Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÜMEZLEMEK [ümözlömök], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet663/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   659   660   661   662   663   664   665   666   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜMEZLEMEK [ümözlömök], işl. 1. Howada 
duman peýda bolmak, asmanyň ýüzüni duman, tot 
tutmak. 2. Ümez sebäpli çala görünmek. Dag 
uzaklardan ümezläp görünýär. 3. Gözüň öňi ümez
bolmak. Onuň gözi ümezläp gitdi.
ÜMEZLEMEKLIK [ümözlömöklük], iş ady. 
Ümezlemek ýagdaýy.
ÜMEZLEMEZLIK [ümözlömözlük], iş ady. 
Ümez tutmazlyk. 
ÜMEZLENMEK [ümözlönmök], işl. Ümez 
tutmak, ümez bilen örtülmek. Gahardan ýaňa 
gözüniň öňi ümezlenip gitdi (G. Kulyýew). 
ÜMEZLEŞMEK [ümözlöşmök], işl.1. Howanyň 
ýüzüne ýuwaş-ýuwaşdan duman, tot ýaýramak, 
asmanyň ýüzüni ümez tutup başlamak. 2. Gözüň 
öňüni gubar tutup ugramak, ümez bolup ugramak. Şu 
görnüşi gözden geçiren soň, gözüniň öňi ümezleşip 
gitdi (R. Gelenow). 
ÜMEZLETMEK [ümözlötmök], işl. Ümez 
etmek, ümez tutdurmak. Göze ilmez çaltlykdaky 
hereket netijesinde suwdan çykýan çalymtyk bug giň 
jaýyň içini ümezledip durdy (

Edebiýat we sungat

). 
ÜMEZLEÝIŞ [ümözlöýüş], iş ady. Ümezlemek 
ýagdaýy. 
ÜMEZLÄBERMEK 
[ümözlä:vermek], 
işl. 
Ümezläp başlamak. 
ÜMEZLI [ümözlü], syp.1. Dumanly, totly (howa, 
asman hakynda). 2. Gözüniň öňüni ümez tutan, ümez 
baglan. Ümezli gözler. 
ÜMEZLILIK [ümözlülük], at. Ümezi barlyk, 
ümezli halda bolmaklyk. 
ÜMEZSIZ [ümössüz], syp. Ümezi ýok, ümezi 
bolmadyk. Bu gün howanyň ýüzi ümezsiz, ap-arassa. 
ÜMEZSIZLIK [ümössüzlük], iş ady. Ümezi 
ýokluk, ümezsiz halda bolmaklyk, dumansyzlyk. 
ÜMLEME [ümlömö], iş ady. Ümlemek ýagdaýy. 
ÜMLEMEK [ümlömök], işl. Üm bilen aňlatmak, 
üm bilen yşarat edip duýdurmak. Göz ümledi, men 
düşdüm ( Mollanepes). 
ÜMLEMEKLIK 
[ümlömöklük], 
iş 
ady.Ümlemek ýagdaýy. 
ÜMLEMEZLIK [ümlömözlük], iş ady. Üm bilen 
duýdurmazlyk, yşarat etmezlik. 
ÜMLEŞMEK [ümlöşmök], işl. Biri bilen üm 
arkaly düşünişmek, biri-biriňe göz ümlemek. Olar 


415 
nämedir 
bir 
zat 
barasynda 
göz 
ümleşip 
gepleşýärdiler (N. Pomma).
ÜMLEÝIŞ [ümlöýüş], iş ady. Ümlemek ýagdaýy. 
ÜMLÜK,at, dil b. Grammatikada: gönüden-göni 
bir zadyň täsiri, içki duýgy netijesinde aýdylýan, 
üýtgemeýän söz. Meselem: waý, wiý, wah we ş.m. 
ÜMMÜLDEŞMEK [ümmüllöşmök], işl. Biri 
bilen dostlukly ýagdaýda gürleşip oturmak. Dostlar 
nämedir bir zat hakynda ümmüldeşip otyrdylar. 
ÜMMÜLMEZ [ümmülmez], syp. Ägirt giň, 
aňyrsy-bärsi görünmeýän, gözýetmez.
ÜMSÜM, syp. Sessiz-üýnsüz, sessiz, ýuwaş. 
Sözüm aňlan ýok diýip , ümsüm oturma, Jahan 
giňdir, çendan bilen-de bardyr (Magtymguly). Ýok 
zatlary göwnüňe Getirme-de, ümsüm gez! (B. 
Kerbabaýew). 
ÜMSÜMJE [ümsümjö], syp. Sessiz-üýnsüzje, 
ýuwaşja (belli bir adama ýüzlenilip aýdylanda 
nygtaýjylyk, talap edijilik öwüşginine eýe bolýar).  
Sen ümsümje otur. Ümsümje bol. Ümsümje çaga. 
ÜMSÜMLIK [ümsümlük], at. 1. Sessiz-
üýnsüzlik, ýuwaşlyk, sessizlik. Bir hili düşnüksiz 
ümsümlik başlandy (A. Gowşudow). 2. Sessiz-
üýnsüz asuda ýagdaý, parahatlyk, imi-salalyk
asudalyk. Dükanyň içinde ümsümlik höküm sürýärdi 
(A. Gowşudow).
◊ Ümsümligi bozmak asudalygy bozup, gürrüňe 
başlamak. 
ÜMSÜMRÄK [ümsümürä:k], syp. Az-kem 
ümsüm, göräýmäge ümsüm, ümsüme ýakyn. Ol 
daşyndan göräýmäge ümsümräkdir, emma etjegi 
içindedir. 
ÜMÜR, at. Bug bilen örtülen howa, duman 
gurşap alan tutuk howa, duman. Ýagyşly, ýagmyrly, 
ümürli daglar, Siller senden gider, duman eglenmez 
(Magtymguly). Olar ylla diýersiň bahar pasly ýere 
çöken dumana, ümre meňzeýär (G. Ezizow). 
 Ümürde ýörän ýaly etmek düşnüksiz ýagdaýa 
salmak, alasarmyk ýagdaýda goýmak. Sen meni 
ümürde ýörän ýaly etme-de, düşnükliräk aýt. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   659   660   661   662   663   664   665   666   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling