Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet667/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   663   664   665   666   667   668   669   670   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜSTÜNLIK [üssünlük] IIIat, gepl.d. Degirmen 
daşynyň ýokarkysy. Astynlygyny-da, üstünligini-de 
dişesin. 
ÜST-ÜSTE [üssüssö], hal. Biri-biriniň üstünde. 
Ýassyklary üst-üste goý
ÜŞBU, çal., ser. Uşbu. Açyldy zemin lälesi, // 
Üşbu dünýä reýhan bu gün (Magtymguly). Nepes 
diýer, hijriňden köýdüm üşbu zamana, // Eý gözel, sen 
dek gözel gelermi bu jahana (Mollanepes). 
ÜŞEK [üşök], syp. Sowuga çydamsyz, sähelçe 
sowuga dözümsiz, üşegen. Ol gaty üşekdir. 
ÜŞEKLIK [üşöklük], at. Sowuga çydamsyzlyk, 
sähelçe sowuga dözümsizlik, üşegenlik. 
ÜŞEME [üşömö], iş ady. Üşemek ýagdaýy. 
ÜŞEMEK [üşömök], işl.1. Sowuga çydamsyz 
bolmak, sowuk howa bedeniňe täsir etmek. Onuň 
elleri üşäp, duluklary nar ýaly gyzarypdyr (A. 
Durdyýew). 2. Sowuklamak, sowuk howanyň öte 
täsiri netijesinde ýoňlamak. Görýärin welin siz gaty 
üşäpsiňiz öýdýän (A. Gowşudow). 
ÜŞEMEKLIK [üşömöklük], iş ady. Üşemek 
ýagdaýy. 
ÜŞEMEZLIK [üşömözlük], iş ady. Sowuk howa 
bedene täsir etmezlik. 
ÜŞERIBERMEK [üşörüvermek],işl. Üşerilip 
başlamak. 
ÜŞERILIŞMEK [üşörlüşmök], işl. Birnäçe adam 
bilelikde üşerilmek. Oturanlaryň bary ileri-ileri 
omzap üşerilişdiler (

Edebiýat we sungat

). 
ÜŞERILMEK [üşörülmök], işl. Haýsy-da bolsa 
bir zada geň galyp, geňirgäp seredilmek. Eger olar 
keýik bolsa, Çerkeziň duranyny görüp, sakga 
durardylar, oňa bakan üşerilerdiler (B. Kerbabaýew).
ÜŞERIŞ [üşörüş], iş ady. Üşermek ýagdaýy. 
ÜŞERIŞMEK [üşörüşmök], işl. Birnäçe bolup 
geňirgenip seretmek. Köçeden barýanlar allaniçigsi 
bolup üşerişdiler (B. Kerbabaýew). 
ÜŞERME [üşörmö], iş ady. Üşermek ýagdaýy. 
ÜŞERMEK [üşörmök], işl. Bir zada geň galyp, 
gorkup, çekinip seretmek; gulak asmak. Eýesini 
ysgap duran at üşerdi (Ç. Aşyrow). 
ÜŞERMEKLIK [üşörmöklük], iş ady. Üşermek 
ýagdaýy. 
ÜŞERMEZLIK [üşörmözlük], iş ady. Üşerip 
seretmezlik. 
ÜŞERTMEK [üşörtmök], işl. Bir zada geň galyp, 
gorkup, çekinip seretmek, diňşirgenmek, howatyr 
edip seretmek, çiňerilip seretmek, diň salmak. 
Hasasyna söýenen goja gözlerini üşerdip seretdi, 
emma salam beren oglany saýgaryp bilmän:  Kimdi 
bu? diýip sorady (B. Kerbabaýew). Onuň taýhary 
gulaklaryny üşerdip, birdenkä hynçgyrmaga durdy 
(B. Kerbabaýew).
ÜŞETME [üşötmö], iş ady. Üşetmek ýagdaýy. 
ÜŞETMEK [üşötmök], işl. Biriniň üşemegine 
sebäp bolmak. Çagany üşedipsiňiz.
ÜŞETMEKLIK [üşötmöklük], iş ady. Üşetmek 
ýagdaýy. 
ÜŞETMEZLIK [üşötmözlük], iş ady. Üşetmän 
saklamak. Yssylatman, üşetmän, Gujagyna alsady (B. 
Kerbabaýew). 
ÜŞGI [üşğü], at. Agaç, demir deşmek üçin, şonuň 
ýaly-da metalyň ýüzüni oýmak üçin şallakynyň 
agzyna ötürilýän buraw görnüşli enjam. 
ÜŞÜDIŞ [üşüdüş], iş ady. Üşütmek ýagdaýy. 
ÜŞÜK,at. Duýgurlyk, aň, akyl; üns, dykgat. 
Gepe kimler düşünmeýär, üşügiň bolsa üme düş (B. 
Kerbabaýew).
ÜŞÜKLI [üşüklü], syp. Ünsli, aňly, dykgatly. 
ÜŞÜKLILIK [üşüklülük], at. Üşügi barlyk, 
üşükli bolmaklyk. Onuň üşükliligi bir gowy zat. 
ÜŞÜKSIZ [üşüksüz], syp. Ünssüz, aňsyz, duýgur 
däl. Hyzmatkärleriň üşüksizligine gaharlanan şa 
Hudaýberdä sakçylyk eden iki ýigide azgyryldy (S. 
Myradow). 
ÜŞÜTME [üşütmö] 1iş ady. Üşütmek ýagdaýy. 
2. Üşüdip gagşadýan kesel. 
ÜŞÜTMEK [üşütmök], işl. Näsaglyk sebäpli 
bedeniň sowap gagşamak, sandyramak, titremek. 
Mähriniň ini çümşüldäp, bir hili üşüdýän ýaly boldy 
(A. Gowşudow).
ÜŞÜTMEKLIK [üşütmöklük], iş ady. Üşütmek 
ýagdaýy. 
ÜŞÜTMEZLIK [üşütmözlük], iş ady. Üşäp 
näsaglamazlyk. 
ÜTDÜRMEK [ütdürmök], işl. 1. Ütmek işini 
başga birine etdirmek. Kellebaşaýagy ütdürmek. 2
göç.m. Hakyňy birine iýdirmek, almaly hakyň bir 
bölegini gidermek. 
ÜTELGI [ütölğü], at. Laçynlar maşgalasyndan 
eldeki edilip awa salynýan guş. Mydam garlydyr 
başlary, Ütelgi laçyn guşlary (Kätibi). 
ÜTME [ütmö], iş ady. Ütmek ýagdaýy. 
ÜTMEK [ütmök], işl. 1. Kellebaşaýak, guş we 
ş.m. tüýüni, ýelegini ýolup, oda çawlap arassalamak.
2gepl.d., göç.m. Biriniň hakyny iýmek, birini aldap 
çürkemek. 
ÜTMEKLIK [ütmöklük], iş ady. Ütmek ýagdaýy. 
ÜTMEZLIK [ütmözlük], iş ady. Ütüp, ýolup, 
ýelegini, tüýüni aýyrmazlyk. 
ÜTÜBERMEK [ütüvermek], işl. Ütüp başlamak. 
ÜTÜJI[ütüjü], at, gepl.d. Kesekiniň hakyny iýiji, 
aldaýjy, ýolujy, çürkeýji. 
ÜTÜK I,at. Matanyň, geýimleriň ýygyrdyny 
düzlemek, ýazmak üçin gyzdyrylyp ulanylýan enjam. 
Onuň eginbaşy mydama ýap-ýaňyja ütügiň astyndan 
çykan ýalydy (A. Gelenow). 
ÜTÜK II,syp., gepl.d. Tüýi, ýelegi ütülen, düşen. 
Olaryň bir ütük towugy we altyn ýumurtgajygy bar 
eken (N. Pomma). 
ÜTÜKLEME [ütüklömö], iş ady. Ütüklemek 
ýagdaýy. 
ÜTÜKLEMEK [ütüklömök], işl. Matanyň, 
geýimiň we ş.m. ýygyrdyny ýazmak üçin üstünden 


419 
ütük çekmek, ütük ýöretmek. Eje, meniň iň oňat 
görýän köýnegim bilen jalbyrymy ütükläweri! (A. 
Nazarow). 
ÜTÜKLEMEKLIK [ütüklömöklük], iş ady. 
Ütüklemek ýagdaýy. 
ÜTÜKLEMEZLIK [ütüklömözlük], iş ady. Ütük
etmezlik. 
ÜTÜKLENMEK [ütüklönmök], işl. Üstünden 
ütük ýöredilip, ýygyrdy ýazylmak. Ýagşymyrat 
ütüklenen geýimlerini geýdi (B. Seýtäkow). 
ÜTÜKLEŞDIRMEK 
[ütüklöşdürmök], 
işl. 
Mata, geýim we ş.m. zatlary bir ýanyndan ütükläp 
çykmak. Geýimleriňi ütükleşdirmek. 
ÜTÜKLEŞMEK 
[ütüklöşmök], 
işl. 
1
Ütüklemäge kömekleşmek. 2. Bilelikde ütüklemek. 
ÜTÜKLETDIRMEK [ütüklötdürmök], işl., ser. 
Ütükletmek
ÜTÜKLETMEK [ütüklötmök], işl. Ütüklemek 
işini başga birine etdirmek. Eşiklerimi gyz jigime 
ütükletdim
ÜTÜKLEÝIŞ [ütüklöýüş], iş ady. Ütüklemek 
ýagdaýy. Gelniniň eşik ütükleýşine gaýyn enesiniň 
göwni ýetdi
ÜTÜKLÄBERMEK 
[ütüklä:vermek], 
işl. 
Ütükläp başlamak. 
ÜTÜKLI [ütüklü], syp. Ütüklenen. Ol ütükli 
eşiklerini geýdi.
ÜTÜKSIZ [ütüksüz], syp. Ütüklenmedik, ütük 
edilmedik, ütük ýöredilmedik. Ütüksiz darja jalbary, 
Ediljek egri dyzyndan (Ç. Aşyrow). 
ÜTÜLGI [ütülğü], syp. Ütülen, ýelegi ütülip 
aýrylan. Ütülgi jüýje. 
ÜTÜLMEK [ütülmök], işl. 1. Ýelegi, tüýi ýolnup 
aýrylmak. Maral ýelegi ütülen towugy ýuwup 
arassalady. 2. göç.m. Hakyňy gidermek, hakyňy 
iýdirmek. 
ÜTÜLMIŞ [ütülmüş], at, gepl.d.Saçy ütülen, 
ütülen (kinaýa bilen aýdylýan söz). Ah-eý, ol ütülmiş 
garry köpegiň sypaty nähili? (N. Pomma). 
ÜTÜNMEK [ütünmök], işl. Özüň üçin ütmek. 
ÜTÜŞiş ady. Ütmek ýagdaýy. 
ÜTÜŞDIRMEK [ütüşdürmök], işl. Hemmesini
bir ýanyndan ütüp çykmak. Öldürilen horazlary 
ütüşdirmek. 
ÜTÜŞMEK 
[ütüşmök], 
işl
1
Ütmäge 
kömekleşmek. Gyzy ejesine kelle ütüşdi2. Bilelikde 
ütmek. Gelinler palawa atyljak towuklary ütüşip 
otyrdy
ÜWELMEK [üwölmök], işl. 1. Un görnüşine 
getirilmek, un edilmek. Bugdaý üwelmek. 2
Ownadylmak, maýdalanmak. Üwelen et. 
ÜWEME [üwömö], iş ady. Üwemek ýagdaýy. 
ÜWEMEK [üwömök], işl. l. Gallany, dänäni 
degirmenden geçirip, un görnüşine getirmek, un 
etmek. 2. Ýörite maşynlardan geçirip ownatmak, 
maýdalamak (dürli önümler hakynda). Maşynda 
somsalyk et üwemek. 3. gepl.d., göç.m. Galyň üçin 
köp zat almak. Mama Aýnany üwemek isleýär, meniň 
bolsa düýämi beräýmesem, başga zadym ýok (B. 
Kerbabaýew). 
ÜWEMEKLIK [üwömöklük], iş ady. Üwemek 
ýagdaýy. 
ÜWEMEZLIK 
[üwömözlük], 
iş 
ady. 
Degirmenden geçirip, un etmezlik. 
ÜWENMEK [üwönmök], işl. Özüň üçin 
üwemek, un etmek. El degirmende jöwen üwenmek. 
Gutaplyk et üwenmek. 
ÜWEŞDIRMEK [üwöşdürmök], işl. Ählisini 
üwemek, üwäp çykmak, üwäp gutarmak. Galan 
bugdaýlary üweşdirip ýygnaşdyrmak gerek. 
ÜWEŞMEK [üwöşmök], işl. 1. Üwemäge 
kömekleşmek. 
Gyzlar 
gelnejelerine 
bugdaý 
üweşdiler. 2. Bilelikde üwemek. Iki sany aýal el 
degirmende jöwen uweşip otyrdy
 ÜWETDIRMEK[üwötdürmök], 
işl., 
ser. 
Üwetmek
ÜWETME [üwötmö], iş ady. Üwetmek ýagdaýy. 
ÜWETMEK [üwötmök], işl. Üwemek işini başga 
birine etdirmek. Bir gün baý ony iki bugdaýy 
üwetmek üçin Arkaja iberipdir (A. Gowşudow). 
ÜWEÝIŞ [üwöýüş], iş ady. Üwemek ýagdaýy. 
ÜWMEÇ [üwmöç], at. Pomidory üwäp, degişli 
goşundylary garmak arkaly taýýarlanan iýmit önümi. 
ÜWMEK [üwmök], syp.1. Üsti doldurylyp, 
tümmek edilip üýşürilip goýlan. Üsti üwmek etli 
palaw.2. Bir ýere üýşüp duran, köp mukdarda 
toplanan.
ÜWMELEMEK [üwmölömök], işl.1. Mazaly 
tümmekläp goýmak, dolduryp guýmak, tümmek edip 
guýmak. 2. Üýşürip, toplap goýmak.  
ÜWMELETMEK 
[üwmölötmök], 
işl. 
Üwmelemek işini birine etdirmek. Okarany 
dogramadan üwmeledip alyp geldi. 
ÜWMELGI [üwmölğü], syp. Üwmek bolup 
duran üýşürilip goýlan, üýşürilgi.
ÜWREDIBERMEK 
[üwrödüvermek], 
işl. 
Üwredip başlamak. 
ÜWREG [üwröğ], at, gepl.d. Sallançagyň bady. 
Sallançagyň üwregi galdygy çaga oýanýardy. 
ÜWRELMEK [üwrölmök], işl. Biri tarapyndan 
herekete getirilmek, yralanmak. Sallançak üwreldi

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   663   664   665   666   667   668   669   670   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling