Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÜWREME [üwrömö], iş ady. Üwremek ýagdaýy. ÜWREMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÜWREME [üwrömö], iş ady. Üwremek ýagdaýy.
ÜWREMEK [üwrömök], işl. Sallançagyň bagyndan çekip, iki ýana yzygiderli hereket etdirmek. Sallançak üwremek. ÜWREMEKLIK[üwrömöklük],iş ady.Üwremek ýagdaýy. ÜWREMEZLIK [üwrömözlük], iş ady. Sallançagyň bagyndan çekip yramazlyk, hereket etdirmezlik. ÜWREŞDIRMEK[üwröşdürmök],işl.Hemmesini üwräp oturmak (birnäçe salançak hakynda). ÜWREŞMEK [üwröşmök], işl. 1. Üwremäge kömekleşmek. Gyzjagaz ejesine sallançak üwreşýärdi. 2. Birnäçe bolup sallançak üwremek. Içki otagda iki sany gelin sallançak üwreşip otyr eken. ÜWRETDIRMEK [üwrötdürmök], işl., ser. Üwretmek. ÜWRETMEK [üwrötmök], işl. Üwremek işini başga birine etdirtmek. Onuň gyzyny bolsa baýyň 420 aýallary sallançak üwretmek üçin saklaýan ekenler (Ertekiler). ÜWRÄBERMEK [üwrä:vermek], işl. Üwräp başlamak; üwremegi dowam etdirmek. Sallançagyň badyny ýatyrma-da üwräber. ÜWÜMLIK [üwümlük], syp. Üwemek üçin, üwär ýaly, üwärlik (däne, galla we ş.m. hakynda). Bir üwümlik bugdaý. ÜÝ, at. Goşar, gol, aýak süňkleriniň birigýän ýeri, sepişigi. Durdynyň üýleri gurplandy (B. Kerbabaýew). ÜÝN, at. Ses. Sözlese har kimin belentdir üýni (Zynhary). ◊ Üýn alyşdyrmazlyk ala-zenzele edip, biri-biriň aýdanyny eşitmez ýaly etmek. Gijäniň garaňkylygynda ýaňlanýan oba itleriniň sesi hem gorkunç bir üýn bolup eşidilýärdi (A. Gowşudow). ÜÝRDÜRMEK [üýrdürmök], işl. 1. Üýrer ýaly etmek, üýrmek hetdine ýetirmek. 2. göç.m. Jabjyndyrmak, heňkirtmek (adam hakynda). ÜÝRME [üýrmö], iş ady. Üýrmek ýagdaýy. ÜÝRMEK [üýrmök], işl.1 . Haw-haw, jöw-jöw, wow-wow etmek, hawwuldyly ses çykarmak (it, güjük hakynda). It üýrer, kerwen geçer (Nakyl). 2. göç.m. Edepsizlik edip, biderek ýere gygyrmak, azgyrylmak, jabjynmak, heňkirmek. Sakçylary tutgur it dek üýrerler, Atbakar ýanyndan geçme towuşsyz (Magtymguly). ÜÝRMEKLIK [üýrmöklük], iş ady. Üýrmek ýagdaýy. ÜÝRMEZLIK [üýrmözlük], iş ady. Üýrüp durmazlyk. ÜÝRÜBERMEK [üýrüvermek], işl. Üýrüp başlamak. ÜÝRÜŞ, iş ady. Üýrmek ýagdaýy. ÜÝRÜŞMEK [üýrüşmök], işl. Birnäçe bolup üýrmek, bilelikde üýrmek. Itler ýabşynyp-ýabşynyp üýrüşýärdiler (Ý. Mämmediýew). ÜÝŞENDIRIJI [üýşönnürüjü], syp. Sussuňy basyjy, çekindiriji, ätiýaç etdiriji. Üýşendiriji ses. ÜÝŞENDIRMEK [üýşönnürmök], işl. Birini birneme çekindirmek, gorkuzmak, ätiýaç etdirmek. ÜÝŞENIŞMEK [üýşönüşmök], işl. Birden köp bolup bilelikde üýşenmek. ÜÝŞENIBERMEK [üýşönüvermek], işl. Üýşenip başlamak. ÜÝŞENME [üýşönmö], iş ady. Üýşenmek ýagdaýy. ÜÝŞENMEK [üýşönmök], işl. Birinden sussuň basylmak, ätiýaç etmek, çekinmek, birneme gorkmak. Bir sözüm bar, diýe bilmen üýşene, Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen? ( Saýatly – Hemra ). Bir zatdan üýşenen ýaly, endamym jümşüldäp gitdi ( Edebiýat we sungat ). ÜÝŞENMEKLIK [üýşönmöklük], iş ady. Üýşenmek ýagdaýy. ÜÝŞENMEZLIK [üýşönmözlük], iş ady. Çekinmezlik, gorky döremezlik. ÜÝŞME [üýşmö] I, iş ady. Üýşmek ýagdaýy. ÜÝŞME [üýşmö] II, iş ady. Üýşmek, toplanmak ýagdaýy. ÜÝŞMEK [üýşmök] I, işl. 1. Bir ýere ýygnanmak, bir ýere jemlenmek, çogdamlanmak, toparlanmak (adam hakynda). Adamlar ýygnaga üýşüp geldiler. ◊ Depe saçyň üýşmek gorkmakdan ýa-da gynanmakdan ýaňa üstüňden sowuk suw guýlan ýaly bolmak, gaty gorkmak. ÜÝŞMEK [üýşmök] II, at.1. Üýşürilip goýlan zat. Ine, ummasyz pagta harmany, biz muňa ak altynyň üýşmegi diýýäris ( Edebiýat we sungat ). 2. Birnäçe adamdan ybarat bolan ýygnanyşyk, märeke, mähelle; üýşüp duran, oturan adamlar. Beýle ýandaky üýşmekde ýaşulularyň, ýaş-ýeleňleriň gürrüňi gidýärdi (R. Gelenow). 3. gepl.d. Üýşmeleň, kiçiräk toý. Elimiz agzymyza ýetse, bir kiçiräk üýşmek edäýsek diýýäs. ÜÝŞMEKLIK [üýşmöklük] I, II. iş ady. Üýşmek ýagdaýy. ÜÝŞMEK-ÜÝŞMEK [üýşmök-üýşmök], syp. Birnäçe üýşmekden ybarat, köp üýşmek bolup duran, topbak-topbak. Aşhananyň öňünde hem odunlar üýşmek-üýşmek basylyp goýlan eken ( Edebiýat we sungat ). ÜÝŞMELEŇ [üýşmölöň], at. l. Adamlaryň toplumy, märeke, mähelle, jemende. Wepa göýä şu üýşmeleňi geň görýän ýaly, syn edip durdy. Durdugyça üýşmeleň köpelýärdi (A. Gowşudow). 2. Adamlar çagyrylyp geçirilýän kiçiräk toý, gellebäri, oturylyşyk we ş.m. Ýakyn günlerde ýaş çagalar üçin bizde üýşmeleň boljak (B. Kerbabaýew). ÜÝŞMEZLIK [üýşmözlük], iş ady. Bir ýere toplanmazlyk. ÜÝŞÜBERMEK [üýşüvermek], işl. Bir ýere üýşüp, toplanyp başlamak. ÜÝŞÜRIBERMEK [üýşürüvermek], işl. Bir ýere toplap, üýşürip başlamak. ÜÝŞÜRILMEK [üýşürülmök], işl. Üýşmek edilip goýlan. Emma boglan desseler, üýşürilen harmanlar meýdanda galdy (H. Ysmaýylow). ÜÝŞÜRIŞDIRMEK [üýşürüşdürmök], işl. Birnäçe zady bir ýere toplaşdyrmak, üýşürip, toplap çykmak. ÜÝŞÜRIŞMEK [üýşürüşmök], işl. 1. Üýşürmäge kömekleşmek. 2. Bilelikde üýşürmek. ÜÝŞÜRME [üýşürmö], iş ady. 1. Üýşürmek ýagdaýy. 2. Palasa we öýdelip dokalýan zatlara salynýan topbak-topbak garşylykly goçaklar, nagyş. ÜÝŞÜRMEK [üýşürmök], işl. Bir ýere toplap goýmak, jemläp, ýygnap goýmak, çogdamlamak, toplamak, tümmek edip goýmak. Gara tüňçäniň düýbüne ot üýşürip, güýmenjiräp oturan Leýla ýalt edip yzyna garady (G. Kulyýew). ÜÝŞÜRMEKLIK [üýşürmöklük], iş ady. Üýşürmek ýagdaýy. ÜÝŞÜRMEZLIK [üýşürmözlük], iş ady. Bir ýere toplamazlyk, jemlemezlik. ÜÝŞÜRTMEK [üýşürtmök], işl. Üýşürmek işini başga birine etdirmek. 421 ÜÝŞÜŞMEK [üýşüşmök], işl.1. Bir ýere üýşüp başlamak, kem-kemden üýşmek. Bu wagt ýagyş biraz ýagjak ýaly etdi, goňşy aýallar üýşüşip, Orazsoltan ejäniň çatmasyna geldiler (H. Derýaýew). 2. Birtopar bolup üýşmek. Adamlar bolsa galanyň güneýinde ýa- da guzaýynda üýşüşip, gürrüňe meşguldylar (A. Gowşudow). ÜÝTGEDIBERMEK [üýtgödüvermek], işl. Bir ýanyndan üýtgedip başlamak. ÜÝTGEDIJI [üýtgödüjü]: söz üýtgediji dil b. sözi ýöňkemede, düşümde we ş. m. üýtgetmek hyzmatyny ýerine ýetirýän (goşulmalar hakynda). Türkmen diliniň goşulmalary söz üýtgediji, söz ýasaýjy, şekil ýasaýjy goşulmalar diýen ýaly toparlara bölünýär. ÜÝTGEDILMEK [üýtgödülmök], işl. 1. Öňki ýagdaýyndan başga ýagdaýa, görnüşe geçirilmek. 2. Biriniň ýa-da bir zadyň ýerine başga biri ýa-da bir zat goýulmak, çalşyrylmak. ÜÝTGEDIŞMEK[üýtgödüşmök],işl.Üýtgetmäge, başga ýagdaýa geçirmäge kömekleşmek. ÜÝTGEME [üýtgömö], iş ady. Üýtgemek ýagdaýy. ÜÝTGEMEK [üýtgömök], işl. 1. Öňki görnüşinden başga görnüşe, başga hala geçmek, özgerişe sezewar bolmak. 2. Zaýalanmak, harap bolmak. Nahar üýtgäpdir. 3. göç.m. Aradan çykmak, aýrylmak, ýogalmak, ölmek (çaga hakynda). 4.göç.m. Akyly çaşmak, ýeldirgemek. Neressejigiň akly üýtgäp ýören bolmasa-da biridir! diýen howatyr bilen onuň sowalynyň sebäbini soramady (B. Kerbabaýew). ÜÝTGEŞIGRÄK [üýtgöşüğrä:k], syp. Ozalkydan birneme üýtgeşik, azda-kände üýtgeşik. ÜÝTGEŞIK [üýtgöşük], syp.1. Ozalkylardan tapawutly, öňkülere meňzeş däl, başga hili. Pirguly aganyň ýer kümesiniň beýlekilerden üýtgeşik ýeri ýokdy (B. Seýtäkow). 2. Aýratyn, bir hili, geň, täsin, ajaýyp. Dostumyň üýtgeşik häsiýeti bardy. ÜÝTGEŞIKLIK [üýtgöşüklük], at. Aýratynlyk, täzelik. Şa gyzynyň häsiýetinde näme üýtgeşiklik aňlandygyny sorapdyr ( Türkmenistan ). ÜÝTGEŞMEK [üýtgöşmök], işl.1. Dura-bara üýtgemek. 2. Üýtgeşik görnüşe geçmek. 50-nji sahypadan soň kitabyň kagyzlarynyň reňki üýtgeşdi (B. Seýtäkow). ÜÝTGETDIRMEK [üýtgötdürmök], işl., ser. Üýtgetmek işini başga birine etdirmek. ÜÝTGETMEK [üýtgötmök], işl. 1.Başga görnüşe salmak, üýtgeýşe sezewar etmek, ozalkysyndan başga hala geçirtmek. 2. Biriniň ýa-da bir zadyň ýerine başga birini ýa-da bir zady goýmak, çalşyrmak, täzelemek. ÜÝTGEWSIZ [üýtgöwsüz], syp. Bir durkuny ýitirmän, bir durşunda durýan, üýtgemeýän, berk, durnukly. ÜÝTGEWSIZLIK[üýtgöwsüzlük],at. Üýtgewsiz ýagdaýda bolmaklyk. ÜZDÜRMEK [üzzürmök] I, işl. Üzmek, ýolmak işini başga birine etdirmek, ýoldurmak. ÜZDÜRMEK [üzzürmök] II, işl. Algylynyň hakyny berdirmek, karz alan zadyňy berdirmek. ÜZÄRLIK [üzä:rlik], at. ösüml.d. Özboluşly ysly, ak gülli, togalajyk däneli otjumak derman ösümligi, ýüzärlik. ÜZEŇŇI [üzöňňü], at.1. At, eşek ýaly ulaglara aýagyňy basyp münmek we aýagyňy ildirip oturmak üçin eýere, gaňňa gaýyş arkaly berkidilýän demir halkaly esbap. Müngä bolmaz ýaz aýynda bakmasaň, Üzeňňiň üzüler gaýyş dakmasaň (Durdy Gylyç). 2. dokm. Gülä berkidilip, sallanyp duran, taranyň erşiniň arasyny iki taraplaýyn açmak üçin gezekli- gezegine basylýan iki sany halka ýüp. ◊ Üzeňňisinden üç geçmek birine ýaranjak bolup çalyşmak, biriniň öňünde ýaranjaňlyk edip hyzmat etmek, üçürdiklemek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling