Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÜMÜRDUMAN [ümürduma:n], at. Dürli ýüpden  owadan örülip, gotazlanyp, tüýnügiň çagarygyndan  asylýan ýüp.  ÜMÜRLEME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet664/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   660   661   662   663   664   665   666   667   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜMÜRDUMAN [ümürduma:n], at. Dürli ýüpden 
owadan örülip, gotazlanyp, tüýnügiň çagarygyndan 
asylýan ýüp. 
ÜMÜRLEME [ümürlömö], iş ady. Ümürlemek 
ýagdaýy. 
ÜMÜRLEMEK [ümürlömök], işl. Howanyň 
ýüzüni ümür tutmak, duman gaplamak. Bibat ýerde 
biten mymyk igdeler, Sen ümürläp galar bolduň, hoş 
imdi (Seýdi). 
ÜMÜRLENMEK [ümürlönmök], işl. Ümür bilen 
örtülmek. 
ÜMÜRLEŞMEK [ümürlöşmök], işl. Ümür gelip 
başlamak, kem-kemden ümür tutmak. Howa ertirden 
soň ümürleşip başlady. 
ÜMÜRLEÝIŞ [ümürlöýüş], işl. Ümürlemek 
ýagdaýy. 
ÜMÜRLI [ümürlü], syp. Ümür tutup duran. 
Howa ümürli, ýol görünmejek bolýar. 
ÜMÜRLIK [ümürlük], at. Umürli howa. 
Ümürlükde maşyn sürmek kyn bolýar. 
ÜMÜRLIRÄK [ümürlürä:k], syp. Birneme 
ümürli, azda-kände ümürli. 
ÜMÜRSIN [ümürsün], syp. Gür gögeren, bol 
biten, köp ösüp oturan. Ol ýerden beýleräkde 
agynara çägesi, inere güzeri, aňyrrakda bolsa 
ümürsin oty bardy (N. Atdaýew).
ÜMÜRSIZ [ümürsüz], syp. Ümür bilen 
örtülmedik, ümri ýok. Howa ümürsiz, arkaýyn 
maşynly gidibermeli. 
ÜMÜŞ : ümüş mal guzusy, owlagy we s. m. ölen 
mal, dowar. 
ÜMÜŞ-TAMYŞ, at. Agşam garaňky düşüp 
başlan ýa-da daň saz berip başlan wagty, alagaraňky.
ÜMÜŞ-TAMYŞLYK, at. Ümüş-tamyş wagty, 
alagaraňkylyk. 
Rejep 
ümüş-tamyşlykda 
onuň 
Keýikdigini tanady (B. Gulow). 
ÜMZÜK, at. Ýüz tarapy. Zähmet bilen jogap 
bermegi 
maksat 
edinýänleriň 
ümzügi 
öňe 
(

Türkmenistan

). 
◊ Ümzügiňi atmak bir tarapa seredip, öňe 
omzajak ýaly etmek. Owlajyk aýaklaryna galjak 
bolup delminýärdi, bize ümzük atýardy (

Edebiýat we 
sungat

). Nahar iýýän adama bakan ümzügiňi atyp 
oturma. 
ÜNDELMEK [ünnölmök], işl. Bir ugra 
gönükdirilmek. 
ÜNDEME [ünnömö], iş ady. Ündemek ýagdaýy. 
ÜNDEMEK [ünnömök], işl. 1. Bir işi etmäge 
çagyrmak, 
ynandyrjak 
bolmak, 
bir 
ugra 
gönükdirmek, ýol görkezmek. Mugallym mekdep 
okuwçylaryny garrylara kömege ündeýärdi. 2
Maslahat bermek, öwüt-nesihat etmek, nesihat 
bermek, ündew etmek. Magtymguly öz şygyrlarynda 
Watany, topragy söýmekligi ündeýär. 3. Söz ýa-da 
yşarat bilen barmaly, baryp oturmaly ýerini, girmeli
jaýyny görkezmek, teklip etmek, mürähet etmek.
Pökgen hem Wüşi keli öýe baka ündäp, hödür-kerem 
etmegi we onuň bilen gürrüňdeş bolmagy ýüregine 
düwdi (A. Gowşudow). 
ÜNDEMEKLIK 
[ünnömöklük], 
iş 
ady. 
Ündemek ýagdaýy. 
ÜNDEMEZLIK [ünnömözlük], iş ady. Ündew 
etmezlik. 
ÜNDEŞMEK [ünnöşmök], işl. Birnäçe bolup 
ündemek. 
ÜNDETMEK [ünnötmök], işl. Ündemek işini
başga etdirmek. 
ÜNDEW [ünnöw], at. Maslahat, öwüt, nesihat, 
tabşyryk, pent. 
ÜNDEWÇI [ünnöwçü], at. Öwüt-nesihat beriji, 
maslahat beriji, tabşyryjy. 
ÜNDEÝIŞ [ünnöýüş], işl. Ündemek ýagdaýy. 
ÜNDÄBERMEK [ünnä:vermek], işl. Ündäp 
başlamak. 
ÜNJI [ünjü], at. Alada-gaýgy zerarly döreýän 
ynjalyksyzlyk, ynjalyk bermeýän pikir, alada. 
Ünji etmek alada batmak, iňkise gitmek, 
ynjalykdan aýrylmak.
ÜNJI-ALADA [ünj(ü)-alada], at, ser. Ünji.
Ol ünji-aladasyny bir bada ýadyndan çykardy. 


416 
ÜNJI-AZAR [ünj(ü)-aza:r], at, ser. Ünji. 
Gulpagyn tasadyp, ünji-azarsyz, Aýlar bökjeklänin 
saldy ýadyna (B. Kerbabaýew).
ÜNJÜLENMEK [ünjülönmök], işl. Gaýgy-alada 
batmak. 
ÜNJÜLI [ünjülü], syp. Ünjä batan. Birden 
ýagtylandy ünjüli ýüzi, Ýatdy howsalasy, ynjaldy özi 
(A. Kekilow).
ÜNJÜSIZ [ünjüsüz], syp. Ünjüsi ýok, ünjüsi 
bolmadyk. Ünjüsiz adam 
ÜNS [ünüs], at. Bir zada gönükdirilen dykgat, bir 
zat hakynda edilýän oý, pikir, alada. Ol 
barmaklaryny basyp, galdyryp, üns bilen sanady (B. 
Kerbabaýew). 
Üns bermek bir zada pikir bermek, dykgat 
bilen nazar salmak, bir zadyň aladasyny etmek. Sen 
onuň gürrüňlerini pugta üns berip diňle hem-de 
paýhas eleginden elemegi başar (G. Seýitmädow). 
Ünsüni çekmek 1) biriniň pikirini, dykgatyny bir 
zada gönükdirmek, birini bir zat gyzyklandyrmak. 2) 
bir zat uçin alada etmek, bir zadyň ugrunda çalyşmak. 
Häzir biziň ähli ünsümiz şu işe çekildi. 
ÜNSLI [ünüslü], syp. Her bir zada üns 
berýän,dykgatly. Jumanyň gürrüňini çagalaryň 
hemmesi örän ünsli diňlediler (N. Geldiýew). Onuň 
sözüni ünsli diňleýşi hemmeleriň ünsüni özüne çekdi 
(

Türkmenistan

). 
ÜNSLÜLIK [ünüslülük], at. Her bir zada üns 
berijilik, dykgatlylyk. 
ÜNSSÜZ [ünüssüz], syp. Hiç bir zada üns 
bermeýän, ünsüni jemlemeýän, dykgatsyz. 
ÜNSSÜZLIK [ünüssüzlük], at. Hiç bir zada üns 
bermezlik, ünsi jemlemezlik, dykgatsyzlyk. 
ÜNTÜŞIK [üntüşük], at. Oý-pikir, üns. Onuň bar 
üntüşigi ýazýan zadyndady. 
Üntüşigini dikmek bar ünsüni bir zada 
jemlemek, bileni-biteni bir zat bolmak. Onuň bar 
üntüşigini dikýän zady nireden näme gazanyp 
bolarka? 
ÜŇÜRS, at. Bir zady almaly bolanda saklanyp 
bilmezlik gylygy. Onuň üňürsi ýokdur, hödür-kerem 
etseň, barsyny iýer oturyberer. 
ÜŇÜZat. kön. s. 1. Derýa. 2. Akabanyň galdyran 
sudury, yzy galan derýa ugry. 
Üňüz ýaly köp süýt berýän, süýtli (sygyr 
hakynda). Uzyn boýuň gamyşdan, Sakak bagyň 
kümüşden, Köp süýt sagar ejesi, Üňüz ýaly 
gäwmişden (Hüwdi). 
ÜPJÜN,
 
syp. Hemme zady ýerbe-ýer, hiç bir zada 
mätäç bolmadyk, maddy hal-ýagdaýy oňat, ýeterlik 
derejede bolan.
Üpjün bolmak hemme zady ýerli-ýerinde 
bolmak, gerekli zatlaryň hemmesi bolmak. Üpjün 
etmek gerekli zatlaryny tapyp bermek.
ÜPJÜNÇILIK [üpjünçülük], at, ser. Üpjünlik
Çig mal bilen üpjünçilik meselesi hem oňat ýola 
goýulýar. 
ÜPJÜNLIK [üpjünlük], at. Üpjün ýagdaýda 
bolmaklyk, üpjünçilik. 
ÜPÜL-SÜPÜL, syp. Giň, uzyn, sallam-sajak 
(geýim hakynda). Üpül-süpül geýim.
ÜPÜR-ÇÜPÜRat, ser. Üpür-süpür
ÜPÜRJIK
at. Matanyň 
ýüzündäki 
we 
gyralaryndaky çykyşyp duran sapaklar, ürpük, übtük 
uçlary, üpür-çüpürler. Ýüzi üpürjik mata.
ÜPÜRJIKLI, syp. Ýüzünde we gyrasynda 
üpürjigi bar bolan. 
ÜPÜRJIKLIRÄK [üpürjiklirä:k], syp. Birneme 
üpürjikli, azda-kände üpürjikli. 
ÜPÜRJIKSIZ, syp. Üpürjigi ýok, üpürjigi 
bolmadyk. 
ÜPÜR-SÜPÜR, at. 1. Ýüzi endigan däl, 
üpürjikli, üpür-çüpür. 2. Taşlandy, zyňyndy, gyryndy 
(ýüp, pagta, köne-küşül we ş.m.). 
ÜRÇ: ürç etmek bir işi irmän-ýadaman etmek, 
bir işi höwes bilen ýerine ýetirmek, bir işe yhlasly 
daraşmak. Onuň eserleri ähli okyjylaryň ürç edip 
okaýan eserlerine öwrüldi.
ÜRE, at, fiz. 1. Misiň galaýy we sink bilen 
birlikdäki ergini, gurşuna meňzeş çal metal. 2
Gurşun, galaýy we gaýry metallar eredilýän gap. 3
Gurşun, galaýy eredilenden soňky galan hapasy.
ÜRGÜN: ürgün çäge kwarsyň ýa-da başga bir 
gaty mineralyň biri-birine ýelmeşmeýän örän 
owunjak dänejikleri. Ýyljak ürgün çägäniň endama 
ýakymly täsirinden otuz minutlap lezzet almak 
mümkin (

Saglyk

). Herrikgalanyň gaýrasynda 
ýerleşýän Sarykölüň ürgün çägesini gysymyňa gysyp 
saklap bolmaýar, şoňa görä-de irki döwürlerde çäge 
depeleriniň üstünde düme garpyz lar gowy biter eken.  
ÜRJEMEiş ady. Ürjemek ýagdaýy. 
ÜRJEMEK, işl. Hereketi artmak, gatnawy 
köpelmek; güýjemek, gazaplaşmak.
ÜRJEMEZLIK
iş 
ady. 
Güýjemezlik, 
gazaplaşmazlyk.
ÜRJÄBERMEK [ürjä:bermek], işl. Ürjäp 
başlamak. 
ÜRKEK [ürkök], syp. Sähelçe zada tisginip 
duran, sähelçe zatdan ürküp duran, garaçy (mal 
hakynda). Ürkek mal. 
ÜRKEKLIK [ürköklük], at. Ürkek ýagdaýynda 
bolmaklyk, ürkek bolmaklyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   660   661   662   663   664   665   666   667   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling