Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet670/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   666   667   668   669   670   671   672   673   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜZÜKLIK [üzüklük] II, at. Üzük bolmaklyk 
(ýüp we ş. m. hakynda). 
ÜZÜK-ÝOLUK, syp. 1. Bitewi däl, ýoluk-ýoluk, 
gyrym-gyrym, üzülen. Üzük-ýoluk ýüpler.2. Arasy 
üzülýän, yzygiderli bolmadyk, üzlem-saplam. Ýene 
üzük-ýoluk çykdy sözleri, Näme üçindir ýere bakdy 
gözleri (D. Baýmyradow). 
ÜZÜLIŞMEK [üzülüşmök], işl. 1. Algyly bilen 
hasaplaşmak, algy-bergiňi doly hasaplaşmak, algy-
bergiden dynmak. Şony berseň, kemsiz üzülişýäris 
(A. Gowşudow). 2. göç. m. Aryňy almak, aryňy 
gidermezlik. Şunluk bilen gumrynyň kasasyny pilden 
üzülişdiler (

Türkmen halk ertekileri

). 
ÜZÜL-KESIL, syp. Aýgytly, berk, açyk, aýdyň, 
gutarnykly, kesgitli. Şunuň bilen gözagyry we başga 
ýokanç keselleri döredýän ýagdaýlar üzül-kesil ýok 
edilýär (S. Karanow). 
ÜZÜLMEK [üzülmök], işl. l. Ýolunmak, arasy 
bölünmek. Tylla ahyr bozuldy, Kümüş köken üzüldi 
(

Türkmen halk ertekileri

). Watan ammarlaryna 
galla daşaýan maşyn kerwenleri entegem yzy 
üzülmän gelip dur (

Türkmenistan

). 2gepl.d. Jany 
çykmak, dem almasy kesilmek. 
◊ Üzülip bilmezlik demi gelip-gidip, ölüp bilmän 
ýatmak, demi sogrulmazlyk ( agyr syrkaw hakynda). 
ÜZÜLMEZ [üzülmöz], at. Gaýma we keşde 
bilen bejerilýän, egin-eşiklere salynýan, burçlary biri-
biri bilen birleşip, yzy üzülmän gidýän kerpiç-kerpiç 
nagyş. 
ÜZÜM,at. 1. Çyrmaşagan çybykly miweli agaç. 
Gol-aýagyň her ýan uzadyp üzüm, Ýat parahat başyň 
büräp, hoş imdi (Seýdi). 2. Şol agajyň salkym-salkym 
süýji miwesi. Galany tüýs barypýatan gara üzümiň 
kişmişi - diýip, haltany silkeläp güjeňleýän ýaly 
görkezdi (A. Gowşudow). 3. Gyza dakylýan at. 
Üzümiň suwy ýaly näzik, içen suwy 
alkymyndan görünýän, owadan (ýaş gyz hakynda). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   666   667   668   669   670   671   672   673   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling