meni basyp bilmezdiler. 2. Gaýma gaýalanda üç gezek sanjyp, soňra ara goýup, gaýtalap gitmek. ÜÇLEMEKLIK [üşlömöklük], iş ady. Üçlemek ýagdaýy. ÜÇLEMEZLIK [üşlömözlük], iş ady. Üç bolup ýerine ýetirmezlik. ÜÇLEŞMEK [üşlöşmök], işl., gepl.d. 1. Bir işi üç bolup ýerine ýetirmek. Hiç kim onuň ýanyna gelip, üçleşmegi teklip etmeýärdi. 2. gepl.d. Üç bolup arak içmek. ÜÇLÜK [üşlük], at. 1. Üçünji awtobus, trolleýbus ýa-da belli bir kesgitli ýoldan gatnaýan taksi. Üçlük gowy gatnaýar. 2. Käbir zatlaryň ölçegini görkezýän san. Üçlük galoş. 3. Mekdepde kanagatlanarly baha. Beýannamadan üçlük alypdym. 4. Oýnalýan kartyň üç güllüsi. Üçlük kerpiç. Üçlük haç. ÜÇÖTEN [üçötön], at. Argajy üç gat edilip, tarada dokalýan mata. ÜÇÜNJI [üçünjü], san. 3 sanyndan ýasalan tertip san. ◊ Üçünji gün gepl.d.Çarşenbe. ÜÇÜNJILIK [üçünjülük], at. Dereje taýdan üçünji orunda bolmaklyk, eýelän orny boýunça üçünji ýerde durmaklyk. Ýaryşda biziň bölümimiz üçünjiligi eýeledi. ÜÇÜRDIK [üçürdük], at. 1. Ýüp, sapak işmegiň, bükdürmegiň bir görnüşi we onuň ady. Üçürdik tow. 2. Üç gat sapakdan işilen, bükdürilen sapak. 3. Düýäniň ylgawynyň, çapuwynyň bir görnüşi. ÜÇÜRDIKLEME [üçürdüklömö], iş ady. Üçürdiklemek ýagdaýy. ÜÇÜRDIKLEMEK [üçürdüklömök], işl. 1. Üç gat sapagy, ýüpi birikdirip işmek, bükdürmek. 2. Oraz aýynyň her ongünlüginiň başky üç gününde agyz beklemek. 3. Üçürdigine gitmek, çapmak (düýe hakynda). 4. Atyň, düýäniň we ş.m. malyň iki öň aýagy we bir art aýagynyň aralaryny duşak, kössek bilen baglamak. Atyň aýagyny üçürdikläp, otluk meýdana kowduk. 5. göç.m. Birine ýaranjaňlyk edip, hyzmatyna ylgamak. Özünden pullurak hem gulluk wezipesi ulurak adamlary görende olaryň öňlerinde üçürdikläp, üzeňňisinden üç geçýär (N. Pomma). 6. sport. Bir bat alanyňda üç gezek bökmek. Üçürdikläp bökmek. ÜÇÜRDIKLEMEKLIK [üçürdüklömöklük], iş ady. Üçürdiklemek ýagdaýy. ÜÇÜRDIKLEMEZLIK [üçürdüklömözlük], iş ady. Üçürdiklemek hereketini etmezlik. ÜÇÜRDIKLEŞMEK [üçürdüklöşmök], işl. 1. Üçürdiklemäge kömek etmek. 2. Bilelikde üçürdiklemek. ÜÇÜRDIKLETDIRMEK [üçürdüklötdürmök], işl., Üçürdikletmek. ÜÇÜRDIKLETMEK [üçürdüklötmök], işl. Üçürdiklemek işini başga birine etdirmek. Ol ýüpüni üçürdikledip egirtdi. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling