Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet659/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   655   656   657   658   659   660   661   662   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UZYN [uzuýn], syp. 1. Boýy, uzynlygy 
adatdakysyndan artyk, ortadan ýokary. Ýabyň iki 
tarapy-da uzyn gök dereklikdi (B. Seýtäkow). Uzyn 
adam. 2. ser. Uzak. Uzyn ömrümde çöli köp 
söküpdim. 3. ser. Uzakly. Uzyn gün ekin 
otadym.Tolgunmadan ýaňa ol birbada şeýle 
pursatlarda uzyn gije taýýarlanyp oturan etsem-
petsemlerini-de ýadyndan çykardy (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). 

Uzyn sözüň gysgasy (gepiň gysgasy) gysgaça 
aýdanyňda, jemläp aýdanyňda, netijede. 
UZYNLY [uzuýnly]: uzynly (uzakly) gün günüň 
bütin dowamynda, ertirden agşama çenli, gün 
dogandan gün ýaşýança bolan wagt aralygy Öz deň-
duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan 
dutar ýasanyp uzynly güni şony gazap geçirerdi (N. 
Saryhanow). 
UZYNAK [uzuýnok], hal. Boýy uzyn, uzyna
ýakyn. Galdawlygy keseden görnüp duran agajet 
uzynakýigidi çagyryp, biz bilen tanyşdyrdy 
(

Türkmenistan

). 
UZYNGUÝRUK [uzuýnğuýruk], syp., gepl.d.
Guýrugy inçelip, uzalyp gidýän salpy guýruk 
garaköli goýun. Uzynguýruk goýunlar. 
UZYNLYGYNA [uzuýnluğno], hal. Uzyn 
boýuna, tutuş boýuna. Matany uzynlygyna kesmek.  
UZYNLY-GYSGALY [uzuýnlu-ğy:sğaly], syp.
Uzyn hem gysga gatyşykly, içinde uzyny we gysgasy 
bolan. Uzynly-gysgaly ýüpler. 
UZYNLYK [uzuýnluk], at.1. Bir ugurda ýatan 
çyzygyň, jisimiň we ş, m, iki gyra nokadynyň 
arasyndaky aralyk. 2. Dil biliminde sesleriň uzyn 
aýdylyşyny aňladýan adalga we uzyn aýdylýan ses. 
UZYN-UZYN [uzuýn-uzuýn], syp.1. Biri-
birinden uzyn, hemmesi uzyn. Uzyn-uzyn derekler. 2. 
Köp wagt alýan, gaty uzaga çekýän, yzy gelmeýän, 
gutarmaýan. 
Uzyn-uzyn 
sözleşeli, 
söwdügim 
(Aýdym). 3. Sozup-sozup, uzak, dowamly. Çagajyk 
uzyn-uzyn pallap, ahyry uklap galdy. 4. Uly-uly, 
gerimli, giň. Ol ileri ýüzlerindäki çöpleriň içi bilen 
uzyn-uzyn ädimläp gitdi (N. Saryhanow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   655   656   657   658   659   660   661   662   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling