Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
USSAT [ussa:t], at. 1. Hemme işi ökdelik bilen
ýerine ýetirýän; ökde hünärmen. 2. syp. Başarnykly, ukyply, işine ökde. Gurçuk tutmagy ussat aýallara tabşyrmaly (A. Gowşudow). USSATLARÇA [ussa:tlarça], hal. Ökdelik bilen, ukyplylyk bilen. USSATLYK [ussa:tlyk], at. Her bir işe hötde gelip bilmeklik, işe ökdelik, iş başarjaňlyk. 407 USUL [usu:l], at. Bir işi etmekligiň täri, ugry, ýoly. Gaýtalap ekmeklik topragy gurplandyrmagyň ygtybarly usullarynyň biridir. USUL: usul bilen ser. Usullyk bilen. USULLY, syp. Bir iş edende başarnykly, başarjaňlygy bolan, ukyply, seresap gymyldaýan, seresap hereket edýän. Usully maşgala. USULLYK [usulluk]: usullyk bilen ýuwaşja, emaý bilen, seresaplyk bilen. Garry gapa tarap usullyk bilen ýöredi (N. Saryhanow). USULLYLYK [usulluluk], at. Usuly barlyk, usully bolmaklyk. USULSYZ [usulsuz], syp. Usuly ýok, usuly bolmadyk. Usulsyz adam. USULSYZLYK [usulsuzluk], at.Usuly ýokluk, usully bolmazlyk, usully dällik, usulsyz bolmaklyk.Sähel usulsyzlyk zerarly käsäni elinden gaçyryp döwdi. USULYÝET [usu:luýet], at. Bir zady ylmy taýdan derňemegiň ýa-da tejribe arkaly amala aşyrmagyň täri, usuly. USULYÝETÇI [usu:luýetçi], at. Usulyýeti özleşdiriji, bir ders boýunça tejribeli, ussat tejribeçi. Usulyýetçi mugallym. USURGABERMEK [usurğa:vermek], işl. Usurgap başlamak. USURGAMA [usurğomo], iş ady. Usurgamak ýagdaýy. USURGAMAK [usurğomok], işl. Dürli sebäbe görä, tapdan düşüp, ýarym ukuly ýatmak, surnugyp irkilmek, ýatmak. Soňabakalar-a boglup üsgürmesem galdy, usurgap bir zatlar samramany çykardy (R. Gelenow). USURGAŞMAK [usurğoşmok], işl. Birnäçe bolup usurgamak. USURGATMAK [usurğotmok], işl. Usurgar ýaly etmek, usurgamak katdyna ýetirmek. Öýüň hysyrdyly işi ony usurgatdy. USURGAÝYŞ [usurğoýuş], iş ady. Usurgamak ýagdaýy. UŞAK [uşok] I, syp., ser. Ownuk. Goýun bolsa uşak malyň, Peýdasyna ýüň getirer (Mätäji). UŞAK [uşok] II, at. Çaga, bala, perzent Kürresi elinden gitse eşegiň, Telmirip tört ýana gözlär uşagyn (Magtymguly). UŞAK-DÜŞEK [uşok-düşök], syp. 1. ser. Ownuk-uşak. Uşak-düşek kerpiç bölekleri. 2. Ähmiýetsiz, netijesiz, girdejisi uly bolmadyk (iş, kär hakynda). Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen, Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile (Magtymguly). UŞAKGÖZ [uşokgöz]: uşakgözelek ownuk gözli elek, syk elek. UŞATMAK [uşotmok], işl. 1. Döwmek, kül-uşak etmek, kül etmek, owratmak.Magtymguly, halkdan syryn gizlese, Dişini uşadyň ýalan sözlese! (Magtymguly). 2. gepl.d. Iri puly bölmek, owratmak, ownutmak. Onlugy uşatmak. UŞBU, k.d. Bu, şu manysyndaky görkezme çalyşmasy. Gul Hoja Ahmet Ýasawynyň uşbu sözi, Ajap ermes bakyp birden görer gözi (Hoja Ahmet Ýasawy). UŞLYP [u:şluýp], at. Ýaz ýüňüniň uzyn süýümlilerinden egrilip taýýarlanan inçe ýüp, sapak. Kimiň näçe getireni uşlyba düzülen monjuk ýaly hemmesiniň hasaby bardyr (B. Kerbabaýew). Uşlyp ýaly bolmak horlanmak, iglemek. Uşlyp ýaly azajyk, sähelçe. Öýünde bolsa uşlyp ýaly zadyny goýman, çuwala saldyryp, gaça-gaçlyk bolsa yza galjak gümany ýok (A. Durdyýew). Maňa uçlyp ýaly zadyňy-da rowa gören dälsiň. UTANÇ [utonç], at. 1. Adamyň tebigatynda bolan çekinjeňlik, ýygralyk duýgusy, haýa, uýat, utanç- haýa. Gyzyň ýüzi şatlykdanmy, utançdanmy, boz-ýaz bolupdy (G. Kulyýew). 2. Adamkärçilige sygmaýan, masgaraçylykly ýagdaý, aýyp. Söz berip, sözüňde tapylmazlyk utanç dälmidir?! UTANÇ-HAÝA [utonç-haýa:], at. 1. ser. Utanç 1. 2. ser. Utanç 2. Sende utanç-haýa bolmazmy? UTANÇLY [utonuşly], syp.1. Utanç iş eden, aýyp iş eden, aýyply. 2. Adamkärçilige sygmaýan, masgaraçylykly, aýyply, gelşiksiz. Onsoňam munuň özi bizi örän utançly ýagdaýda goýdy (Ý. Mämmediýew). UTANÇSYZ [utonuşsuz], syp. Utanjy bolmadyk, haýasyz, uýatsyz, ejapsyz. Utançsyz, haýasyz ol ýüzi gara, Hut özi kowanmyş gelen bendäni (A. Kekilow). UTANÇSYZLYK [utonuşsuzluk], at. Utanjy ýokluk, utançsyz bolmaklyk. Heý-de şeýdip durmak bolarmy, nähili utançsyzlyk! (N. Saryhanow). UTANDYRMAK [utonnurmok], işl. Birini belli bir sebäbe görä uýaldyrmak, utanar ýaly etmek. Ol gelen myhmany utandyrmak islemedi (Ö. Abdyllaýew). UTANJAŇ [utonjoň], syp. Ýygra, çekinjeň, uýaljaň. Ol daşyndan utanjaň ýaly bolup görünse-de, märekeman, gepi-sözi ýerinde bolan adamdy (B. Seýtäkow). UTANJAŇLYK [utonjoňluk], at, Ýygralyk, çekinjeňlik, uýaljaňlyk. Ol özüniň üstünden gülünýändir öýdüp, utanjaňlyk bilen ýere bakdy (G. Kulyýew). UTANJYRAMA [utonjuromo], iş ady. Utanjyramak ýagdaýy. UTANJYRAMAK [utonjuromok], işl. Çalaja utanmak, çalarak uýalmak, ýygryljyramak. Ikisi-de utanjyrap, Birden seretdiler ýere (R. Seýidow). UTANJYRAMAKLYK [utonjuromokluk], iş ady. Utanjyramak ýagdaýy. UTANJYRAŞMAK [utonjuroşmok], işl. Köplük bolup utanjyramak, uýaljyraşmak. Gyzlar utanjyraşyp, bir çetde durdular. UTANJYRAÝYŞ[utonjuroýuş], iş ady. Utanjyramak ýagdaýy. UTANMAKLYK [utonmokluk], iş ady. Utanmak ýagdaýy. UTANMAZ [utonmoz], syp. Utançsyz, utanjy bolmadyk, utanç perdesini ýüzünden syran. 408 UTANMAZAK [utonmozok], syp. Utanmaýan, utanç-haýany bilmeýän, uýalmazak. Utanmazak oglan. UTANMAZLYK [utonmozluk], iş ady. Utanyp durmazlyk. UTANYBERMEK [utonuvermek], işl. Utanyp başlamak, uýalybermek. Bu ýerde utanyberer ýaly zat ýok. UTANYŞ [utonuş], iş ady. Utanmak ýagdaýy. UTANYŞMAK [utonuşmok], işl. Birnäçe adam bilelikde utanmak. Olar özleriniň ýalan sözleýändiklerine utanyşyp, biraz dymyp durdular. UTAŇKYRLAMAK [utoňkurlomok], işl. Utmaga golaýlamak, utmaga az galmak. Men ony küştde utaňkyrlap barýardym. UTDURMAK [utdurmok], işl. 1. Oýunda utulyşa sezewar bolmak. Myhmanlaryň oýunçylary 2:1 hasabynda utdurdylar. 2. Göç.m. Şowsuzlyga sezewar bolmak, ýeňilmek. Sen bu meselede utdurarsyň! UTDURYŞ [utduruş],iş ady. Utdurmak ýagdaýy. UTGAMAK [utgomok], işl. 1. Bir zady ikinji bir zat bilen sepleşdirmek, birleşdirmek, goşmak. 2. Bir işi, meseläni ikinji bir zat bilen baglanyşdyrmak. UTGAŞDYRMAK [utgoşdurmok], işl. Birikdirmek, birleşdirmek, sepleşdirmek, gabat getirmek. Batyrlygy başarjaňlyk bilen utgaşdyrmak hem her kime ýetdirenok (Ş. Borjakow). Ylym bilen önümçilik utgaşmalydyr. UTGAŞDYRYJY [utgoşdurujy], at. 1. Bir zady ikinji zat bilen sepleşdirýän, birleşdirýän. Adamlaryň kömek üçin ýüz tutmalary utgaşdyryjy toparlara ynamyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär ( Türkmenistan ). 2. Bir işi, meseläni ikinji bir zat bilen baglaýan. UTGAŞDYRYLMAK [utgoşdurulmok], işl. Birikdirilmek, birleşdirilmek, sepleşdirilmek, dogry getirilmek. Ýerleri tekizlemek we suwarmak utgaşdyrylyp alnyp barylýar. UTGAŞMA [utgoşmo], iş ady. Utgaşmak ýagdaýy. UTGAŞMAK [utgoşmok], işl. Birikmek, birleşmek, gabat gelmek. Heýkelleriň topary we baglar bilen utgaşyp gidýän suw çuwdürimleri durky täzelenen bu ýoly şäheriň ajaýyp künjegine öwürýär ( Türkmenistan ). UTGAŞMAKLYK [utgoşmokluk], iş ady. Utgaşmak ýagdaýy. UTGAŞMAZLYK [utgoşmozluk], iş ady. Utgaşmak işi ýerine ýetirilmezlik, UTGAŞYK [utgoşuk], syp, Biri-birine utgaşan, birigen, yzly-yzyna goşulan, birigip, goşulyp giden; ýanaşyk, degşir, degiş-degiş. Biri-birine utgaşyk gurulýan belent binalar şäheriň görküne görk goşýar. UTGAŞYKLY [utgoşukly], syp. Utgaşygy bolan, sazlaşykly. Gowaçalary kadaly iýmitlendirmek, suwarmak, bejermek işleri utgaşykly alnyp barylýar. UTGAŞYKLYLYK [utgoşukluluk], at. Utgaşykly ýagdaýda bolmaklyk. UTMA [utmo], iş ady. Utmak ýagdaýy. UTMAK [utmok], işl. 1. Oýunda, ýaryşda, göreşde, bäsleşikde we ş.m. garşydaşyňy ýeňmek, garşydaşyňdan ökde gelmek, üstün çykmak. Nähili ýol bilenem bolsa ut, emma utulma diýip, käýinip öwüt berdi (A. Gowşudow). 2. Utuşly kagyzlara we ş.m. utuş düşmek. Goýumçy utaryn diýen umyt bilen goýum goýýar. 3. göç. m, Üstünlik gazanmak, ýeňmek. UTMAKLYK [utmokluk], iş ady. Utmak ýagdaýy. UTMAZLYK [utmozluk], iş ady. Utup bilmezlik, utmak miýesser etmezlik. UTUK, at. 1. Oýunda, ýaryşda her tapgyrdaky gazanylýan ýeňiş, utuş. Onuň utuk sany hem beýleki oglanlaryňkydan kändi (K. Jumaýew). 2. Dürli ýaryşlarda gazanylýan üstünlige san birliginde berilýän baha. Biziň oýunçylarymyz ýene bir utuk gazandylar. Ol on döwden on utuk gazanyp, birinjiligi eýeledi. UTULMAK [utulmok], işl. Oýunda, ýaryşda we ş.m. ýeňilmek. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy (Nakyl). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling