Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÜÇÜRDIKLEÝIŞ [üçürdüklöýüş], iş ady.
Üçürdiklemek ýagdaýy. ÜÇÜRDIKLÄBERMEK [üçürdüklä:vermek], işl. Üçürdikläp başlamak. ÜÇÜRIN [üçürüýn], köm. s., gepl.d., ser. Üçin. ÜÇÝAŞAR,syp. Uç ýaşan, üç ýaşynyň içindäki (düýe, at, sygyr ýaly mallar hakynda). Baýraklaryň beýlekisi iň oňat üçýaşar atlar üçin goýuldy. ÜÇÝYLDYZ, at. Ülkeriň yzyndan dogýan üç sany setir ýyldyz. Şol wagt Üçýyldyzy yzyna tirkäp, Ülker dik depä galypdy (B. Kerbabaýew). ÜDEK [üdök], at. Örümsiz, içine örüm edilmedik guýy. ÜFLEME [üflömö], iş ady. Üflemek ýagdaýy. ÜFLEMEK [üflömök], işl. Dodagyňy öňe süýreldip, agzyňdan bat bilen howa akymyny çykarmak. Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer (Nakyl). ÜFLEMEKLIK [üflömöklük], iş ady. Üflemek ýagdaýy. ÜFLEMEZLIK [üflömözlük], iş ady. Üflemek hereketini etmezlik. ÜFLENILMEK [üflönülmök], işl., ser. Üflenmek. ÜFLENMEK [üflönmök], işl. Biri tarapyndan üflenilmek, üf edilip, batly howa çykarylmak. Şar üflenip çişirildi. Üflenip çalynýan saz gurallary. 413 ÜFLEŞDIRMEK [üflöşdürmök], işl. Bir zady birnäçe gezek üflemek, yzygiderli üflemek. Elini ýakyp barýan etleri üfleşdirip, ýetişibildiginden dogramaga başlady (B. Seýtäkow). ÜFLEŞMEK [üflöşmök], işl. 1. Üflemäge kömek etmek. 2. Bilelikde üflemek. ÜFLETDIRMEK [üflötdürmök], işl.,ser. Üfletmek. Aşyr aga tüýdügi ogluna ýaňadan üfletdirdi. ÜFLETMEK [üflötmök], işl. Üflemek işini başga birine etdirtmek. Ol aýal tutaşman duran oduny üfletmek üçin gyzyny çagyrdy. ÜFLEÝIŞ [üflöýüş], iş ady. Üfletmek ýagdaýy. ÜFLIS [üflüýs], syp. 1. Tumaýak; sandan galan, pese düşen. 2. Gözden düşen nejis, haramzada. Tagamda tabakdaş bolma, üflis haramhor biläni (Magtymguly). 3. Köne, köne-küşül, ýyrtyk-ýyrtyk, sallam-sajak. Üflis geýimli. ÜHHE-ÜHHE: ühhe-ühhe etmek yzyny üzmän üsgürmek, köp üsgürmek, üsgürip durmak. ÜLE [ülö], at. Uly mal öldürilip paýlaşylanda, ýetýän belli bir mukdardaky bölek, paý. Üleden düşen et. ÜLEME [ülömö], iş ady. Ülemek ýagdaýy. ÜLEMEK [ülömök], işl. Her kime ýetdik paýyny bermek. ÜLEMEKLIK [ülömöklük], iş ady. Ülemek ýagdaýy. ÜLEMEZLIK [ülömözlük], iş ady. Üle edip paýlamazlyk. ÜLEN [ülön], at, ösüml.d. Keseligine ýaýraýan ýogyn kökli, dik ösýän baldakly, ýasy ýaprakly, çogdam goňras ýa-da gök gülli köpýyllyk otjumak ösümlik. ÜLEŞDIRMEK [ülöşdürmök], işl.. Her kime ýetdik paýyny berişdirmek, bölüşdirmek, paýlaşdyrmak. Üleşdirene üç gaz, o-da bolsa heniz az (Nakyl). ÜLEŞIK [ülöşük], at. Paýlaşyk, bölüşik. Olar üleşikden artykmaç paý alandyrlar (B. Kerbabaýew). ÜLEŞMEK [ülöşmök], işl.1. Ülemäge kömek etmek; 2. Bilelikde ülemek. 3. Bileleşip paýlaşmak. ÜLETDIRMEK [ülötdürmök], işl., ser. Ületmek. ÜLETMEK [ülötmök], işl. Ülemek işini başga birine etdirmek. ÜLEÝIŞ [ülöýüş], iş ady. Ülemek ýagdaýy, ÜLJE [üljö], at.1. Bägül güllüler maşgalasyna degişli, boýy 3-10 metre ýetýän, gülleri ak ýa-da gyzgylt reňkli, ýaýraň inçe şahaly agaç. 2. Şol agajyň togalajyk gyrmyzy, sary reňkli, içi şänikli, turşy tagamly miwesi. ÜLKE [ülkö], at.1. Käbir döwletlerde iri territorial birlik. Stawropol ülkesi.2. Ata watan, dogduk mekan, ene toprak, ýurt. ÜLKER [ülkör], at. Ýyldyzlar toplumy. Ýokarda Ülker, Telpegin silker, Jana-jan dostum Gelmäge gorkar (Halk döredijiliginden). ÜLŇI [ülňü], at.1.Tikinçilikde, ussaçylykda biçilýän geýimiň, ýasalýan önümiň ölçeg şekili, galyby. Süýndürilen polady ülňä deňän ussa işe başlady. 2. Önümiň öz aýratynlyklary, häsiýetleri we hili boýunça edilýän talaplary kanagatlandyrýan nusgasy. ◊ Köne ülňi lenç edilen ýörelge, köre-körlük bilen eýerilýän ýol. ÜLŇÜLEME [ülňülömö], iş ady. Ülňülemek ýagdaýy. ÜLŇÜLEMEK [ülňülömök], işl. Biçmek üçin ülňä görä bellemek, belli bir şekile getirmek. Ülňüläp geýim biçmek. ÜLŇÜLEMEKLIK [ülňülömöklük], iş ady. Ülňülemek ýagdaýy. ÜLŇÜLEMEZLIK [ülňülömözlük], iş ady. Biçmek üçin bellik etmezlik. ÜLŇÜLENMEK [ülňülönmök], işl. Biçmek üçin ülňä laýyk edilmek, belli bir şekile getirilmek. Bu aýratyn matadan ülňülenip tikilen köýnek. ÜLŇÜLEŞDIRMEK [ülňülöşdürmök], işl. Hemmesini ülňüläp çykmak. ÜLŇÜLEŞMEK [ülňülöşmök], işl. 1. Ülňi boýunça biçmäge kömek etmek. 2. Bilelikde ülňülemek. ÜLŇÜLETDIRMEK [ülňülötdürmök], işl., ser. Ülňületmek. ÜLŇÜLETMEK [ülňülötmök], işl. Ülňülemek işini başga birine ýerine ýetirtmek. ÜLŇÜLEÝIŞ [ülňülöýüş], iş ady.. Ülňülemek ýagdaýy. ÜLŇÜLÄBERMEK [ülňülä:vermek], işl. Ülňi bilen biçip başlamak; ülňülemegi dowam etdirmek. Biçjek jalbarlaryňy indi şeýt-de ülňüläber. ÜLŇÜLIK [ülňülük], syp. Ülňi, nusga etmek üçin ýaramly; ülňä, nusga ýaraýan; ülňä niýetlenen (zat, nusgalyk). ÜLPET [ülpöt], at, gepl.d. Dost, ýoldaş, syrdaş, şepe. Köňli gara bile bolmaňlar ülpet, Ýokar ondan dürli-dürli kesapat (Magtymguly). Ol şol bolgusyz göwnaçyklygyny eder-de, bir topar ülpetlerini yzyna tirkäp geler (G. Ezizow). ÜLPÜLDEME [ülpüllömö], iş ady. Ülpüldemek ýagdaýy. ÜLPÜLDEMEK [ülpüllömök], işl. Ýele, sähelçe şemala ülp-ülp edip ýuwaşja galgamak. Ýaşajyk otlar ülpüldäp otyr. ÜLPÜLDEMEKLIK [ülpüllömöklük], iş ady. Ülpüldemek ýagdaýy. ÜLPÜLDEMEZLIK [ülpüllömözlük], iş ady. lpüldäp oturmazlyk. ÜLPÜLDEŞMEK [ülpüllöşmök], işl. Hemmesi köpçülikleýin ülpüldemek. Maýsalar ülpüldeşip otyrlar. ÜLPÜLDETMEK [ülpüllötmök], işl. Ýuwaşja galgatmak. Gök gowaça ülpüldedip pamygyn, Gozalardan sümeklerin sallady (B. Kerbabaýew). ÜLPÜLDEÝIŞ [ülpüllöýüş], iş ady. Ülpüldemek ýagdaýy. ÜLPÜLDÄBERMEK [ülpüllä:vermek], işl. Maýsalar, otlar çalaja ülpüldände döreýän şekil. 414 ÜLPÜLDI [ülpüllü], at. Maýsalar, otlar çala öwüsgine, asuda şemala ülpüldände döreýän hereket we şekil. ÜLÜŞ, at. 1. Käbir ösümlikleriň hasylynyň iň kiçi bölejigi. Gozalar ýetişende çaňňalaklar açylýar, pagta ülüşleri gowy çöşlenýär. 2. Bölek. Aýdymy arzuwlap ýören ýigidiň ýürek arzuwynyň bir ülşüni amala aşyrmaga mümkinçilik döredi ( Edebiýat we sungat ). ÜLÜŞLEME [ülüşlömö], iş ady. Ülüşlemek ýagdaýy. ÜLÜŞLEMEK [ülüşlömök], işl. Ülüşlere bölmek, paýlamak. ÜLÜŞLENMEK [ülüşlönmök], işl. Ülüşlere bölünmek. ÜLÜŞLETMEK [ülüşlötmök], işl. Başga birine ülüşlere böldürmek. ÜLÜŞLEMEKLIK [ülüşlömöklük], iş ady. Ülüşlemek ýagdaýy. ÜLÜŞLEMEZLIK [ülüşlömözlük], iş ady. Ülüşlere bölmezlik. ÜLÜŞLEÝIŞ [ülüşlöýüş], iş ady. Ülüşlemek ýagdaýy. ÜLWEN [ülwön], at. ösüml.d. Itüzümler maşgalasyna degişli ýogyn baldakly ikiýyllyk otjumak ösümlik. ÜM, at. Bir zady ýaşyryn duýdurmak üçin edilýän göz, ýüz hereketi, yşarat, ümleme. Aýna tördäki ýorgany üm bilen görkezdi (S. Myradow). ◊ Üm bilmez hiç zada doly düşünmeýän, ýaş, gögele, tejribesiz. Duşdum üm bilmez nadana, Bir gadrym bilen islärin (Magtymguly). Üm bilmez çagadyň, bütin dünýäni Suw-sil alaýsa-da habaryň ýokdy (K. Gurbannepesow). Ümi alyşmak biri bilen häsiýetiň deň gelmek, gepiň, gürrüňiň alşyp gitmek. ÜMAŞAK [ümaşa:k]: ümaşak adam jemgyýetdäki ornuna garamazdan, özüni pes pälli alyp barýan. Tümmege ýaplanyp ýatan ümaşak, murtlak bir ýigit dikelip oturdy (B. Kerbabaýew). ÜMDÜZINE [ümdüzünö]: ümdüzine tutdurmak (gaçmak) yzyňa garaman gaçmak, gaty daşa gaçmak, bir tarapa, baka gaty ylgap gitmek. Ol ondan-oňa selpäp, aňy aşan sygyrlaryň birini gaýtarsa, beýlekisi ümdüzine tutdurýardy (B. Kerbabaýew). ÜME [ümö], at. Durmuşa çykjak gyzyň eşiklerini tikmek üçin gyz-gelinleriň ýowar şekilli ýygnanyşygy. Aý geçip, ýyl geçip, gyz dokuz-on ýaşyna bardy, bir gün goňşulary üme etdi ( Türkmen halk ertekileri ). ÜMEÇI [ümöçü], at. Ümä gatnaşyjy. Sapak çekilen ýigit hem ümeçi gelin-gyzlara bir zat bagyşlamaga borçly bolardy (A. Gowşudow). ÜMEDEKLEME [ümödöklömö], iş ady. Ümedeklemek ýagdaýy. ÜMEDEKLEMEK [ümödöklömök], işl. Aşak eglip ýöremek, ýapyrylyp ýöräp barmak. ÜMEDEKLEŞMEK [ümödöklöşmök], işl. Birnäçe bolup eglip ýöremek. Çagalar görünmejek bolup, ümedekleşip barýan ekenler. ÜMEDEKLETMEK [ümödöklötmök], işl. Ümedekläp ýörär ýaly etmek. ÜMEDEKLEÝIŞ [ümödöklöýüş], iş ady. Ümedeklemek ýagdaýy. ÜMEDEKLÄBERMEK [ümödöklä:vermek], işl, Ümedekläp başlamak. ÜMEZ [ümöz], at. 1. Howanyň ýüzüni tutýan ýukajyk tozan, duman, tot. Onuň görejiniň agy- garasy tapyşyp, görejiniň öňüni buz reňkli ümez aldy (B. Kerbabaýew). 2. Gözüň görmek ukybyny peseldýän perde kysmy bulaşyklyk. Onuň gözüniň öňi ümez bolup dur. 3. gepl.d. Ümür. ÜMEZLEME [ümözlömö], iş ady. Ümezlemek ýagdaýy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling