Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÜRKME [ürükmö], iş ady. Ürkmek ýagdaýy.  ÜRKMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet665/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   661   662   663   664   665   666   667   668   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜRKME [ürükmö], iş ady. Ürkmek ýagdaýy. 
ÜRKMEK [ürükmök], işl. Bir zatdan gorkup
üşerilip yza tesmek, tisginip gaçmak (mal hakynda). 
At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden (Nakyl). 
Bakgallaryň ürküp boşanan ýabylary bazaryň içinde 
iki baka daýyrdaşýardylar (

Görogly

). 
ÜRKMEKLIK [ürükmöklük], iş ady. Ürkmek 
ýagdaýy. 
ÜRKMEZLIK [ürükmözlük], iş ady. Ürküp 
durmazlyk. 
ÜRKÜBERMEK [ürküvermek], işl. Ürküp 
başlamak. 
ÜRKÜÇ,at. Balygyň arkasyndaky ýüzgüji. 
ÜRKÜŞ,iş ady. Ürkmek ýagdaýy. 
ÜRKÜŞMEK [ürküşmök], işl. Birnäçe ýa-da köp 
bolup ürkmek. Garkyldaşyp gazlar, ürküşip sona, 


417 
Näge suw çaýkansa, kölden aýypdyr (Halk 
aýdymyndan). 
ÜRKÜZIBERMEK 
[ürküzüvermek], 
işl. 
Ürküzip başlamak. 
ÜRKÜZILMEK [ürküzülmök], işl. Biri ýa-da bir 
zat tarapyndan gorkuzylmak, tisgindirilmek, yza 
tesdirilmek. Ürküzilen düýe patyrdyklap gitdi. 
ÜRKÜZMEK [ürküzmök], işl.l. Bir zatdan ürker 
ýaly etmek. Sary çekirtgäni ölüm bilen gorkuzmak
takyrdy bilen ürküzmek-de mümkin däldi (B. 
Kerbabaýew). 2. göç.m. Özüňden çetleşdirmek, 
daşlaşdyrmak. 
ÜRKÜZMEZLIK [ürküzmözlük], iş ady. 
Ürküzip tisgindirmezlik, gorkuzmazlyk. 
ÜRPEK [ürpök], at. Ýagyş sepeländen soňra 
gumuň, çägäniň ýüzünde emele gelýän gyrpak. Ürpek 
gum. 
ÜSGÜLEWÜK [üsğülöwük], at. Dem alyş 
agzalarynyň sowuklamagy sebäpli wagtal-wagtal 
zarply çykýan ses. 
ÜSGÜRIBERMEK [üsğürüvermek], işl. Üsgürip 
başlamak. 
ÜSGÜRINJIREMEK [üsğürünjürömök], işl. 
Çalaja 
üsgürinmek, 
bogazyňy 
arçamak. 
Ol 
rahatsyzlyk bilen üsgürinjiredi (A. Gowşudow).
ÜSGÜRINMEK [üsğürünmök], işl. Bogazyňy 
arassalamak üçin üsgürmek. Gapylarynyň ýanynda 
üsgürinen bolup, işigi açdym-da, salam berip, öýe 
girdim (

Edebiýat we sungat

). 
ÜSGÜRIP-ASGYRMAK [üsğürüv-asğyrmak], 
işl. Üsgürmek we asgyrmak. 
ÜSGÜRIŞ [üsğürüş], iş ady. Üsgürmek ýagdaýy. 
ÜSGÜRME [üsğürmö], iş ady. Üsgürmek 
ýagdaýy. 
ÜSGÜRMEK [üsğürmök], işl. Dem alyş 
ýollarynyň kesellemegi sebäpli demiň tutulyp
döreýän gyryljyk ses. Ikinjisi ýigitdi, emma 
sojaýardy, 
hasylaýardy 
we 
üsgürýärdi 
(A. 
Gowşudow). Mydam ysgynsyz üsgürýär, Der gelerdi 
gijelerne (Ç. Aşyrow).
ÜSGÜRMEKLIK [üsğürmöklük], iş ady. 
Üsgürmek ýagdaýy. 
ÜSGÜRMEZLIK 
[üsğürmözlük], 
iş 
ady. 
Üsgürmän 
saklanmaklyk, 
üsgülewügiňi 
tutdurmazlyk. 
ÜSGÜRTMEK [üsğürtmök] işl. Üsgürer ýaly 
etmek, üsgülewügini tutdurmak. 
ÜSSE [üssö], at. Bir zat satyn alnanda bahasynyň 
üstüne berilýän artykmaç pul. Gel, sagadymyzy 
çalşaly, näçe diýseň üsse bereýin! Ol aýakgabyny 
üsse berip alypdyr. 
ÜSSELEŞMEK [üssölöşmök], işl. Söwda-
satykda birinden üsse almak ýa birine üsse bermek. 
Başa-baş çalyşmasaňyz, üsseleşäýiň! 
ÜST,at. Bir zadyň ýokarsy, ýokary tarapy, ýokary 
ýüzi (üst sözi ilki degişlilik (şahs) goşulmalaryny, 
soň düşüm goşulmalaryny kabul edip ulanylýar). 
Tamyň üsti. Halynyň üstünde.  
◊ Üsti açylmak aýan bolmak, äşgär bolmak, ýüze 
çykmak, bilinmek.Üstünde işlemek haýsydyr bir 
mesele hakynda iş alyp barmak. Üstünden barmak 
bir zada sezewar bolmak, gabat gelmek, duçar 
bolmak. Gidip barýarkalar, bir üsti guýrukly gapanyň 
üstünden barýarlar (Halk ertekisinden). Üstünden 
dökülmek ser. Üstünden düşmek birine azar 
bermek, birini yzarlamak, bahana aramak. Üstünden 
gülmek birini ýaňsa almak, birini kemsitmek, 
äsgermezçilik etmek. Üstünden eltmek bir zada 
sezewar etmek, duçar etmek, uçratmak, sataşdyrmak. 
Üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolmak 
duýdansyz bir zatdan gorkmak, eýmenmek, 
tisginmek, sussuň basylmak. Üstüne almak bir işi 
etmäge boýun bolmak, bir işi boýun almak. Üstüne 
atmak birine bir işi ýerine ýetirmegi tabşyrmak, 
buýurmak. Üstüne barmak  biriniň ýanyna barmak, 
öýüne barmak. Üstüne çişmek birine haýbat atmak, 
gygyrmak, 
heňkirmek, 
dazarylmak. 
Üstüne 
gygyrmak birine haýbat atmak, heňkirmek, 
dazarylmak. Üstüne ýüklemek 1) birine bir işi 
ýerine ýetirmegi tabşyrmak, buýurmak. 2) günäni 
biriniň ýa-da bir zadyň üstüne atmak, nähak ýerden 
birini günälemek. Üstüni alyp durmak gerek bolsa-
bolmasa, biriniň ýanyna köp barmak, biriniň 
ýanyndan aýrylmazlyk, atalap durmak. Üstüni 
basyrmak 1) bir zadyň üstüni mata, keçe we ş.m. 
bilen örtmek. 2) syry, kemçiligi, günäni, ýalňyşlygy 
we. ş. m. gizlemek, ýaşyrmak. Üstüni dolmak ser
Üstüni ýetirmekÜstüni gara basdyrmak gorkunç 
düýşler görmek, basyrganmak (ser. Gara basmak). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   661   662   663   664   665   666   667   668   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling