Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet676/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   672   673   674   675   676   677   678   679   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WARAKLAMAZLYK, 
iş 
ady. 
Waraklap 
çykmazlyk. 
WARAKLANMAK, işl., gep. d. Sahypalary 
ýekän-ýekän gözden geçirilmek, sahypalara ýekän-
ýekän seredilip çykylmak. 
WARAKLATMAK, işl. Kimdir birine kitabyň, 
depderiň sahypalaryny agdartmak. 
WARAKLY, syp. Sahypaly. Zer warakly, ýüzi 
gyzyl jezwelli, Okadygym kitap, gurhan, gal indi 
(Seýdi). 
WARHAM, at. Bulaşyk, bulam-bujar. Köp 
pakyrlar aglaşyp, geler andan amana, Istäri bar az 
wagtdan warham bolsa zamana (Magtymguly). 
WARHAM-TARHAM: 
warham-tarham 
etmek, bulam-bujar etmek, görer ýaly etmezlik.
WARÝANT [varyýa:nt], at. Haýsydyr bir zadyň 
üýtgeşik görnüşi.
WARÝANTLAŞMA [varyýa:ntlaşma], 1iş ady
Warýantlaşmak ýagdaýy. 2. dil.b. Biri-biriniň ýerine 
ulanylma. Dürs aýdylyşdaky warýantlaşma. Sözleriň 
warýantlaşmasyStilistik warýantlaşma
WARÝANTLAŞMAK [varyýa:ntlaşmak], işl., 
dil.b. Görnüşi üýtgemek; şol bir hyzmaty ýerine 
ýetirmek üçin bir sözüň ýerine başga söz, ses, 
goşulma gelmek.
WARÝANTLY [varyýa:ntly], syp. Warýanty bar 
bolan. Warýantly aýdylyş. 
WARÝANTLYLYK [varyýa:ntlylyk], at, dil.b
Warýanty barlyk, warýantly bolmaklyk. Morfologik 
warýantlylyk.
WARK-WARK, s.ş. aňl.söz. Gurbaganyň we 
käbir guşlaryň çykarýan sesi. Gurbagalaryň wark-
warky ýatyşdy. 
WARKYLDABERMEK [warkylla:vermek], işl
Warkyldap başlamak (gurbaga hakynda). 
WARKYLDAMA 
[warkyllama], 
iş 
ady. 
Warkyldamak ýagdaýy. 
WARKYLDAMAK [warkyllamak], işl. 1. Wark-
wark edip seslenmek, warkyldyly ses çykarmak 
(gurbaga, kepderi, gögerçin we ş.m. hakynda). 
Garaňky düşende gurbagalar warkyldap başlady. 2
Wark-wark edip, gaty ses bilen gülmek. 
WARKYLDAŞMAK [warkyllaşmak], işl. 1
Köp sanlysy warkyldamak. Gijelerine gurbagalar 
warkyldaşýarlar. 2. gepl.d. Köp adam bolup gaty 
gülmek. Toýa gelen aýallar warkyldaşyp, ala-ýaz 
bolşup otyrdylar. 
WARKYLDY [warkylly], at. 1. Gurbaga we 
käbir guşlaryň çykarýan sesiniň ady. Guşlaryň 
warkyldysy2. Gaty çykýan gülki. 
WARLABERMEK [warla:vermek], işl. Warlap 
başlamak. Ol uçar duran ýerinde warlaberdi. 
WARLAMA, iş ady. Warlamak ýagdaýy. 
WARLAMAK, işl. War-war edip seslenmek
warryldyly ses çykarmak. Asmandan uçarlaryň 
warlaýan sesleri eşidilýärdi. 
WARLAMAZLYK, iş ady. Warlaýan ses 
çykarmazlyk. 


428 
WARRA-WURRA [warra-wurro], at. Düşnüksiz, 
gödek äheňde gepleýiş, düşnükli-düşnüksiz sözleýiş. 
Bular-aýt, biri-birleriniň warra-wurrasyna özleri 
beri düşünýärmikäler? (B. Kerbabaýew). 
WARRYK, syp. 1. Gorkak, züwwetdin. Ol 
gijelerine öýden çykyp bilmeýän barypýatan 
warrykdy. 2. Ugursyz gürläp ýören. 
WARRYKLABERMEK [warrykla:vermek], işl. 
Warryklap başlamak. 
WARRYKLAMA, iş ady. Warryklamak ýagdaýy. 
WARRYKLAMAK, işl. Warryk-warryk edip 
seslenmek, warryk-warryk edýän ses çykarmak. 
Kölden gurbagalaryň warryklaýan sesi gelip durdy. 
WARRYKLAMAZLYK, iş ady. Warryk-warryk 
etmezlik. 
WARRYKLAŞMAK, 
işl. 
Ýerli-ýerden 
köpçülikleýin warryk-warryk etmek. Gurbagalar 
warryklaşýardylar (N. Jumaýew). 
WARRYK-WARRYK, s.ş.aňl.söz. Gurbagalar 
dowamly saz-söhbet edende çykarýan sesi. Kölde 
gurbagalaryň warryk-warrygyndan başga ses 
eşidilmeýärdi. 
WARRYLDABERMEK [warrylla:vermek], işl. 
Warryldap başlamak. 
WARRYLDAMA 
[warryllama], 
iş 
ady. 
Warryldamak ýagdaýy. 
WARRYLDAMAK [warryllamak], işl. War-war 
edip seslenmek, war-war etmek. 
WARRYLDAMAZLYK [warryllamazlyk], iş 
ady. War-war etmezlik. 
WARRYLDAŞMAK [warryllaşmak], işl. Ýerli-
ýerden bilelikde war-war etmek. Olar warryldaşyp, 
ýüregimize düşdüler. 
WARRYLDATMAK [warryllatmak], işl. War-
war edýän ses çykartmak. Ol ertirden bäri traktoryny 
warryldadyp, ýer sürüp ýör. 
WARRYLDY [warrylly], at, Traktoryň, uçaryň 
we ş.m. motory işlän mahalynda emele gelýän güňleç 
gaty sesiň ady. Uzyn gijeläp traktoryň warryldysy 
ýatmady.  
WARSAKY, at. Biderek, boş, bolgusyz, ugursyz-
utgasyz (gürrüň). Ýönekeý warsaky gürrüňleriň 
söýgä, hakyky söýgä öwrülip gidenini özleri-de 
duýman galdylar (B. Pürliýew). 

Warsaky urmak biderek, ugursyz gürrüň 
etmek. Sen warsaky urmaly bolanda, diliňi kireýine 
alan ýaly (B. Kerbabaýew). 
WARSAKYÇY, at. Warsaky gürrüňler aýdýan 
adam. 
WARSYLDAMA 
[warsyllama], 
iş 
ady. 
Warsyldamak hereketi. 
WARSYLDAMAK 
[warsyllamak], 
işl. 
Warsyldyly ses çykmak, warsyldyly seslenmek (ser
Pörsüldemek). Iňňe onuň elinden warsyldap çümdi. 
WARSYLDAMAZLYK [warsyllamazlyk], iş 
ady. Warsyldyly ses çykarmazlyk. 
WARSYLDATMAK [warsyllatmak], işl. Iňňäni, 
pyçagy teniň bir ýerine, garpyza we ş.m. sokup 
warsyldyly ses çykarmak. Ol pyçagy garpyzyň 
böwründen warsyldadyp sokdy.  
WARSYLDY [warsylly], at. Bedene iňňe, 
garpyza pyçak sünjülende we ş.m. ýagdaýda döreýän 
sesiň ady. 
WAR-WAR: war-war etmek ýogyndan gaty ses 
bilen gürlemek. 
WAS, s.ş.aňl.söz. Pökginiň we ş.m. ýeli çykýan 
wagtynda döreýän ses. 
WASLAMAK [wasylamak], işl. Was edip ses 
çykmak. 
WASP [wasyp], at. Taryp, öwgi. Ylym gerek seniň 
waspyň ýazmaga (Kemine). 
WASPNAMA [wasypna:ma], at, edeb. Taryhy 
wakanyň ýa-da şahsyň hatyrasyna bagyşlanyp 
ýazylan şygyr. 
WASSYKLAMA, iş ady. Wassyklamak ýagdaýy. 
WASSYKLAMAK, işl. Ýel berýän we ýel alýan 
zatdan wassyk-wassyk edip, wassyldyly ses çykmak. 
Ana açyk bir eýwanda körük wassyklap, kömürden 
al-ýaşyl ýalyn bulaýlanýardy (B. Kerbabaýew).
WASSYKLAMAZLYK, iş ady. Wassyk-wassyk 
etmezlik. 
WASSYKLAŞMAK, işl. Ýel berýän we ýel 
alýan zatdan wassyklap ses çykmak ýa-da çykarmak. 
Ussahanada 
basylýan 
körükler 
wassyklaşyp, 
ojakdaky demirleri gyzdyrýardy.  
WASSYKLATMAK, iş ady, Wassyk-wassyk 
etdirip seslendirmek, wassyldyly ses çykartmak. 
Körügi wassykladyp, ody mazaly güýçlendirdi.  
WASSYKLATMAZLYK, iş ady. Wassyk-
wassyk etdirmezlik. 
WASSYKLAÝYŞ, 
iş 
ady. 
Wassyklamak 
ýagdaýy. 
WASSYLDAMAK [wassyllama], işl., ser. 
Wassyklamak. 
WASSYLDAŞMAK [wassyllaşmak], işl., ser. 
Wassyklaşmak. 
WASSYLDATMAK [wassyllatmak], işl., ser. 
Wassyklatmak. 
WASSYLDY [wassylly], at. Körük işledilende 
çykýan sesiň ady. 
WASSYK-WASSYK, at, Körük basylanda 
waslap çykýan ýeliň sesi. 
WAS-WAS, syp. Haýsydyr bir zat hakynda
ýüregiňe dowul düşme arkaly ýüze çykýan psihiki 
kesel. Was-was adam. Was-was bolmak. Was-was 
keseli. 

Was-wasa düşmek aljyramak, başagaý bolmak, 
özüňi ýitirmek, eliňi-aýagyňy ýitirmek. Daýzam was-
wasa düşüp ýören bolaýmasyn (

Edebiýat we 
sungat

). 
WAS-WASLYK, at. Was-was halda bolmaklyk. 
WAS-WASY, syp. , ser. Was-wasŞeýle bir was-
wasy boldum, edil birden üstüme ýagy döküläýjek 
ýaly (B. Öwezow). 
WAS-WASYLYK, 
at. 
Was-wasy 
halda 
bolmaklyk. 
 WAS-WASYRAK [was-wasyra:k], syp. Azda-
kände was-wasy. Meniň göwnüme bolmasa, ol was-
wasyrak.  


429 
WASYRDABERMEK [wasyrda:vermek], işl. 
Wasyrdyly ses çykyp başlamak. 
WASYRDAMAK, işl. Wasyr-wasyr edip 
seslenmek, wasyrdyly ses çykarmak. Üstünden 
suw guýlan ot wasyrdap öçdi.  
WASYRDAMAZLYK, iş ady. Wasyr-wasyr edip 
ses çykarmazlyk. 
WASYRDAŞMAK, 
işl. 
Birnäçe 
ýerden 
wasyrdyly ses çykmak (üstüne suw guýlan köz, gor 
hakynda). 
WASYRDATMAK, işl. Wasyr-wasyr etdirip 
seslendirmek, wasyrdyly ses çykartmak. 
WASYRDY, at. Üstünden suw guýlan otdan, 
gordan we ş.m. çykýan sesiň ady. 
WASYR-WASYR, s.ş. aňl.söz. Üstünden yzly-
yzyna suw guýlan otdan, gordan çykýan sesler 
WAŞYRDABERMEK [waşyrda:vermek], işl. 
Waşyrdap başlamak. 
WAŞYRDAMA, iş ady. Waşyrdamak ýagdaýy. 
WAŞYRDAMAK, işl. Hyýar ýaly ter zat agzyňa 
salnyp çeýnelende waşyr-waşyr edip ses çykmak 
(serPaşyrdamak). 
WAŞYRDAMAZLYK, iş ady.. Waşyr-waşyr 
edýän ses çykmazlyk. 
WAŞYRDATMAK, işl. Waşyr-waşyr edip ses 
çykartmak, waşyrdyly seslendirmek. Turşy hyýaryny 
waşyrdadandan soň, Kelhanyň bogazy biraz giňedi 
(B. Kerbabaýew).
WAŞYRDAÝYŞ, iş ady. Waşyrdamak ýagdaýy. 
WAŞYRDY, at. Ter gök önüm we ş.m. zatlar 
iýlende emele gelýän sesiň ady. 
WAŞYR-WAŞYR, s.ş. aňl.söz. Ter gök önüm we 
ş.m. zatlar iýlende çykýan ses. 
WATAN, at. l. Adamyň doglup-dörän ülkesi, 
önüp-ösen, özüni onuň raýaty hasaplaýan ýurdy;
ata watan, ene toprak, dogduk mekan.2. Bir zadyň 
emele gelen ýeri, mekany. Bu ýerler waharmanyň 
watany.  

Watan tutmak mesgen tutmak, mydamalyk 
oturymly bolmak, ýurt tutmak. Tutsam ol ýerde 
watan, ol ýer ki anyň ilidir (Magtymguly). Watan 
ogly Watanyna jany-teni bilen berlen, oňa hyzmat 
edýän ýigit, adam. 
WATANÇY, syp. Öz watanyny söýýän, öz 
watanynyň bähbidi ugrunda göreşiji, öz watanyna, 
halkyna wepaly (adam). Watançy ýaşlar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   672   673   674   675   676   677   678   679   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling