Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet675/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   671   672   673   674   675   676   677   678   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WAŇLAMAK, işl. 1. Düýäň boýnuna dakylýan 
düňk waňňyldyly seslenmek. 2. gepl.d. Tükeniksiz 
gürläp oturmasy düňküň sesi ýaly ýaňlanyp 
eşidilmek. Emma ejeligimiň dili hatardaky düňküň 
dili ýaly birsyhly waňlap durýar (B. Kerbabaýew). 
WAŇŇYR-WAŇŇYR, s.ş. aňl.söz. Düýäniň 
boýnuna dakylýan düňkden we ş.m. çykýan ses. 
WAŇŇYRDABERMEK 
[waňňyrda:vermek], 
işl. Waňňyrdap başlamak. 
WAŇŇYRDADYBERMEK 
[waňňyrdadyvermek], işl. Waňňyrdadyp başlamak.  
WAŇŇYRDAMA, 
iş 
ady. 
Waňňyrdamak
ýagdaýy.
WAŇŇYRDAMAK, işl. Düýäniň boýnuna 
dakylýan düňk waňňyrdyly seslenmek. 
WAŇŇYRDAMAZLYK, iş ady. Waňňyrdyly ses 
çykarmazlyk. 
WAŇŇYRDAŞMAK, 
işl. 
Birnäçe 
zat 
waňňyrdamak. Agama geljek gyzyň, Düwmesi 
waňňyrdaşar (Läle). Düýeleriň boýnundan asylan 
düňkler waňňyrdaşýardylar. 
WAŇŇYRDATMAK, 
işl. 
Waňňyrdyly 
seslendirmek, waňňyr-waňňyr etdirip ses çykartmak, 
waňňyrdy döretmek. 
WAŇŇYRDY, at. Demir gaplaryň we ş.m. biri-
birine degmeginden emele gelýän güňleç gaty sesiň 
ady.
WAŇ-WAŇ, at. Köplenç, misden ýasalan zatlar
biri-birine degende, gaty zat bilen urlanda ýaňlanyp 
çykýan ses. 
WARAK I, syp. gepl.d. Ulanylyşdan galan, 
könelen, zaýalanan, çagşan, döwük. Oňa bir warak
taşlandy dutar satyn alyp berdiler (N. Saryhanow). 
WARAK II, at, k.d. Kitabyň, depderiň we ş.m. 
içindäki kagyzlarynyň biri, tagta kagyz, sahypa.
WARAKLAMA, iş ady. Waraklamak ýagdaýy. 
WARAKLAMAKişl., kön.s.  Kitabyň, depderiň 
we ş.m. sahypalaryny agdaryşdyryp çykmak, gözden 
geçirmek. Men derrew onuň sahypalaryny waraklap 
çykdym (N. Saryhanow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   671   672   673   674   675   676   677   678   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling