Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WAHEÝ, üml., ser. Wah-waheý


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet674/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   670   671   672   673   674   675   676   677   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WAHEÝ, üml., ser. Wah-waheý. Waheý, edenim 
gursun, öň näme aýtmadyň? 
WAH-WAHüml. Adamyň has gaty gynanjyny, 
ökünjini, ýadawlyk duýmak ýaly içki duýgusyny 
aňladýar. 
WAH-WAHEÝ üml., ser. Wah-wahWah-waheý, 
Leýli jan! Meni beladan gutarjak bolup, ýolbars 
agzyna özüň düşdüňmi? (G. Kulyýew). –Wah-wah-
eý, bilim uçup gelýä – diýip, ikinji bir ses zeýrenjiredi 
(N. Hojageldiýew). 
WAJYP [wa:jy:p], syp. Aýratyn uly ähmiýeti 
bolan, gaýragoýulmasyz, derwaýys, möhüm, zerur. 
Galla oragynyň barşy şu günleriň iň wajyp 
meseleleriniň biridir (

Nesil

).
WAJYPLYK [wa:jy:plyk], at. Ähmiýetlilik, 
derwaýyslyk, 
möhümlik, zerurlyk. 
Meseläniň 
wajyplygy. Habaryň wajyplygy. 
WAJYR-WAJYR: wajyr-wajyr etmek gepl.d. 
Çalt-çaltdan düşnüksiz gürlemek, geplemek. Ol 
wajyr-wajyr edip, näme diýjek bolýar? 
WAJYR-WUJUR, s.ş. aňl.söz, ser. Wajyr-wajyr.
WAJYRDABERMEK [wajyrda:vermek], işl. 
Wajyrdap başlamak. 
WAJYRDAMA, iş ady. Wajyrdamak ýagdaýy.
WAJYRDAMAK, işl.1. Bir zadyň üstünden 
basylanda wajyrdyly ses çykmak, wajyrdyly 
seslenmek, wajyr-wajyr etmek. Onuň aýagynyň 
aşagynda bir zat wajyrdap gitdi. 2. gepl.d. Çalt-
çaltdan düşnüksiz gürlemek, geplemek. Ol nämä 
wajyrdaýar? 
WAJYRDAMAZLYK, iş ady. Wajyrdyly ses 
çykarmazlyk; wajyrdyly gürlemezlik. 
WAJYRDAŞMAK, işl. Birnäçe bolup, çalt-
çaltdan düşnüksizräk sözleşmek, 
wajyr-wajyr 
edişmek. 
WAJYRDAŞYBERMEK 
[wajyrdaşyvermek], 
işl. Birnäçe bolup, wajyr-wajyr edip sözleşip 
başlamak. 
WAJYRDATMAK, 
işl. 
Wajyrdyly 
ses 
çykartmak, wajyrdyly seslendirmek. Üstünden basyp 
wajyrdatdy. 
WAJYRDA-WUJUR, at. Özara wajyrdaşyp 
edilýän düşnüksiz gürrüň. Ozallar onuň ýanyna gelip 
bilmeýän çagalary indi 

wajyrda-wujur

bolşup, 
daşyndan aýrylanoklar. 
WAJYRDAÝYŞ, iş ady. Wajyrdamak ýagdaýy. 
WAJYRDY, at. 1. Käbir ýumşak zatlar basylyp 
mynjyradylanda we ş.m. ýagdaýda çykýan sesiň ady. 
2. Özara çalt-çaltdan edilýän düşnüksiz gürrüň. 
WAJYRT, s.ş. aňl.söz. Käbir ýumşak zatlar
basylyp mynjyradylanda we ş.m. ýagdaýda çykýan 
ses. Wajyrt etmek
WAJYRT-WAJYRT, s.ş.aňl.söz. Käbir ýumşak 
zatlar basylyp mynjyradylanda we ş.m. ýagdaýda 
yzly-yzyna çykýan sesler. Wajyrt-wajyrt etmek
WAŽ
s.ş.aňl.söz. 
Ajadylan, 
turşadylan 
önümlerden, gazlandyrylan suwdan we ş.m. çykýan 
ses. Gazly suw bulgura guýlanda waž edip ýokary 
galdy. 
WAŽYRDABERMEK [wažyrda:vermek], işl. 
Wažyrdap başlamak. 
WAŽYRDAMA, iş ady. Wažyrdamak ýagdaýy.
WAŽYRDAMAK, işl. Waž edip ses çykmak, 
waž edip seslenmek. 
WAŽYRDAMAZLYK, iş ady. Wažyrdy emele 
gelmezlik. 
 WAŽYRDAŞMAK, 
işl. 
Birnäçe 
zatdan
wažyrdyly ses çykyp başlamak. 
WAŽYRDATMAK işl. Wažyrdyly ses çykarmak. 
WAŽYRDY, at. Ajadylan ýa-da turşadylan 
önümlerden, gazlandyrylan suwdan we ş.m. çykýan
sesiň ady. 
WAŽYRDYLY, syp. Wažyrdap duran. 


426 
WAŽYRDYSYZ, 
syp. 
Wažyrdysy 
ýok, 
wažyrdysy bolmadyk. 
WAKA [wa:ka], at. Jemgyýetçilik durmuşynda 
ýa-da şahsy durmuşda ýüz beren garaşylmadyk 
hadysa, ýagdaý.
WAKGYLDABERMEK [wakgylla:vermek], işl. 
Wakgyldap başlamak. 
WAKGYLDAMA 
[wakgyllama], 
iş 
ady. 
Wakgyldamak ýagdaýy. 
WAKGYLDAMAK [wakgyllamak], işl. 1. Wak-
wak etmek, wak-wak edip ses çykarmak (towyk 
hakynda). Towuk wakgyldap ketege girdi. Towuklar 
wakgyldap başladylar. 2. göç.m., ser. Lakgyldamak.
Oguldursun bimahal gygyran towuk ýaly wakgyldap 
gopgun turuzdy (B. Gulow). 
WAKGYLDAMAZLYK [wakgyllamazlyk], iş 
ady. Wak-wak etmezlik. 
WAKGYLDAŞMAK [wakgyllaşmak], işl. Ýerli-
ýerden bilelikde wak-wak etmek. Adamlar ogra 
gargynýardylar, 
it 
üýrýärdi, 
towuklar
wakgyldaşýardy (

Edebiýat we sungat

). 
WAKGYLDATMAK [wakgyllatmak], işl. Wak-
wak edýän ses çykartmak. 
WAKGYLDY [wakgylly], at. 1. Towuk ýa-da 
başga bir guşuň wak-wak edip çykarýan sesiniň ady. 
Towuklaryň wakgyldysy ýatan çagalary oýardy. 2
göç.m. Biderek, dereksiz boş gürrüň. Seniňem biderek 
wakgyldyň gutarmady-la. 
WAKGYLDYSYZ 
[wakgyllysyz], 
syp. 
Wakgyldysy 
ýok, 
wakgyldysy 
bolmadyk. 
Wakgyldysyz towuk bolmaz. 
WAKSINA [vaksi:na], at, lukmanç. Mikro-
organizmlerden (bakteriýalardan, wiruslardan ) ýa-da 
olaryň ýaşaýşy bilen bagly önümlerden alynýan we 
ýokanç keselleriň öňüni alyş hem-de bejeriş
maksatlary bilen adamlardyr haýwanlaryň şeýle 
kesellere garşy durnuklylygyny berkitmek üçin
ulanylýan serişde. 
WAK-WAK, s.ş. aňl.söz. Towuk wakgyldanda 
çykýan ses. Horazlar wak-wak edýärdi. 
WAKYP, at, k.d. Köpçülik haýryna ömürlik 
bagyşlanan, berlen zat. Wakyp ýer. 

Wakyp etmek köpçüligiň haýryna bermek, 
bagyşlamak. Iki uly ýaby we Zöhräniň bagyny 
aşyklaryň ýoluna wakyp etdi (

Zöhre – Tahyr

). 
WAKYRDABERMEK [wakyrda:vermek], işl. 
Wakyrdap başlamak, sesli gülüp başlamak. 
WAKYRDAMA, iş ady. Wakyrdamak ýagdaýy. 
WAKYRDAMAK, işl. Şowhunly gülmek, gaty 
sesli, wakyrdyly gülmek. Töwerekdäkiler muňa 
wakyrdap gülüşdiler (G. Kulyýew). 
WAKYRDAMAKLYK, iş ady. Wakyrdamak 
ýagdaýy. 
WAKYRDAMAZLYK, iş ady. Wakyrdap 
gülmezlik. 
WAKYRDAŞMAK, işl. Birnäçe bolup wakyrdap 
gülmek. Oturanlar wakyrdaşyp gülüşdiler (G. 
Kulyýew). 
WAKYRDAŞYBERMEK [wakyrdaşyvermek], 
işl. Wakyrdyly gülşüp başlamak. Ependiniň 
ýomaklaryny 
eşidip 
oturan 
adamlar 
wakyrdaşyberdiler. 
WAKYRDATMAK, işl. Wakyrdyly güldürmek. 
WAKYRDY, at. 1. Şowhunly, galmagally 
gülnende emele gelýän sesiň ady 2. Köpçülikleýin 
gülki.

 Wakyrda bermek bilelikde wakyrdap gülmek. 
Bulary görenler, içlerini tutuşyp berdiler wakyrda (H. 
Derýaýew). 
WAKYRRA: 
wakyrra 
gülüşmek 
birden 
wakyrdaşyp gülmek. Hemmeler wakyrra gülşenlerini 
duýman galdylar. 
WAKYR-ŞAKYR, at. 1. Demir zatlaryň biri-
birine degmeginden çykýan sesiň umumy ady. 2
Gerekli-gerekmez zatlar, şakyr-şukur. 
WAKYR-WAKYR, s.ş. aňl.söz. Köpçülik bolup 
gülnende çykýan şowhunly ses. Adamlar wakyr-
wakyr gülüşdiler.  
WALA, at, gepl.d. Köp gepleýän, lakgy, ýaňra.  
WALALAÝLABERMEK [walalaýla:vermek], 
işl. Walalaýlap başlamak. 
WALALAÝLAMA, iş ady. Walalaýlamak 
ýagdaýy. 
WALALAÝLAMAK, işl. Sesine bat berip, 
ýerliksiz gürlemek. Ol walalaýlap otyr. 
WALALAÝLAMAZLYK, iş ady. Walalaýlap 
gürlemezlik. 
WALALAÝLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup, wala-
wala edişip oturmak. Olar walalaýlaşyp, bir zatlar 
diýýärdiler. 
WALA-WALA, at. Sese bat berlip edilýän 
ýerliksiz gürrüň. Onuň wala-walasy ýatmady

Wala-wala etmek biderek ýaňramak, 
samahyllap oturmak. Nunna pälwan gürrüňdeşine 
gözügidijilik bilen seretdi-de, birden wala-wala edip, 
Gytja tarap ýöneldi (B. Hudaýnazarow). 
WALEÝKIM 
[wa:leýkim], 
ser. 
Waleýkimessalam. Waleýkim, gel, Berdi aga, düşek 
üstünden otur (A. Durdyýew).
WALEÝKIMESSALAM [wa:leýkimessala:m], 
at. 

Salam



salawmaleýkim

diýip ýüzlenen 
adamyň salamy alnanda, 

özüňize hem salam bolsun

diýen manyda aýdylýan söz. Waleýkimessalam, gelen 
ýagşy! (H. Ysmaýylow). 
WALLA, Öz aýdýan zatlaryň dogrudygyny, 
mamladygyňy nygtamak, ynandyrmak, şonuň ýaly-da 
biriniň sözüni tassyklamak üçin aýdylýan ümlük. Ýa 
walla, keýwany, şuny bildiň-ow! (H. Ysmaýylow). 

Walla kessin gepl.d. özüniň mamladygyny,
aýdýan zatlarynyň dogrudygyny subut etmek
tassyklamak, şonuň ýaly-da birine bir zady 
ynandyrmak üçin aýdylýan aňlatma. Walla kessin şu 
ýagdaýda, 
Oýun düşýär, 
seň 
ýadyňa 
(K. 
Gurbannepesow). 
WAL-WAL, at, ser. Wala-wala 
WALY [wa:ly], at, k.d. Häkim. Kylar men any 
walyýy Horasan (Abdysetdar Kazy). 
WAŇK-WAŇK, s.ş. aňl.söz. It urlanda we ş.m. 
ýagdaýda agyrysyna çydaman çykarýan zaryn sesi. 
Waňk-waňk etmek


427 
WAŇKYLDY [waňkylly], at. It urlanda we ş.m. 
ýagdaýda agyrysyna çydaman çykarýan zaryn sesiniň 
ady. 
WAŇKYRMA, iş ady. Waňkyrmak ýagdaýy. 
WAŇKYRMAK, işl. It urlanda we ş.m. 
ýagdaýda agyrysyna çydaman, waňk-waňk edip 
çyňsamak. Akbaý yzyndan, göýä diýersiň, kowgy 
gelýän ýaly, guýrugyny ýamzyna gysyp waňkyryp 
geldi (B. Annageldiýew). 
WAŇKYRMAZLYK, iş ady. Waňk-waňk 
etmezlik. 
WAŇKYRTMAK, 
işl. 
Urup 
waňkyrmak 
derejesine ýetirmek. Ýakymsyz oglan itiň böwrüne 
daş bilen urup waňkyrtdy. 
WAŇKYRYBERMEK [waňkyryvermek], işl.
Waňkyryp başlamak. 
WAŇKYRYŞ, iş ady. Waňkyrmak ýagdaýy. 
WAŇKYRYŞMAK, işl. Birnäçe it waňkyrmak. 
Şonda taýagyň jaýdar degenleri waňkyryşyp, dyr-
pytrak boldy (R. Gelenow). 
WAŇLAMAiş ady. Waňlamak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   670   671   672   673   674   675   676   677   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling