Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet669/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   665   666   667   668   669   670   671   672   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜZEŇŇILIK [üzöňňülük] I, syp. Üzeňňi etmek 
üçin niýetlenen (gaýyş).
ÜZEŇŇILIK [üzöňňülük] II, at. Aýagyň 
daraklyk bilen ökje aralygyndaky oý ýeri. 
ÜZEŇŇISIZ [üzöňňüsüz], syp. Üzeňňisi ýok. 
Jan dyndarmaz gyjakçyň bolsa, ulagda üzeňňisiz 
oturan ýaly bor eken (

Edebiýat we sungat

). 
ÜZLEM-SAPLAM [üzlöm-saplam], syp. 1
Arasy üzülýän, yzygiderli bolmadyk, baglanyşyksyz. 
Bu üzlem-saplam sözleri aýdansoň, kempir aşak 
oturdy (B. Soltannyýazow). 2. Käwagt bir, seýrek, 
selçeň, bölek-bölek. Käýerde üzlem-saplam bulutlar 
görünýärdi. 
ÜZLEM-SAPLAMLYK [üzlöm-saplamlyk], at. 
Üzlem-saplam ýagdaýda bolmaklyk. 
ÜZLEM-SAPLAMRAK [üzlöm-saplamyra:k], 
syp. Üzlem-saplama ýakynrak. Onuň sowallara beren 
jogaby üzlem-saplamrak boldy. 
ÜZME [üzmö] IIIiş ady. Üzmek ýagdaýy. 
ÜZMEK [üzmök] I, işl.1. Ýolmak, arasyny 
bölmek. Syçan ylgawyna gelip, ýolbars daňlan ýüpi 
dişi bilen kertip üzüpdir (Halk ertekisinden). 2
Agajyndan, biýarasyndan ýolup, çirtip almak. 
Baglaryňdan hoşa üzüm üzenim (K. Işanow). 3
gepl.d. Sözüň, gürrüňiň arasyny bölmek. Ol sözüniň 
arasyny üzdi. 
ÜZMEK [üzmök] II, işl. Algyly bilen 
hasaplaşmak, bergiňden dynmak, bergiňi berip 
gutarmak. 
ÜZMEKLIK [üzmöklük] I, II, iş ady. Üzmek 
ýagdaýy. 
ÜZMEZLIK [üzmözlük], iş ady. Üzmek işini 
amal etmezlik. 
ÜZNÜKSIZ [üznüksüz], syp. Arasy üzülmeýän, 
birsyhly, dyngysyz, yzygiderli. Üznüksiz çekilen 
zähmet öz miwesini berdi (

Edebiýat we sungat

). 
ÜZNÜKSIZLIK [üznüksüzlük], at. Üznüksiz 
halda bolmaklyk. 
ÜZŇE [üzňö], syp.1. Biri-birinden arasy açyk, 
her ýerde biri. Olar merkezden uzakda bolsalar-da, 
özlerini bütin halkyň durmuşyndan üzňe duýmaýarlar. 
2. Baglanyşygy bolmadyk, özbaşdak, baglanyşyksyz. 


422 
ÜZŇELEŞDIRMEK [üzňölöşdürmök], işl. Biri-
birinden arasyny daşlaşdyrmak, baglanyşyksyz 
etmek, aýrybaşga etmek, aýyrmak. 
ÜZŇELEŞMEK [üzňölöşmök], işl. Biri-biri 
bilen arasy üzülmek, daşlaşmak, arasy daş bolmak, 
baglanyşyksyz bolmak. 
ÜZŇELIK [üzňölük], at. Üzňe ýagdaýda 
bolmaklyk. Dostuna daýançly açyk göwünler, 
Aýralyk, üzňelik duýmaýardylar (A. Kekilow). 
ÜZŇELIKDE [üzňölükdö], at. Aýry-aýrylykda, 
aýratynlykda.
ÜZŇERÄK [üzňörä:k], syp. Azda-kände üzňe. 
ÜZRE [üzürö], at, k.d. Üstünde, üst. Synam üzre 
hijran dagy goýmagyl, Ýar meni söýmese, neçün 
baraýyn (

Şasenem – Garyp

). 
ÜZÜK I, at. Ak öýleriň uklarynyň üstüne 
ýapylýan keçe. Ýöne öňki tüsseleriň düýdi ýüzbaşly 
köneje öýüň uklaryny, üzüklerini hüýt gara edipdi (B. 
Kerbabaýew).
ÜZÜK II, syp. Arasy ýolnan, bitewi däl, kesik, 
üzülen, gyrlan (ýüp we ş. m. hakynda). Üzük ýüp. 
ÜZÜKBAG [üzükba:ğ], at. Üzügi durlugyň üsti 
bilen tärimiň aşak etegine berkitmek üçin ýörite işilen 
ýa-da örülen ýüp. Serpikbagyny daň, üzükbagyny 
berkle! (A. Gowşudow). 
ÜZÜKLIK [üzüklük] I, syp. Üzük üçin 
taýýarlanan ( keçe). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   665   666   667   668   669   670   671   672   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling